logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝÜZ OKASAŇ-ÝAT, MÜŇ OKASAŇ-BINÝAT

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda 9-njy çagalar bakja bagynda «Ýüz okasaň-ýat, müň okasaň-binýat» atly göçme kitap sergi, gürrüňdeşlik geçirildi.

Kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biridir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nygtaýşy ýaly: «Kitap okan gullar magnydan dokdur». Ata-babalarymyz hem kitaba, kitap okana uly sarpa goýupdyrlar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem körpe ýaşly okyjylarymyzyň kitap okamaklyga bolan höweslerini artdyrmak, kitaphanaçylaryň asylly borçlarynyň birine öwrüldi. Bu işleri amala aşyrmak maksady bilen, mekdebe çenli çagalaryň arasynda birnäçe çäreleri guramak özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary özüniň dürli neşir önümleri bilen mekdebe çenli çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen tanyşdyryp geçdiler. Olar çagalara degişli bolan birnäçe eserleri okap berip, kitabyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çagalar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.