logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZEMINIŇ GÖRKI SIZ, EZIZ ENELER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Zeminiň görki siz, eziz eneler» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Enä tagzym mukaddeslige tagzym» atly eseri biziň her birimiz üçin ajaýyp kitapdygy, çünki bu kitapda mähriban enelerimiz hakynda pähimli söhbet açylyp, ene iň eziz, iň mähriban ynsandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna, sekiz we ondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy mährem enelere, mährem zenanlara goýulýan sarpadan nyşan bolup durýandygy barada aýtdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda zenan mertebesini belentde saklaýan, enelerimize çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.