logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZENANLAR DIALOGY–ZEMINIŇ DIALOGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Zenanlar dialogy–zeminiň dialogy» atly söhbetdeşlik ýazgy etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdymyzda zenan sarpasynyň mertebelenişi dogrusynda we zenanlaryň hem jemgyýetimizdäki eýeleýän mynasyp orny barada täsirli söhbetler beýan edildi. Şu ýylyň 4-8 nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bilen ugurdaşlykda «Ygrarlylykdan özgerişe tarap: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň Hereketler maksatnamasyny öňe sürýän zenanlar» atly zenan ýolbaşçylarynyň forumynyň guraljakdygy bolsa zenanlaryň bu günki gün halkara derejesindäki meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýandygyny görkezýändigi barada aýratyn täsirli söhbetler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda zenan mertebesini dünýä derejesinde belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.