logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝÜREKLERE ÝOL SALAN BAGŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegine hem-de dünýä ýaýylmagyna mynasyp goşant goşan halypalarymyza uly sarpa goýlup, ömri-döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly çäreler yzygiderli geçirilýär.
Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň at gazanan artisti hem-de Türkmenistanyň halk artisti Nabat Nurmuhammedowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, halypa bagşynyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Ýüreklere ýol salan bagşy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada bagşynyň ömri we döredijiligi baradaky çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary Spartak Atakowyň, Gülnabat Ahmedowanyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň dutarçylar ansamblynyň solisti Gurbangeldi Gurbanberdiýewiň, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň direktory Baýly Gurbangeldiýewiň, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli sazandasy Allamyrat Idrisowyň çykyşlary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olar «Galmanam», «Çykdym güller», «Gözliniň», «Tüni derýa», «Zülpüň seniň», «Ne bag duýdy, ne bagban» ýaly türkmen halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Garaşsyzlyk» atly aýdym dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Çynar GURBANOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni