logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ZEHINLI OKUWÇYLARYŇ DÖREDIJILIGINDE HALYPA ŞAHYR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, ýaňy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen «Zehinli okuwçylaryň döredijiliginde halypa şahyr» ady bilen, şahyr, ýazyjy, dramaturg Mämmetgurban Mämmetgurbanow bilen bilelikde edebi duşuşygyny geçirildi.

Bu duşuşygyň dowamynda şahyr, şygyr dünýäsine aralaşmagyň, döredijilik ýoluna gadam basmagyň, kitaplar bilen baglydygyny mysallar üsti bilen täsirli gürrüň berdi. Halypa şahyr Mämmätgurban Mämmetgurbanow özüniň ilkinji gezek okuwçy döwründe düzen goşgusyny okap berdi, hem öz gezeginde okuwçylara döredijilik ýolunda diňe türkmen ýazyjylary däl, eýsem daşary ýurt ýazyjylaryň edebiýatlaryny hem kitaphanalara baryp, okamagy tabşyrdy. Şahyr okuwçylara öz döredijiligi dogrusynda gyzykly hem täsirli gürrüň aýdyp berdi, şeýle-hem okuwçylar öz gezeginde, ýazan goşgularyny labyzly okap berdiler. Göçme kitap sergi duşuşyga gatnaşanlara uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda milli medeniýetimizi,sungatymyzy we edebiýatymyzy ýaş nesillere has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.