logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«ZENANLAR ÝEŇIŞLI ÝOLLARYŇ ÝARANY» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY

«ZENANLAR ÝEŇIŞLI ÝOLLARYŇ ÝARANY» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde «Halkara zenanlar güni» mynasybetli welaýatymyzda dürli çärelere giň gerim berilýär. Şeýle çäreleriň biri «Zenanlar ýeňişli ýollaryň ýarany» ady bilen geçirildi. Bu täsirli geçen çärä kümüş saçly eneler, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik işgärleri hem-de Türkmenabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, merdana pederlerimiziň şöhratly ýoly bilen tanyşdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik ýörelgelerine wepalylyk häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen, geçirilen bu çäre dabara gatnaşyjylarda aýratyn uly täsirler galdyrdy.

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde Berkarar döwletimize, merdana halkymyza, ene topragymyza söýgi döretmek, mertlik gaýduwsyzlyk, ýaşyl Tugumyza wepalylyk häsiýetlerini kemala getirmek maksady bilen bu ýerde geçirilýän çäreler beýik Watançylyk urşy muzeýiniň agzybir işgärleriniň tutanýerli zähmetiniň ýerine düşýändiginiň subutnamalarydyr.