logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝYLYŇ ŞYGARY-DÖWRÜŇ AJAP ÇYRAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Ýylyň şygary-döwrüň ajap çyragy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň, täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamlylygynyň ajaýyp beýanydyr, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň miwesidir. Ahalteke bedewi ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. Halkymyzyň nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrmagy, üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip yglan edilmegi ahalteke atlarynyň ýurdumyzyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň bas nysanyna öwrülendigini subut edýär. Munuň özi täze ýylyň mazmunyny emele getirmek bilen, türkmen halkynyň durmuşynda bedewiň aýratyn orun eýeleýändigini dünýä jar edýär. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda eziz diýarymyzy bedew bady bilen öne alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.