logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY–KALPLARYŇ NUR ÇYRAGY

Tämizligiň, kämilligiň keşbine girip, ýürekleriň ýaşaýşa bolan yşkyny dörüp gelýän ýyllar şirmaýy darak deýin günler bilen ykballary darap,ömürlere zynat berýär. Ösüşleri bedew batly, taryhy şöhratly, bagtyýar geljegi aýdyň eziz watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly belent ösüşleri rowaç menzilleri nazarlap gelýän ýyllary uly zähmet üstünlikleri garşy alýar. Bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu bagtyýar watanyň her bir bagtyýar raýatynyň göwün guşuny ganatlandyryp uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bedew bady bilen, behişdi bedewiň ady bilen başlanan ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň ilkinji günleri ýylymyzyň ajaýyp şygaryna bagyşlanan uly ruhybentlikde geçirilýän çäreler,gyzykly gezelençler,gurnalýan sergiler bilen utgaşýar.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gezelençde bolup, olar ýylymyzyň şygaryna bagyşlanan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen giňişleýin sergi bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergide ýerleşdirilen milli gymmatlyklarymyz, amaly-haşam sungatyna degişli bolan eserlerimiz, bedew atlarymyzyň bezeg şaý-şepleri ýerleşdirilen sergi talyplarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar sergi bilen tanyşlygyň ahyrynda ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen bagtyýar geljege alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Gülnur Pygamowa

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri