logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY-DÖWRÜMIZIŇ ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Ýylymyzyň şygary-döwrümiziň çyragy» ady bilen Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ajaýyp däbe öwrülip, ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olar ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga, höwesini artdyrmaga ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýändigi, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO–nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy diýip çärede çykyş etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.