logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ZENAN EDEBI WE DÖWREBAPLYK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy,Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi şeýle hem, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Zenan edebi we döwrebaplyk» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramy,biziň ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten ýol-ýörelgeleri, olaryň ajaýyp däp-dessurlarynyň döwrebap berjaý edilişi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen zenanlarymyzyň eliniň çeperligi olaryň her bir işde mylaýym häsiýetlidigini nygtadylar.

Gelin-gyzlarymyzyň eliniň çeperligi hakynda söhbet edilende Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bize döredijilik mekdebi bolan el işleri hakynda hem çykyş edenler uly buýsanç bilen ýatlap geçdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.