TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny
goramak, äkitmek we getirmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 58-nji madda)
(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 662-V Kanuny esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagy, aýawly saklanylmagy, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy, äkidilmegi we getirilmegi çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär, türkmen halkynyň öz milli-medeni özboluşlylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge bolan hukugyny üpjün edýär, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda gatnaşyklary belleýär, olaryň bikanun äkidilmeginden, getirilmeginden we olara bolan eýeçilik hukugynyň berilmeginden goramaga gönükdirilendir we halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige ýardam etmäge niýetlenendir.
I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary düşünjesi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary diýlip, öz niýetlenilişi we tebigaty boýunça jemgyýetçilik-adamzat işiniň elli we ondan hem köp ýyl ozal döredilen gozgalýan maddy eserlerine we uly medeni gymmata eýe bolan beýleki serişdelere, hususan-da, etniki, arheologiki, taryhy, çeperçilik, ylmy, tehniki, dini we gaýry babatdaky serişdelere, şeýle hem türkmen halkynyň durmuşynyň umumy we özboluşly wakalaryny häsiýetlendirýän görnüşlere düşünilýär. Taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy mundan elli ýyldan bärde döredilen, uly medeni gymmata eýe bolan ajaýyp eser hem bolup biler.
Şu Kanunyň hereketi häzirki zaman sowgatlyk önümlerine, önümçiligiň tapgyrlaýyn we köpçülikleýin medeni maksatly serişdelerine degişli däldir.
2-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň görnüşleri
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary şu görnüşlere bölünýär:
1) taryhy – türkmen halkynyň durmuşyndaky taryhy wakalar, jemgyýetiň we döwletiň ösüşi, ylmyň we tehnikanyň taryhy bilen baglanyşykly, şeýle hem meşhur şahsyýetleriň (döwlet, syýasy, jemgyýetçilik işgärleriniň, akyldarlaryň, ylmyň, edebiýatyň, sungatyň wekilleriniň) durmuşyna we döredijiligine degişli bolan serişdeler;
2) arheologiki – arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan artefaktlar;
3) çeperçilik – sungat eserleri, şol sanda: islendik esasdaky we islendik materiallardan bolan tutuşlygyna el işiniň şekilleri we suratlary; islendik materiallardan bolan hakyky heýkeltaraşlyk önümleri, şol sanda güberçek nagyşlar; islendik materiallardan bolan hakyky çeperçilik kompozisiýalar we gurnama işleri; dini maksatly çeperçilik taýdan taýýarlanan serişdeler; haşamly şekiller, estamplar, litografiýalar we olaryň hakyky çap edilen görnüşleri; amaly-haşam sungatynyň eserleri, şol sanda elde dokalan gadymy halylar we haly önümleri, keçeler, aýnadan, keramikadan, agaçdan, metaldan, süňkden, matadan we beýleki materiallardan bolan çeperçilik önümleri; nusgawy halk çeperçilik senediniň önümleri, gadymy nagyşlary saklanyp galan keşdeler; taryhy-binagärlik desgalarynyň we monumental sungatyň ýadygärlikleriniň düzüm bölekleri we galyndylary;
4) bibliografiki – aýratynlykda ýa-da toplamalarda bolan, aýratyn gyzyklanma bildirilýän (taryhy, çeper, ylmy we edebi) gadymy kitaplar, neşirler; seýrek golýazmalar we hakyky ýadygärlikler; awtograflar, arhiw resminamalary, şol sanda surat-, ses-, kino-, wideoarhiwler;
5) filatelistiki – aýratynlykda ýa-da toplamalarda bolan poçta markalary, beýleki materiallar;
6) numizmatiki – gadymy şaýy pullar, ordenler, medallar, möhürler we toplanylýan beýleki serişdeler;
7) etnografiki – ýaşaýyş durmuşynyň gadymy gurallary, milli altyn-kümüş şaý-sepleri, ýaraglar, zähmet gurallary, täsin we seýrek saz gurallary we beýleki serişdeler.
3-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
II bölüm. MILLI TARYHY MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY GORAMAK
4-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goragyny kesgitlemek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak şu Kanuna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmaga, aýap saklamaga, peýdalanmaga we ýaýratmaga, şeýle hem döwlet tarapyndan goramaga gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, maliýe, maglumat, maddy-tehniki we döwlet tarapyndan kabul edilýän beýleki çäreleriň ulgamy hökmünde kesgitlenýär.
I BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY GORAMAK
BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
5-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-öziňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagy babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) döwlet eýeçiliginde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik edýär, peýdalanýar we dolandyrýar;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň ýörite döwlet maksatnamalaryny kabul edýär;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik etmegiň, peýdalanmagyň we dolandyrmagyň kadalaryny we düzgünlerini belleýär;
5) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmagyň, döwlet tarapyndan hasaba almagyň, barlaglary geçirmegiň, ýapyp goýmagyň, durkuny dikeltmegiň, saklamagyň, başdaky görnüşe getirmegiň, muzeýleşdirmegiň, wagyz etmegiň, peýdalanmagyň tertibini belleýär;
6) muzeýleri döretmegiň we toplamalary saklamagyň tertibini kesgitleýär;
7) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagy babatda ygtyýarly edaranyň ygtyýarlygy
Ygtyýarly edara:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň ýörite döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagynyň, aýap saklanylmagynyň, goralmagynyň, peýdalanylmagynyň we ýaýradylmagynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, arhiwleriň, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýar;
3) Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibini belleýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz garamagyndaky çäklerde we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak barada Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini üpjün edýärler;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagyna, döwlet tarapyndan hasaba alynmagyna, aýap saklanylmagyna, goralmagyna, durkunyň dikeldilmegine we peýdalanylmagyna ýardam berýärler;
3) degişli çäkleri ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek maksady bilen ýerli ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny, aýap saklanylmagyny, goralmagyny we durkunyň dikeldilmegini guramak boýunça çäreleri göz öňünde tutýarlar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
9-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmekde ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşmagy
Ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri we muzeýler:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmaklyga gatnaşýarlar, olary öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýärler;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýaýratmak işlerini geçirýärler;
3) ylmy barlaglaryň meýilnamalarynda we okuw maksatnamalarynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagynyň meselelerini öwrenmegi we okatmagy göz öňünde tutýarlar;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylmy taýdan maslahatlary berýärler;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirýärler.
10-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmekde jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy
II BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNYŇ
DÖWLET TARAPYNDAN GORALYŞY
11-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan goralmagyny üpjün etmek
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi üçin döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy;
2) taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almaklygy amala aşyrmak we Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyny ýöretmek;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň geçirilmegi;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýyna we olaryň toplamalaryna gözegçiligiň amala aşyrylmagy;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreleriň kabul edilmegi arkaly üpjün edilýär.
12-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almak
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Bu edaralar Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilmegi üçin özlerinde milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklary barada bar bolan zerur maglumatlary ygtyýarly edara bermäge borçludyrlar.
13-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwletiň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýawhanalarynda saklamak we toplamak
14-nji madda. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny saklamak
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gorag dessurynyň berjaý edilişine gözegçiligi;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň söwdasyna, olaryň Türkmenistana getirilişine we Türkmenistandan äkidilişine gözegçiligi;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýapyp goýulmagynyň, durkunyň dikeldilmeginiň, öwrenilmeginiň maliýeleşdirilmegini, şeýle hem gorag serişdeleriniň enjamlaşdyrylmagyny hem-de sergilerde görkezilmegini;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň awtorlygy anyklananda, ýagdaýyna baha berlende, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny aýap saklamak, ylmy taýdan tükellemek, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny we olaryň toplamalaryny ylmy taýdan öwrenmek üçin zerur bolan serişdeler babatynda hünär taýdan mugt maslahatlary bermegi;
5) şeýle hem, ýitirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gözlegine gatnaşmagy amala aşyrýar.
15-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýyna gözegçiligi guramak
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MILLI TARYHY-MEDENI
MIRASYNYŇ GOZGALýAN GYMMATLYKLARYNYŇ
DÖWLET SANAWY
16-njy madda. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawy düşünjesi
17-nji madda. Sanawyň ýöredilmegi
Resminamalaryň sanawy, olary alyp barmagyň görnüşleri, hasaba alyş resminamalaryny doldurmak boýunça hödürnamalar ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanýar. Görkezilen resminamalar Sanawyň düzüm bölegi hasaplanýar we möhletsiz saklanmaga degişlidir.
