logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZENAN ZEMINIŇ ZYNATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Berkararlyk etrap häkimliginiň, etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda «Zenan zeminiň zynaty» ady bilen 14-nji saglyk öýünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hormat- sarpany häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň ýokary jemgyýetçilik syýasy mertebä eýe bolmagynda, olaryň durmuşyň ähli ugurlarynda deň derejede işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan kadalaryň Esasy Kanunymyzda we beýleki hukuk namalarda görmek bolýandygyny, şunuň bilen baglylykda, gender deňliginiň üpjün edilmegi, maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.