logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ZENAN KEŞBI TEATR SUNGATYNDA

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden toýlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygarly ajaýyp ýylymyzyň bahar aýynda bellenilip geçilýän Halkara Zenanlar gününe bagyşlanyp, mart aýynyň 5-8-izi aralygynda, ýurdumyzyň teatrlarynda «Teatr sungatynda zenanlaryň çeper keşbi» atly sahna oýunlarynyň görkezilişi geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda Gender deňligini üpjün etmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini kanun tarapdan berkitmek boýunça geçirilýän işler giňden dabaralanýar. Munuň özi zenanlaryň syýasy-ykdysady, durmuş we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn ösüşleri gazanmagy, zenanlaryň we çagalaryň goraglylygyny barha berkitmegi, maşgala mukaddesligi kämilleşdirmekligi, eneligi we çagalygy goramagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Şundan ugur alyp, teatrlarda merdana zenanlaryň çeper keşpleri janlandyrylýar. Elbetde, şeýle eserleri döretmegiň maksady, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş berýän ajaýyp eserleri milli ruhumyzyň gaýmagyna öwrülip täze döredijilik başlangyçlary esasynda, medeniýetimizi gülläp ösdürmekde, şonuň bilen birlikde sahna hem-de kino sungatynda zenan keşplerini döretmekde ylham çeşmesine öwrülýär. Şundan ugur alnyp, bu bäsleşigiň maksady Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly we beýleki nusgalyk kitaplarynda beýan edilýän, şeýle hem milli el işleriniň, gölleriň, nagyşlaryň döreýşi bilen bagly rowaýatlary, tymsallary, hekaýatlary sahna eseriniň üsti bilen giňden şöhlelendirýän, taryhy zenan şahsyýetlerimiziň şöhratyny dabaralandyrýan, dessanlarymyzda we şadessanlarymyzda zenan mertebesini belende göterýän wakalary, müňýyllyklaryň dowamynda milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirip gelýän enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň watansöýüjilik, pähim-paýhas, salyhatlylyk, ak ýüreklilik, gaýratlylyk, wepadarlyk, mertlik, ar-namyslylyk, mylaýymlyk, merdana atalarymyzyň nurana ruhlaryna ygrarly nesli ýetişdirmek ýaly ajaýyp häsiýetlerini wasp etmekden ybaratdyr.

Halkara zenanlar güni mynasybetli sahna oýunlarynyň görkezilişi şanly ýylymyzyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Ömür daragty» atly sahna oýny bilen başlandy. Bu dramanyň mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky Derek agajy baradaky täsin wakaly rowaýatyň esasynda döredildi. Eserde ýagşy adamlara mahsus bolan watanperwerlik, maşgala wepalylygy, perzende söýgi dabaralanýar. Eserde Şazadanyň aýaly Perizat perzendi bolmaýandygy sebäpli, adamsynyň öňünde özüni ýazykly saýýar. Şoňa görä ol Şazada üçin mynasyp gelinlik agtaryp, oba-kentlere aýlanýar. Ahyry çarwa oguz beginiň at üstünde gezip ýören beg merdana gyzyny gelinlik saýlaýar. Kiçigyzy köşge getirilip, ýörite köşk terbiýesi berilýär. Şazada Perizadyň hyzmatyndan hoşal bolýar. Ýöne sahna eserinde waka munuň bilen tamamlanmaýar. Ykbal olary ýene-de synaga salýar. Şazadanyň soňky aýaly Kiçigyz ýarawsyzlyk tapynyp, dünýesini täzeleýär. Ogul perzendi şa zenany Perizat terbiýelemeli bolýar. Oguz köşgünde terbiýelenen ogul watanperwer, merdana belent adamkärçilikli beg bolup ýetişýär.