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň bellige alnan belgisi;
2) Sanawa girizmek üçin serişdeleri hödürleýän gurama barada maglumatlar;
3) milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmek üçin kesgitlenen resminamanyň belgisi we senesi;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň görnüşi;
5) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň ady;
6) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň emele gelen wagty ýa-da döredilen senesi, taryhy-medeni gymmatlyk bolup durýan serişdäniň we (ýa-da) onuň bilen bagly taryhy wakalardaky esasy üýtgeşmeleriň senesi;
7) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň alnan senesi;
8) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň ýerleşýän ýeri;
9) onuň milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň (ýa-da toplamalaryň) Sanawyna girizilmegi üçin esas bolup hyzmat eden we üýtgetmeklige degişli bolmadyk aýratynlyklarynyň beýany.
18-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny Sanawa girizmegiň tertibi
19-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň pasporty
20-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmak
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmak ygtyýarly edara tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň bu gozgalýan gymmatlygyň fiziki durkuny doly ýitirendigini ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy hökmünde öz gymmatyny ýitirendigini kesgitleýän netijenamasy esasynda amala aşyrylýar.
IV BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNYŇ DÖWLET
TARYHY-MEDENI BILERMENLER SELJERMESI
21-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň maksatlary
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmegi esaslandyrmak;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň görnüşini kesgitlemek;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmak.
22-nji madda. Bilermenler seljermesini geçirmegiň ýörelgeleri
Bilermenler seljermesi şu ýörelgeleriň esasynda geçirilýär:
1) ylmy taýdan esaslandyrylmagy, hakykylygy we kanunalaýyklygy;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň islendik bellenen hojalyk işinde aýap saklanylyşynyň dogry hasaplanmagy;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy babatda howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmegi;
4) gyzyklanma bildirýän şahsyň Bilermenler seljermesine berýän habarlarynyň ygtybarly we doly bolmagy;
5) Bilermenleriň garaşsyzlygy;
6) aç-açanlyk.
23-nji madda. Bilermenler seljermesiniň serişdeleri
Bilermenler seljermesiniň serişdeleri şular hasaplanýar:
1) şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň alamatlaryna eýe bolan serişdeler;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmekligi esaslandyrýan resminamalar;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmaklygy esaslandyrýan resminamalar;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny gorap saklamak boýunça durkuny dikeldiş işlerini geçirmekligi esaslandyrýan resminamalar.
24-nji madda. Bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi
Bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi, bilermenler hökmünde işe çekilip bilinjek ýuridik we fiziki şahslary kesgitlemeklige talaplar, bilermenlere berilýän resminamalaryň sanawy, olara garamagyň tertibi, bu Bilermenler seljermesiniň çäklerinde beýleki barlaglary geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
25-nji madda. Bilermenler seljermesiniň netijenamasy
V BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY SAKLAMAK
26-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny saklamak boýunça çäreler
Durkuny dikeldiş işleriniň ähli görnüşleri olaryň möçberine, häsiýetine we wezipelerine garamazdan diňe hünärmenleriň ylmy hödürnamalary esasynda geçirilip bilner we durkuny dikeldiş resminamalaryny düzmek we dikeldiş işleriniň tapgyrlaryny surata almak bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr.
27-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň durkuny dikeltmek işi amala aşyrylanda onuň goraglylygy üçin jogapkärçilik
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň durkuny dikeltmek işleri amala aşyrylýan döwründe onuň goraglylygy üçin jogapkärçiligi durkuny dikeldiş işlerini geçiriji çekýär.
VI BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNA EÝEÇILIK
ETMEGIŇ WE PEÝDALANMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY
28-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik etmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklary
29-njy madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmaga hukugyň we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmaga hukugyň emele gelmegine esaslar
Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmak hukugy we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmaga hukuk:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň eýesi üçin – olara bolan eýeçilik hukugyndan;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň eýesi hasaplanmaýan şahs (peýdalanyjy) üçin – döwlet edaralarynyň namalaryndan, şertnamalardan, kazyýet çözgütlerinden, şeýle hem Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslardan emele gelýär.
