logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝYLYŇ-GÖRELDELI OKYJYSY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana we kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda “Ýylyň-göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi.

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr” diýen parasatly jümlelerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, kitap okamaklyga bolan söýgüni döretmek maksady bilen “Ýylyň-göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek bolup durýar. Bäsleşikde çykyş eden okyjylar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler we emin agzalar tarapyndan adalatly baha berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.