logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝURT BERKARARLYGYNYŇ GOŞA SÜTÜNI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda özüniň owadanlygy, arhitektura taýdan kämilligi bilen tapawutlanýan Konstitusiýa binasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýurt berkararlygynyň goşa sütüni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Kanunlaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olary döredijilik taýdan kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda alynyp barylýan işler barada täsirli söhbetler edildi.

Soňra kitaphana hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam eden söhbetdeşliklerinde hem Baýdak-döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň halkynyň bütewiliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslik. Konstitusiýa-döwletliligiň binýady, döwletde halk häkimiýetliliginiň halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepili. Ine bu iki gymmatlyk häzirki zaman dünýäsinde döwleti döwlet hökmünde öňe çykarýan iki sütün bolup durýanlygy barada hem gyzykly söhbetler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we mukaddes Türkmen Tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.