logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY-BEÝIK IŞLERIŇ ZYBANY

Bedew batly, belent ösüşleri bilen gelýän ýyllary özüne mynasyp atlandyrmak biziň ýurdymyzda asylly däbe öwrüldi.Bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar.Bedew bady bilen başlanan ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”ýylyna şeýle şygaryň berilmegi bagtyýar halkymyz bilen birlikde biz medeniýet ulgamynda zähmet çekýän muzeý hünärmenlerini buýsandyryp bedew batly ösüşlere ruhlandyrdy.Şu günler ýylymyzyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäreler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde edaradyr-kärhanalarynda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň medeniýet ojaklarynda hem uly ruhubelentlikde geçirilýär.Şu gün 2026-njy ýylyň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan--bedew batly at-myradyň mekany”ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli,Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda ,,Behişdi bedew–Watanymyzyň täze belentliklerine tarap okgunly ösüşiň nyşany”atly dabaraly maslahat geçirildi.Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, muzeý hünärmenleri bilim we saglygy goraýyş işgärleri,talyp ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.Dabaraly maslahatda çykyş edenleriniň her biri bedew batly eşretli zamanany halkymyza bagyş eden, ýurdumyzda behişdi bedewlere aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sag bolsunlaryny beýan etdiler.


Jennet Myradowa

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody