logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik guraldy. Gepleşikde çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy okuw sapagynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Milli Liderimiziň ýiti paýhasynyň, durmuş tejribesiniň halkymyzy, ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýandygy baradaky söhbetler hem gepleşigiň özenini düzdi. Oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň edepterbiýesi, maşgala gymmatlyklary, milli mirasymyz, beýik şahsyýetlerimiz barada hem durup geçip, alym Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda sözlän sözlerini uly buýsanç bilen nygtadylar. Iň gymmatly mirasyň terbiýedigini bellediler.

Milli Liderimiziň milli edep-terbiýämizde halkymyzyň ynsanperwerlik, päklik, ruhubelentlik, kiçi göwünlilik, mertlik, dogry sözlülik ýaly ahlak gymmatlyklarynyň jemlenendigini hem-de zähmet terbiýesine aýratyn üns berlendigini ýaşlara aýtmagy, türkmen halkynyň köp müňýyllyk baý taryhynda milli gymmatlyklarymyzy, ýörelgelerimizi gorap saklamakda hem-de nesilden-nesle geçirmekde zenanlarymyzyň eýeleýän ornunyň uludygyna şaýatlyk edýär.

Zenan eli degen her bir işde ajaýyp bir nepislik, gaýtalanmajak gözellik we ýylylyk bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli zähmeti, el hünäri milli medeniýetimiziň bezegidir. Inňä sapak ötürilip, mata geçirilen her bir ilme, haly çitimlerine siňdirilen her bir hyýal – bu diňe bir zähmet däl, eýsem, hakyky sungatdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň elinden çykan keteni köýnekler, begresler, nepis keşdelenen ýakalar hem-de gözüňi dokundyrýan halylar dünýä medeniýetinde özüne mynasyp orun eýeleýär.

Enelerimiziň gyzlaryna, mamalarymyzyň agtyklaryna öwredýän el hünäri terbiýe mekdebi bolup durýar. Türkmen zenany eline inňe-sapak alanda diňe bir bezeg döretmän, eýsem, öz ýürek mährini, arzuw-umytlaryny siňdirýär. Keşdedäki her bir nagyş özüne mahsus mana eýe. Şonuň üçin hem zenan yhlasyndan döreýän her bir iş özboluşly bir nepislikdir.

Zenanlaryň yhlasy hem-de döredijilik zehini milli sungatymyzy baýlaşdyrýan tükeniksiz çeşmedir. Olaryň nepis el işleri öýlerimize ýylylyk, köňüllerimize bolsa buýsanç paýlaýar. Bu gepleşik Arkadag teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.