logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE» ATLY WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň we zähmet çekýän zenanlaryň şeýle hem bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen «Zenan gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa zenan mugallymlary we talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler ruhy we maddy gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlar, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri, jenaýatçylygyň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, müňýyllyklardan gelip ýeten türkmen zenanlarynyň el işleriniň häsiýetli aýratynlyklary, türkmen zenanynyň maşgaladaky orny barada terbiýeçilik ähmiýetli manyly gürrüňleri berdiler.

Maslahatyñ ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby