logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝURT BERKARAR ÝOLLAR ÝAGTY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylaryň güni mynasybetli gezelenç gurnaldy. Gezelenje harby we hukuk goraýjy işgärleri gatnaşdylar. Kitaphananyň döwrebap tekçelerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleri ýerleşdirildi. Kitaplarda Watanymyzyň ykbalyna dahylly pursatlaryň Watan ogullarynyň yhlasy bilen çuň mana beslenýändigi şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz Mertler Watany beýgeldýär kitabynda: «Watanymyzyň edermen gerçekleriniň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine wepaly, batyr hem-de gaýratly, döwrümiziň ylmy öňegidişliklerine eýermegi başarýan zehinli bolmaklaryny arzuw edýärin» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasata ýugrulan syýasaty Garaşsyzlygymyzyň datly miwelerine öwrülip, bu gün her bir türkmeniň bereketli ojagyna bagt eçilsin.