Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Dörtguly Ataýewiň hem-de Işanmuhammet Gündogdyýewiň bilelikde gurnamagynda konsert geçirildi.
Konsertiň başynda Dörtguly Ataýew, Işanmuhammet Gündogdyýew bilen bilelikde Türkmenistanyň halk artisti, “Gaýrat” medalynyň eýesi, 80-den gowrak aýdym-sazlaryň awtory Ata Ablyýewiň döreden “Ynamly” atly sazyny, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe beren, “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ada mynasyp bolan Begmyrat Gutlymyradowyň “Hatyra” atly sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dörtguly Ataýewiň ýerine ýetirmeginde döwrümiziň görnükli sazandalarynyň biri, okuw-usulyýet gollanmalaryny, ýygyndylaryny düzüp, saz muşdaklaryny begendirip gelýän Orazmyrat Annanepesowyñ “Arkadag” sazy ýaňlandy. Şeýle hem, ol Ç.Täçmämmedowyň “Awçy mukamy”, J.Hansähedowyň “Unutma”, Ý.Nurgeldiýewiň “Owazym” atly türkmen halk sazyny ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Işanmuhammet Gündogdyýewiň ýerine ýetiren “Kararym”, “Heserli”, “Nar agajy”, “Ýyldyz dagy” atly halk sazlary dinleýjileriň ruhuny baýlaşdyryp, ýüreklere ylham paýlady. Türkmen sazlary ýaşlaryň kalbynda sungata bolan söýgüni has-da artdyrdy.
Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.