logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ZENAN-ZEMINIŇ ZYNATY

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat, sarpa döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen merdana zenanlarymyzyň çekýän asylly zähmetlerini göz öňünde tutup «Zenan kalby» ordeni hem-de hormatly atlaryň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» medalynyň gowşurylmagy, şeýle-de olara täze döwrebap gurulýan jaýlaryň açarlaryň gowşurylmagy, gyz-gelinlerimize pul sowgatlarynyň berilmegi zenan mertebesiniň has-da belentdedigini görkezýär.

Türkmen zenanlary milli gymmatlyklarymyzy, medeni-ruhy mirasymyzyň köp sanlysyny döretmek bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşýarlar. Şol milli gymmatlyklaryň köpüsi biziň günlerimizde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir. Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Zenan-zeminiň zynaty» atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide goýulan milli gymmatlyklarymyzyň aňladýan many-mazmuny, zenan ellerinden dörän haly we haly önümleri, kilim-palaslar, milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary, keşdedir-nagyşlaryň taryhy gelip çykyşy we gaýtalanmaýan owadanlyga eýe bolan şaý-seplerimiz barada gyzykly gürrüňler edildi. Sergidäki görkezilýän milli gymmatlyklarymyz özüniň köp öwüşgünligi, biziň günlerimizde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilişi, ýaş nesillerimize öwredilişi, durmuşda zenan sarpasy, mertebesi, maşgala mukaddesligi we olara döwletimiz tarapyndan çekýän asylly zähmetleri üçin berilýän hormatly atlar, döwlet sylaglarynyň ähmiýetleri barada durulyp geçildi.

Sergide Lebaply suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň bahar paslyny we gelin-gyzlarymyzy wasp edip çeken surat nakgaş eserleri, bezeg küýzeleri, heýkelleri we el işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda giňden tanalýan heýkeltaraşlar B.Annamyradowyň «Bahar», S.Babaýewiň «Duşuşyk», H.Atajanowyň «Pagtaçy gyz», «Sagymçy zenan», «Ene mähri», D.Umarowanyň «Alaja», «Bagşy zenan» ýaly heýkelleri, suratkeşler H.Allaşükürowyň «Bägüller», M.Amanowanyň «Güller», A.Hudaýberdiýewanyň «Çigildem», H.Nabiýewanyň «Daýahatyn», A.Nuryýewanyň «Ene dogasy» ýaly nakgaş eserleri, tanymal senetkär mugallym O.Öräýewanyň milli nagyşlar bilen owadan edip çeken bezeg okaralary, sandyklary, kädiniň ýüzüne çeken gelinleriniň özboluşly owadan görnüşleri, dekoratiw küýzeler görkezildi. Watanymyzyň ösüşlerini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde olary milli ruhda terbiýelemekde, zenanlarymyza uly sarpa we hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys!

Ogulgerek AGAJANOWA
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri