logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ZENANLARYŇ WE ÇAGALARYŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYGY

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gaznanyň çagalaryň saglygyny goramaga we olaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işine ýokary baha berdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri BMG-niň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny we gurama bilen jemgyýetiň durmuşynyň ähli esasy ulgamlaryny öz içine alýan netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, BMG-niň hut şu meseleler boýunça işleýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahatda degişli resminama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrar.


«Türkmenistan» gazeti