30-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik edýänleriň borçlary
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik edýänler olary gorap saklamak boýunça işleri amala aşyrýarlar we aşakdakylara borçlanýarlar:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goragly saklanylmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ygtyýarly edarada bellige aldyrmaga;
3) olara bolan eýeçilik hukugynyň üýtgemeginiň göz öňünde tutulýandygy ýa-da amala aşyrylandygy barada ygtyýarly edara habar bermäge;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň durkuny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi ygtyýarly edara bilen ylalaşmaga.
31-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna döwlet eýeçiligi
32-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugyny we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugyny mejbury çäklendirmek üçin esaslar
Şu Kanunyň talaplary bozulan ýagdaýynda Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy ýa-da ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy bu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny goramagy, aýap saklamagy, peýdalanmagy we ýaýratmagy üpjün etmek üçin zerur bolan çäklerde mejbury çäklendirilip bilner.
33-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan ýa-da ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanylanda mejbury çäklendirmek
Eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanylanda çäklendirme girizmeklik zerurlygyny ýüze çykarýan ýagdaýlar ýa-da şertler aradan aýrylanda bu gymmatlykdan peýdalanmagyň tertibi doly göwrüminde gaýtadan dikeldilýär.
34-nji madda. Sanawa girizlen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugyny we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugyny bes etmegiň esaslary we tertibi
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanyjy ondan peýdalanmak hukugyndan meýletin boýun gaçyranda;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny muzdsyz peýdalanmak hukugynyň ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň kärende şertnamasynyň möhletiniň dolan ýagdaýynda;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýesi bolan fiziki şahs aradan çykan ýagdaýynda ýa-da ýuridik şahs işini bes eden ýagdaýynda;
4) şu Kanunda göz öňünde tutulan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy mejbury bes edilen ýagdaýlarynda.
35-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik hukugyny bes etmek
36-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny aýrybaşgalamagyň tertibi we esaslary
VII BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY GORAMAK
BOÝUNÇA IŞLERI MALIÝELEŞDIRMEK
37-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak boýunça işleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;
2) býujetden daşary serişdeler;
3) fiziki we ýuridik şahslaryň öz serişdeleri;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler.
38-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak boýunça işleri maliýeleşdirmek
III bölüm. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ GOZGALýAN GYMMATLYKLARYNY äKITMEK WE GETIRMEK
VIII BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY ÄKITMEGIŇ WE GETIRMEGIŇ TERTIBI
39-njy madda. Türkmenistandan äkidilmäge degişli bolmadyk milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary
Şu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistandan äkidilmäge degişli däldir:
1) taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da gaýry medeni gymmata eýe bolan we olaryň döredilen wagtyna garamazdan, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň halkynyň medeni mirasynyň aýratyn gymmatly obýektlerine degişli edilen;
2) döredilen wagtyna garamazdan, döwlet tarapyndan goralýan we Sanawa girizilen;
3) Türkmenistanyň döwlet muzeýlerinde, kitaphanalarynda, arhiwlerinde, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalarynda hemişelik saklanýan (ygtyýarly edaranyň çözgüdi bilen bu düzgün beýleki muzeýlere, kitaphanalara, arhiwlere hem degişli edilip bilner).
Başga milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň äkidilmegini gadagan etmeklige ýol berilmeýär.
40-njy madda. äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Bilermenler seljermesi
äkidilmäge mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmany Bilermenler seljermesine degişlidir.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hakynda haýyş ediji şahsyň äkitmek üçin mälim eden bu gozgalýan gymmatlyklaryny Bilermenler seljermesine bermekden ýüz öwürmegine mälim edijiniň olary äkitmekden ýüz öwürmegi hökmünde garalýar.
Eger Bilermenler seljermesiniň netijeleri äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmäge esas beren halatynda, Bilermenler seljermesiniň resminamalary bu gozgalýan gymmatlygy äkitmek hakynda haýyş ediji şahsyň razylygyna garamazdan degişli döwlet edaralaryna berilýär.
41-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmäge hukuk berýän şahadatnama
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmäge hukuk berýän şahadatnama görkezilen gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň gümrük we döwlet serhetleriniň üstünden geçirmek üçin esas bolup durýar.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmäge hukuk berýän şahadatnamanyň görnüşi we ony bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
42-nji madda. Gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary özünde saklaýan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek
Gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary özünde saklaýan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek hukugyny bermegiň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
43-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bolup durýan ýaraglaryň dürli görnüşlerini äkitmek we getirmek
Taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da gaýry medeni gymmata eýe bolan ýaraglaryň dürli görnüşlerini äkitmek we getirmek hukugyny bermegiň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
44-nji madda. Diplomatik artykmaçlyklara we aýratyn hukuklara eýe bolan şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek
Diplomatik artykmaçlyklara we aýratyn hukuklara eýe bolan şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmegiň we getirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
45-nji madda. Poçta üsti bilen ugratmak arkaly milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek
Poçta üsti bilen ugratmak arkaly milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek şu Kanunda, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda, «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen kadalara laýyklykda geçirilýär.
46-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny getirmegiň tertibi
Getirilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary ygtyýarly edara tarapyndan gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde bellenilen tertipde gümrük barlagyna we ýörite bellige alynmaga degişlidir.
47-nji madda. Getirilmegi gadagan edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ýa-da daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarlandyrylan edaralarynyň ýüz tutmalary bilen baglanyşykly gözleg yglan edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny getirmek gadagandyr.
Şeýle gymmatlyklar, soňra olary kanuny eýelerine gaýtaryp bermek maksady bilen saklanmaga degişlidir.
48-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň üstaşyr geçirilmegi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilen mahalynda, Türkmenistanyň gümrük edaralaryna milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly kesgitlenýän şertlerde diňe üstaşyr maksady bilen getirilýändigine şaýatlyk edýän resminama berilýär.
49-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek babatda ygtyýarly edaranyň, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlygy
1) şu Kanunyň hereketine düşýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň sanawyny düzýär;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmegiň, wagtlaýyn äkitmegiň mümkinçilikleri hakynda çözgüt kabul edýär;
3) äkitmek, wagtlaýyn äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň, şeýle hem wagtlaýyn äkidilenden soň, olar gaýtarylyp getirilende şolaryň Bilermenler seljermesini üpjün edýär;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek, wagtlaýyn äkitmek hukugyna şahadatnama berýär;
5) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly daşary ykdysady iş kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
6) getirilýän, wagtlaýyn getirilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň bellige alynmagyny amala aşyrýar;
7) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýitendigi, ýitirilendigi, ogurlanandygy hakynda subutnamalary Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşynda jemgyýetçiligiň giňden habarly edilmegini guraýar;
8) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bikanun äkidilende, getirilende hem-de olara eýeçilik hukugy geçirlende milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýeleriniň kanuny hukuklaryny dikeltmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleri görýär.
IX BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY WAGTLAÝYN ÄKITMEGIŇ WE WAGTLAÝYN GETIRMEGIŇ TERTIBI
50-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek
1) sergileri guramak üçin;
2) durkuny dikeldiş işlerini we ylmy barlaglary amala aşyrmak üçin;
3) teatr, konsert we gaýry artistlik işi bilen baglylykda;
4) gaýry zerur halatlarda.
51-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hukugyny bermek
52-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hukugyna bolan şahadatnama
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek mümkinçiligi hakynda çözgüt kabul edilen mahalynda ygtyýarly edara tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmäge hukuk berýän şahadatnama berilýär.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmäge hukuk berýän şahadatnama görkezilen gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň gümrük we döwlet serhetleriniň üstünden geçirmek üçin esas bolup durýar.
Görkezilen şahadatnama bolmazdan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek gadagandyr.
53-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň tertibi
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň maksatlary we şertleri hakynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny kabul edýän tarap bilen baglaşylan şertnama;
2) ätiýaçlyk töwekgelçilik halatlarynyň ählisini üpjün etmek bilen wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň täjirçilik ätiýaçlandyrmasyna güwä geçýän resminama ýa-da ähli töwekgelçilikleri maliýe taýdan dolmagyň döwlet kepilligi hakynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny kabul edýän ýurt tarapyndan berlen resminama;
3) wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýap saklanylmagy we gaýtarylyp berilmegi babatda kabul edýän tarapyň resminamaly tassyklanan kepillikleri we äkidilýän ýurduň döwlet edaralarynyň kepillikleri.
1) wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Sanawa girizilendigi hakyndaky şahadatnama;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet goragyna alan degişli döwlet edarasyny olary wagtlaýyn äkitmek hakynda habarly edendigi barada tassyknama;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň maksady we şertleri hakynda kabul edýän tarap bilen baglaşylan şertnama;
4) wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýap saklanylmagy we gaýtarylyp berilmegi babatda kabul edýän tarapyň resminamaly tassyklanan kepillikleri we äkidilmeli ýurduň döwlet edaralarynyň kepillikleri.
Görkezilen şertnamanyň mazmunyndaky milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýtarylyp berilmegi hakynda talap, «Girew hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, girew goýujyda girew serişdesini goýmak arkaly, wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň girewi bilen üpjün edilýär.
54-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakyndaky haýyşnamadan ýüz öwürmek
1) bu gozgalýan gymmatlyklary wagtlaýyn äkitmegi amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny yzyna getirmegiň şu Kanun tarapyndan göz öňünde tutulan tertipde berilýän kepillikleri bolmadyk mahalynda;
2) eger wagtlaýyn äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýy olary saklamagyň şertlerini üýtgetmäge mümkinçilik bermese;
3) eger wagtlaýyn äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýesi kesgitlenmese, şeýle hem eger gozgalýan medeni gymmatlyklar eýeçilik hukugy hakyndaky jedeliň serişdesi bolsa;
4) eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň wagtlaýyn äkidilmegi nazara alynýan ýurtda tebigy betbagtçylyk, harby jedeller, wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmäge päsgelçilik berjek beýleki ýagdaýlar bolsa.
55-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň maksatlary we şertleri hakynda şertnamanyň üýtgewsizligi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň maksatlary we şertleri hakynda şertnama milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmeklige hukuk berýän şahadatnama berlenden soň milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny kabul edýän tarap tarapyndan üýtgedilmäge degişli däldir.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hukugyna bolan bu şahadatnama berlenden soň bu gymmatlyklar hem Türkmenistanyň çäklerinde, hem onuň çäklerinden daşynda girew hakyndaky şertnamanyň serişdesi bolup hyzmat edip bilmez.
56-njy madda. Wagtlaýyn äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary gaýtarylyp getirilenden soň Bilermenler seljermesi
Wagtlaýyn äkidilenden soň Türkmenistana gaýtarylyp getirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmany Bilermenler seljermesine degişlidir.
57-nji madda. Wagtlaýyn äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň diplomatik goragy
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki wekilhanalary bolýan ýurdunda Türkmenistandan wagtlaýyn äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary babatda diplomatik goragy üpjün edýärler.
58-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn getirmegiň tertibi
X BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNA BOLAN EýEÇILIK HUKUGYNYŇ BIKANUN BERILMEGINIŇ ÖŇÜNI ALMAK
59-njy madda. äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna bolan eýeçilik hukugy
60-njy madda. Eýeçilik hukugy raýatlara degişli bolan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek
Eger hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlar maşgalada sarpa goýulýan zatlar ýa-da memorial gymmatlyklar hökmünde garalýan we döwlet muzeýlerinde, kitaphanalarynda, arhiwlerinde, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalarynda hemişelik saklanylmaýan aýry-aýry serişdelere bolan eýeçilik hukugyna subutnama getiren halatlarynda, ygtyýarly edara bu gymmatlyklary äkitmek hakynda oňyn çözgüt kabul edip biler.
61-nji madda. äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan edinilmegi
62-nji madda. Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan saklanylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny peýdalanmagyň tertibi
Görkezilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna kazyýet tertibinde eýeçilik hukugy bellenilenden soň ygtyýarly edara olary eýesine ýa-da onuň kanuny wekiline berýär. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýap saklanylmagy we olaryň Bilermenler seljermesini geçirmek üçin harçlanan serişdeler, eger kazyýetiň çözgüdinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, eýesiniň hasabyna degişli edilýär.
63-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň olaryň awtory tarapyndan äkidilmegi
64-nji madda. Beýleki döwletlerden bikanun äkidilen, ogurlanan ýa-da bikanun edinilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwletiň milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýawhanalary tarapyndan edinilmeginiň öňüni almak
65-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny bikanun eýelänlerden talap etmek
Şeýle ýagdaýda gaýdyp alynýan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary gümrük we gaýry ýygymlardan boşadylýar.
