Ýaz paslynyň gelmegi bilen, al-elwan gülleriň ysy baharyň bagtyýarlygyny buşlaýar. Tebigatyň janlanyp, dünýäniň gözellige beslenýän günlerinde 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi zenanlara goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sebäbi zenan zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasydyr. Ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenandyr. Zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşy gözelleşdirýär. Her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşginine beslenmeginde zenanyň mynasyp paýy bar. Şeýlelikde 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly sergisi açyldy. Serginiň çäginde gülleriň sergisiniň ýaýbaňlandyrylmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Şeýle-de türkmen ojagynyň bezegi bolan zenanlaryň el hünäri giňişleýin şöhlelendi. Sergide görkezilýän dürli reňkdäki ajaýyp güller hem-de täsin ösümlikler özboluşly gözellik döretdi. Owadan güller boýunça gurnalan sergi ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen sepgitleri görkezýär. Şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň ruhy-medeni däplere we gymmatlyklara sarpa goýulýanlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Maşgala ojagyny goraýjylar, çeper elli zenanlarymyz bolsa şol gymmatlyklary has-da baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji-hazynasydyr, deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr.
Sergide suratkeşler türkmen halkynyň däp-dessuryny, medeniýetini, gyzlaryň, zenanlaryň, eneleriň gözelligini wasp edýän iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam, külalçylyk ýaly sungat eserlerini halk köpçüligine ýetirildi. Serginiň esasy maksady ýaş nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny bezeg-amaly sungaty arkaly görkezmek we milli baýlygymyza öwrülen türkmen zenanlarynyň täsin ussatlygyny wasp etmekdir. Muzeýe gelen myhmanlar zähmetsöýerlik nusgasyny özünde jemleýän milli el işleri, şeýle-de türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, medeniýetini, sungatyny, eneleriň we zenanlaryň gözelligini, paýhasyny, gujur-gaýratyny, zenanlaryň owadan dünýäsini görkezýän eserler olaryň ünsüni özüne çekdi. Şeýle-de amaly-haşam sungatyna degişli lybaslaryň keşde bilen bezelen döwrebap görnüşleri sergä hasam öwüşgin atdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala mukaddesligini goramakda, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillere öwretmekde, her bir ugurda gazanylýan üstünliklere goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýän gelin-gyzlarymyzy, mähriban enelerimizi ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan ömürlere ömür goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwlet bähbitli her bir beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin.
Tawus GARAJAÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri