Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli milli medeniýetimizi, sungatymyzy, Watanymyzyň gülläp ösüşini çeper wasp edýän zenan suratkeşleri ilhalar, ýokary çeperçilikli eserleri döretmäge höweslendirmek, olaryň döredijiligine mynasyp baha bermek we goldamak, şeýle hem, eziz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýurdumyzyň asudalygyny, ilimiziň abadançylygyny wasp etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen, ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň döredijilik eserlerinden düzülen «Zemin görki zenandyr!» atly sergi bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.
Bäsleşigiň esasy maksady, milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, türkmen medeniýetini, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleriň döredilmegini gazanmakdan hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň suratkeş zenanlarynyň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige zenan suratkeşler özleriniň ajaýyp eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Annabibi Islamowa «El torbalar» toplumy atly haly eserleri üçin, 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Aýjemal Çaryýewa «Asman peri» şaý-sepler toplumy zergärçilik işleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şasenem Kurbanowa «Pasyllar» atly nakgaşçylyk eserleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Maral Saryýewa «Monjuk atdy» nakgaşçylyk eseri üçin,. 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Aýna Adinowa «Milana» toplumy, «Wasilinyň portreti», «Ulýanyň portreti», «Süýjüliklerden düzülen natýurmort» akwarel işler toplumy üçin, Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Güljemal Myradowa «Oba durmuşy» atly nakgaşçylyk eseri üçin, Käkilik Sytdykowa «Tabak» keramika işler toplumy üçin, 3-nji orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Dilbar Umarowa «Gelinler» toplumy keramika işleri üçin, Gyzylarbat çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa «Kädiler toplumy» atly işleri üçin, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülälek Babakulowa «Milli lybaslar» toplumy el işleri üçin mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara höweslendiriji sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sergide zenan suratkeşleriň nepislik siňdirip döreden sungat eserleri sergä gatnaşyjylara baýramçylyk sowgady boldy. Sungat eserleriniň ählisinde zenan mähremligi, türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky gözelligi bilen zenan gözelliginiň sazlaşygy, zenanlaryň el işleri, zenan dünýäsiniň ähli gözellikleri hemmetaraplaýyn açylyp görkezildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar zenanlara çäksiz sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.
Ogulgurban GAŞLAKOWA
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni