logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝYLYŇ ÝUBILÝAR ÝAZYJY-ŞAHYRLARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynda «Ýylyň ýubilýar ýazyjy-şahyrlary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ýurdumyzyň görnükli ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi, halkyň jemgyýetçilik, ahlak we ruhy taýdan kemala gelmeginde möhüm ornunyň bardygyny, bu bolsa ýazyjy şahyrlaryň eserleri halkyň duýgularyny, düşünjelerini we öňe sürýän pikirlerini beýan etmek bilen, ýaşlaryň terbiýelenmegine, jemgyýetde has kämil nesiller bolup ýetişmegine giň ýol açýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda ýazyjy şahyrlaryň eserleri-bu halkyň ruhy dünýäsiniň, ýaşaýyş durmuşynyň, arzuw-islegleriniň hem-de taryhy tejribesiniň aýnasy bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.