logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZENAN DIÝMEK DÜNÝEDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan diýmek dünýedir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ene-mamalarymyz maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgüsini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyzyň, mylakatly, dilleri senaly enelerimiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyzyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Baýramçylyk çäräniň dowamynda gelin-gyzlary, ene-mamalarymyzy, Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan gelin-gyzlarymyzy, enelerimizi mukaddeslige deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.