logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZEMINIŇ ÝARAŞYGY MÄHREM ENELER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zeminiň ýaraşygy mährem eneler» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler zenan - zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasy, ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenan bolup, zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşymyzy gözelleşdirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşgünine beslenmeginde zenanlarymyzyň mynasyp paýynyň bardygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.