logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZENAN PAÝHASYNYŇ DABARALANMASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Merkezi Ylmy kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde, tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. «Ygrarlylykdan özgerişe tarap: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň Hereketler Maksatnamasyny öňe sürýän zenanlar» atly ýolbaşçy zenanlaryň forumy we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde, sebit we ählumumy derejede durnuklulygyň üpjün edilmeginde, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegini şertlendirýän syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer işlere goşant goşmakda zenanlaryň tagallalarynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň we goldanylýandygynyň aýdyň nyşany hökmünde netijeli häsiýete eýe. Bular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşan zenanlar buýsançly gürrüňleri berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarynda mynasyp zähmet çekmeklerine giň şert mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlary beýan etdiler.