logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Zehinli çagalar” atly bäsleşikli gepleşik

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda, paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşikli gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň zehinli okuwçylary gatnaşdylar. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy.
Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.