logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýürekleriň buýsanjy – türkmen halysy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Ýürekleriň buýsanjy – türkmen halysy” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymdan gelýän gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen halysy barada çykyş etdiler. Ene-mamalarymyzyň döredijilikli zehininden, irginsiz zähmetinden kemala gelen türkmen halysynyň dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis sungatdygyny beýan etdiler. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köp asyrlyk taryhy, şöhratyny häzirki döwre çenli saklap gelşi, dokamak üçin ýüňleriň saýlanylyşy, boýaglaryň taýýarlanylyşy, türkmen tebigatyndan alnan nagyşlar barada gyzykly gürrüň berdiler. Halkymyzyň milli guwanjy bolan halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen- digini hem buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.