logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZENAN MUGALLYMLARYŇ WE TALYPLARYŇ DÖREDIJILIK SERGISI GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem BMG-niň beýleki gyzyklanma bildirýän agza ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmek göz öňünde tutuldy. Şu möhüm halkara forumyna taýýarlyk işleri häzirki wagtda giň gerimde alnyp barylýar. Bäş gün dowam etjek forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu gün çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriljek foruma bagyşlanyp, Ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň, zenan mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Sergide türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygyny, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milliligimizi ýaşlara görkezildi.

Tawus GARAJAÝEWA

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri