Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat, matematika dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri, suratlar esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap geňeşligi tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.