66-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ynsaply alyjynyň hukuklary
67-nji madda. äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny gaýdyp almak hakyndaky talaplar
äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna bikanun eýelik eden kesekiden ony talap etmek hakynda eýesi tarapyndan talap arzasynyň berilmegi kazyýet tertibinde amala aşyrylýar.
Eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary onuň eýesinden ogurlanan halatynda ýa-da onuň erkine garamazdan başga hili ýol bilen onuň eýeçiliginden aýrylan bolsa, eger eýesi döwlet muzeýi, kitaphana, arhiw, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalary, şeýle hem dini birleşik bolsa, ol bu gozgalýan gymmatlygy sap ýürekli alyjydan oňa haýsydyr bir öwez tölegini tölemezden talap etmäge hukuklydyr.
XI BAP. ÝYGYMLAR WE TÖLEGLER
68-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym tölenilýär. ýörite ýygymyň möçberini bellemegiň we tölemegiň tertibi, şeýle hem ýörite ýygym boýunça tölegden boşatmagyň tertibi we ýörite ýygymyň tölegi boýunça ýeňillikler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
69-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygymy almagyň tertibi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny äkitmek hakynda haýyş ediji şahsyň arzasynda görkezilen onuň hakyky bazar bahasy ýörite ýygymyň jemini hasaplap çykarmak üçin esasdyr. Eger ygtyýarly edara Bilermenler seljermesiniň netijenamasynyň esasynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň başga gymmatlyk bahasyny kesgitlese, ýörite ýygymyň jemini hasaplap çykarmak üçin ygtyýarly edaranyň kesgitlän bahasy alynýar.
ýörite ýygym ygtyýarly edara tarapyndan ol şahsyň bir gezekde äkidýän ähli milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň umumy bahasyndan alynýar.
70-nji madda. äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň awtoryny ýörite ýygym tölemekden boşatmak
Eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň äkidilmegi gös-göni olaryň awtory tarapyndan amala aşyrylan ýagdaýynda, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym alynmaýar.
71-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary wagtlaýyn äkidilen mahalynda ýörite ýygym
72-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna alnyp gidiliş gümrük pajy
Şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary äkidilende olardan alnyp gidiliş gümrük pajy alynmaýar.
Şu Kanuna laýyklykda äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary äkidilen mahalynda raýatlaryň nyrh çäklendirmeleri bellenilen şahsy emläginiň düzüminde garalyp bilinmez.
73-nji madda. Bilermenler seljermesine töleg
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek, olara bolan eýeçilik hukugyny bermek bilen baglanyşykly geçirilen Bilermenler seljermesi üçin, şeýle hem Bilermenler seljermesini geçirmek bilen baglanyşykly başga işler üçin töleg almagyň tertibi we onuň möçberini bellemek ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
74-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň bikanun eýelenmeginden talap etmek hakyndaky talaplar boýunça döwlet pajy
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň bikanun eýelenmeginden talap etmek hakyndaky talap arzasy boýunça talapkärler kazyýetde döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.
IV BöLüM. JEMLEýJI DüZGüNLER
75-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek babatda halkara hyzmatdaşlygy
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
76-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly daşary ykdysady işi amala aşyrmak
ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly amala aşyrylýan daşary ykdysady işe diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde berilýän rugsatnama bolan mahalynda ýol berilýär.
77-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda höweslendiriş çäreleri
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlete tabşyrandygy, sowgat berendigi, miras goýandygy üçin ýuridk we fiziki şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bellän tertibinde sylaglanyp bilner.
78-nji madda. Jedelleri çözmek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramagyň we peýdalanmagyň meseleleri boýunça ýüze çykan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
79-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
80-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1992-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň ýokary Sowetiniň wedomostlary, 1992 ý., № 2, 12-nji madda);
1998-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň wedomostlary, 1998 ý., № 3, 54-nji madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ХХХ bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň wedomostlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 26-njy marty.
№ 373-V.
| Habarlaşmak üçin |
|---|
| 744000, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan ş., 461 |
| Tel.: 44-00-33 |
| Faks: 92-35-60 |