logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZENAN ZEMIN ZYNATY

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki iňlis dilini öwrenmeklige ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde Halkara zenanlar gününe bagyşlap «Zenan zemin zynaty» atly edebi-sazly ertirlik geçirdi.

Watana söýgi öý-ojakdan gözbaş alýar. Zenanlar mukaddes ojagyň eýesi maşgalanyň sütüni hökmünde ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýärler. Munuň şeýledigine olaryň perzentlerine aýdýan hüwdi setirlerini diňläniňde has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Setirlerde perzendiň edep-ekramly, hünärli bolmagy, edermen, batyr bolup ýetişmegi baradaky arzuw-umytlar çeper hem şeker ene dilimiziň üsti bilen täsirli beýan edilýär.

Kitaphana hünärmeni öz gezeginde zenanlar güni bilen gutlap şahyr Nury Baýramowyň gelin-gyzlarymyzy wasp edýän goşgusyndan okap, türkmen halkynyň gelin-gyzlary nusgawy türkmen edep-terbiýesiniň asyl köklerine mahsus terbiýäni muňýyllyklaryň iginden geçirip, şu günlere ýetirmegi başaran mähribanlarydygy hakynda tasirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem, dabaraly çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Hezretaly Aşyrow zenanlarymyzy, ak gyňaçly enelerimizi, güler ýüzli gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar bilen çykyş edip göwnüni göterdi. Parahat, asuda ýurdumyzda uludan tutulýan baharyň, bagtyýarlygyň, mähribanlygyň, toýy bilen ýurdumyzyň ähli zenanlaryny tüýs ýürekden gutlaýarys.

Olaryň ojaklary döwletli, sallançaklary batly, durmuşy bagtly bolsun! Çäräniň ahyrynda alkyş sözleri aýdyldy. Bize döwletli döwrany bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent baslary aman bolsun!