Baýramçylyk günlerinde mundan başga-da, Baş akademiki drama teatryndan M.Myşşyýewiň «Gelin gelýär», T.Hojakgäýewiň «Wah siz aýallar», belli azerbaýjan dramaturgy U.Gajybekowyň «Är we aýal» atly drama eserleri görkeziler. Bu sahna eserlerinde mähriban enelere, ähli gelin-gyzlara çuňňur sylag-sarpa goýmak, mähirli, mylaýym, halal, päkize, sabyrly hem kanagatly zenanlaryň adamzadyň guwanjy hem buýsanjy saýmagyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ruhy ýörelgedigi giňden dabaralandyrylýar. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry baýramçylyk günlerinde öz tomaşaçylaryna belli tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan, «Hüwdi» atly sahna oýnuny hem-de «Gülüň, gülüň, gülkiňizden gözleriňiz ýaşarsyn!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşany hödürleýär. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň ähli halklarynda ene hüwdüsi çaganyň dünýä gelip, ilkinji eşidýän aýdymy. Hüwdiniň owazyna enäniň mähri, ýaşaýşa söýgi siňipdir. Sahnada gyzykly wakalaryň üsti bilen maşgalada kämil perzendiň kemala gelmeginde ene hüwdisiniň orny wasp edilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň Ö.Öwezowyň «Dünýäniň görki zenanlar» atly sahna oýnunda hem-de «Zenan – zeminiň görki» atly aýdym-sazly tomaşa-da kämil jemgyýetimizde zenana goýulýan hormat giňden wasp edilýär. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baýramçylyk günlerinde çagalar üçin ýörite sahnalaşdyran A.Rahmanowyň «Enä söýgi», «Jüýteniň toýy» hem-de iňlis dramaturgy Jozef Redýard Kiplingiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Maugli» atly gurjak oýunlarynda çagalaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgala terbiýesiniň, enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýaşlaryň parasatly pederlerimiziň nurana ruhlaryna ygrarlylygy çeper sahna wakalarynyň üsti bilen tekrarlanýar.

Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eseriniň 6-njy sahypasynda: «Dünýäde meşhur şahsyýetleriň, beýik ynsanlaryň durmuşy dogrusynda dowamata öwrülýän öwütleriň, pentleriň ençemesi taryhdan bellidir. Şolaryň ählisinde bar bolan özara meňzeşlik, mahsuslyk bolsa, enä bolan söýgi diýilse, hemmeler munuň bilen ylalaşarlar» – diýip parasatlylyk bilen belleýär. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda görkeziljek «Ene sargydy», «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýunlarynda enä söýgi dabaralanýar. Teatr muşdaklary ajaýyp baýramçylyk günlerinde A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Ene» hem-de amerikan dramaturgy Jon Patrigiň «Pamela üçin ýanýoldaş», azerbaýjan dramaturgy U.Gajybekowyň «Arşyn mal alan» eserlerine tomaşa edip bilerler. Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde milli agzybirligimizi, mizemez jebisligimizi barha berkitmekde, ösüp gelýän nesillerimizde halkymyzyň at-abraýyny we mertebesini ýokary göterip gelýän watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk häsiýetleri terbiýelemekde zenanlarymyzyň nusgalyk göreldesi hem-de hyzmaty örän uludyr. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda baýramçylyk mynasybetli tomaşaçylara hödürlenýän K.Gurbannepesowyň «Gumly gelin» hem-de G.Kakabaýewiň «Syrly sandyk» eserlerinde nesil terbiýesinde zenan göreldesiniň ähmiýeti gyzykly wakalaryň üsti bilen wagyz edilýär.

Baýramçylyk günlerinde welaýat teatrlary hem sungat muşdaklaryna gapylaryna giňden açarlar. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda, N.Rejebowyň «Dessembil», Ö.Galandarowyň «Yşgymyň ykrary sen», Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, dramaturg M.Ömüriň «Synag», G.Daňatarowyň «Ejekejan», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, S.Ahmedowyň «Gelinler», azerbaýjan dramaturgy N.Musazadeniň «Gaýyn ene», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda, N.Rejebowyň «Biz öýlenmäge taýýar», özbek ýazyjysy we dramaturgy N.Abbashanyň «Körpe gelin» atly sahna oýunlary görkeziler.

Ýakymlylygy, ajaýyplylygy bilen ynsan köňüllerine ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynda giň gerimde toýlanýan, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň tomaşaçylara hödürleýän sahna eserleri, mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza, eziz uýalarymyza medeniýet we sungat işgärleriniň özboluşly sowgadydyr.

Agamyrat BALTAÝEW,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy