logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýurtlary ýakynlaşdyrýan medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şol hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany hökmünde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýa döwletine amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek bolar. Bu bolsa kitaphana işgärlerini has-da güýçli depginde işlemäge höweslendirdi. Şeýle taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda yzygiderli söhbetdeşlikler, maslahatlar geçirilýär. Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri hem gol çekilen Ähtnamadan ugur alyp, “Ýurtlary ýakynlaşdyrýan medeniýet” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini ösdürmekde, dostluk döwletleriň kitaphanalary bilen özara tejribe alyşmak, neşirleri gorap saklamak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döredilýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem kitaphana ulgamyny hem-de döwletler bilen halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.