Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda zehinli ýaş zenan şahyry, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Gülşirin Hanowa bilen konserwatoriýamyzyň talyplarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi.
Gülşirin Hanowanyň döredýän goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Birnäçe goşgulary aýdyma öwrülip, ýurdumyzyň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şol ýerine ýetirilen aýdymlar bolsa halkyň söýgüsine mynasyp bolan aýdymlar hasaplanylýar.
Bu döredijilik duşuşygy «Sazşynaslyk» hünäriniň II ýyl talyby Gülnar Ataýewa alyp bardy. Duşuşygyň başynda Gülşirin Hanowa öz döredijilik ýoluna başlaýşy, halypalary baradaky ýatlamalary, goşgy düzüliş usullary, 2020-nji ýylda çap edilen «Uçup barýan ak durna» goşgular ýygyndysy barada gürrüň berdi. Soňra konserwatoriýamyzyň Saz mugallymçylygy hünäriniň II ýyl talyby Ýusup Meredow hem-de IV ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow, Kompozisiýa hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmyradowa öz düzen goşgularyny okap berdiler. Şahyr talyplara öz degerli maslahatlaryny berip, olara şygryýet we döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşyga gatnaşan talyp ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça şahyr Gülşirin Hanowa bilen sorag -jogap alyşmaklary duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Soňra zenan şahyrymyz talyplaryň islegi boýunça öz düzen «Aýal dogan», «Mähriban gyzym», «Eje» goşgularyny labyzly aýdyp berdi.
Geçirilen döredijilik duşuşygy talyplar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy alyndy. Duşuşygyň ahyrynda talyplar zenan şahyr Gülşirin Hanowa bilen ýadygärlik surata düşdiler.
Şahyr zenan Gülşirin Hanowa şu duşuşyga gatnaşany üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Jogapkärli işinde abraý, döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, mundan beýläk-de döredijilik galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw edýäris.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle döredijilik duşuşyklarydyr gyzgalaňly konsertleri geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmekligini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Ogulbeg Ýegenowa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby