logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝÜREKLERDE ÝAŞAÝAN KEŞPLER

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Maýa Weligylyjowa bilen aýdym sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Söhbetdeşligi “Halk saz gurallary” hünäriniň III ýyl talyby, Ýaş alymlar geňeşiniň ýanyndaky talyp döredijilik toparynyň agzasy Jennet Myradowa alyp bardy. Duşuşygymyzyň başynda Maýa Weligylyjowa özüniň döredijilik ýoluna gelişi barada gyzykly gürrüňleri berdi. Onda talyp ýaşlar dürli temalarda özlerini gyzyklandyrýan birnäçe soraglary berdiler. Maýa Weligylyjowa talyplaryň beren soraglaryna özüniň baý durmuş we döredijilik tejribesinden ugur alyp, birnäçe mysallaryň we tejribeleriň üsti bilen jogap berdi. Duşuşygyň dowamynda “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň II talyby Sahydursun Mätiýewanyň ýerine ýetiren birnäçe ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Soňra myhman talyp ýaşlara hünäriňiziň daşyndan döredijilik bilen meşgullanýanlaryňyz barmy diýen soragyna “Saz mugallymçylygy” hünäriniň II ýyl talyby Ýusup Meredow öz döreden goşgularyndan okap berdi. Maýa Weligylyjowa talyp ýaşlaryň hünärine bolan söýgüsini artdyrmak babatynda beren gymmatly maslahatlary has hem täsirli boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda beren gyzykly gürrüňleri we maslahatlary üçin konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplary tarapyndan myhmana hoşallyk sözleri aýdyldy.

Aýjahan ABALAKOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby