logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Zehin joşguny

Türkmen sazlary, halk aýdymlary halkymyzyň milliligini aýdyň açyp görkezýär. Öýlerimiziň törüniň bezegi bolan dutaryň owazy toý-dabaralarymyzda belentden ýaňlanyp, adamlara ruhy lezzet paýlaýar. Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun aldy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän ýaş sazanda mugallymlaryň arasynda “Zehin joşguny” atly saz festiwaly geçirildi. Festiwalda halk aýdymlary, göwünleri galkyndyran mukamlar, dutaryň owazy belentden ýaňlandy.
Festiwalda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Meýlis Goçmyradow täsirli çykyş etdi. Soňra konsertde ýerine ýetirilmeli eserlere laýyklykda, Sapamyrat Amanmyradowyň, Amanlyk Amanlykowyň bilelikde sazandarlyk etmeginde türkmen halk aýdymlary ýaňlandy. Konsertiň dowamynda Ý.Nurymowyň “Watan saňa ýarasam”, türkmen halk aýdymlary “Biläni”, “Gözliniň”, “Ýow bagşy”, “Sowruldy”, “Sallançakly”, “Meşrep”, “Saryýa” ýokary derejede ýerine ýetirilip tomaşaçylara ruhy lezzet berdi.
Şeýle ajaýyp konsertleriň, festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesilleriň zehinlerini kämilleşdirmäge, sungata bolan höweslerini has-da artdyrmaga uly itergi berýär.

Ogulnur NAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň 5-nji ýyl talyby.