logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ZENAN WE DÖWÜR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Zenan we döwür» atly gepleşigini ýazgy etdi. Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzda giňden bellenilýän türkmen halysynyň milli baýramynyň toýlanylyşy we nepis el halylarymyzyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň sanawyna görnükli orun almagynda döwletimizde alynyp barylýan tutumly işler barada gürrüňler diňlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly gymmatly kitaplaryndan nepis halylarymyzyň şöhratly taryhy ýollary barada hem söhbetler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenan sarpasyny mertebeläýän, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.