logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÝYLLAR BOÝY DUÝGULARYMY KÖKERIP» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY MÄMMET SEÝIDOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 100 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Arkadag» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Köňülleriň çyragy» atly gepleşiginde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap «Ýyllar boýy duýgularymy kökerip» atly söhbetdeşligi geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Ylham» seýilgähinde ussat şahyr Mämmet Seýidowyň heýkeli özüniň mynasyp ornuny tapdy. Bu hem onuň döredijiligine döwrüňdir, geljegiň goýýan uly hormatynyň nyşany. Türkmen şygryýetinde gaýtalanmajak zehinli şahyrlaryň biri Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi M.Seýidow öwüt-ündewe ýugrulan özboluşly, şahyrana dünýäsi bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda mekdeplik ýol goýup giden şahyr. Häzirki wagtda onuň kitaplary köpsanly nusgada hem-de ýokary hilli neşir edilip okyjylara ýetirilýär. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňleri etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy özüniň ajaýyp döredijilik eserleri bilen baýlaşdyryp, ebedileşdiren ýazyjy-şahyrlarymyza aýratyn hormat sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlaryny beýan etdiler.