TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Medeniýet hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 1, 16-njy madda)
(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. № 606-V we 05.10.2019 ý. № 189-VI Kanunlary
esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň halkynyň medeniýetini döretmek, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär; Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni durmuşa gatnaşmaga we olar üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilendir; medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
I bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
medeniýet – adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge, Türkmenistanyň raýatlarynyň estetiki talaplaryny we bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemidir;
medeni gymmatlyklar – ahlak we estetik ideallar, özüňi alyp barmagyň kadalary we nusgalary, diller, şiweler we gepleşikler, milli we etniki däpler hem dessurlar, taryhy toponimler, folklor, amaly-haşam halk senetleri, edebiýat we sungat eserleri, medeniýet babatdaky işiň ylmy barlaglarynyň netijeleri we usullary (ruhy gymmatlyklar), şeýle hem taryhy-medeni ähmiýeti bolan jaýlar, gurluşlar, esbaplar we tehnologiýalar, taryhy-medeni babatda seýrek duş gelýän ýerler we desgalar (maddy gymmatlyklar);
sungat – adam zähmetiniň edebiýat, suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, bezeg (dizaýn), binagärlik, amaly-haşam sungaty, saz, aýdym, tans, teatr, sirk, kino, telewideniýe ýaly we beýleki görnüşleriniň üsti bilen hakykatyň çeper keşplerde beýan edilmegi;
türkmen halkynyň medeni mirasy – geçmişde döredilen we estetiki, durmuş-medeni, taryh, arheologiýa, binagärlik taýdan we gaýry nukdaýnazarlardan gymmatlyk bolup durýan, türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygyny saklamak we ösdürmek üçin ähmiýeti bolan medeni gymmatlyklar;
Türkmenistanyň milli medeni baýlygy – başga döwletlere bermek hukugy bolmazdan diňe Türkmenistana degişli bolan we ýurduň taryhy hem medeniýeti üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan medeni gymmatlyklar;
Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawy – Türkmenistanyň milli medeni baýlygyna degişli bolan medeni gymmatlyklaryň sanawy;
milli medeni baýlygynyň desgalarynyň aýratyn düzgüni – milli medeni baýlygynyň desgalarynyň saklanmagy, aýawly saklanmagy, dikeldilmegi, goralmagy we peýdalanylmagy boýunça döwlet tarapyndan görülýän çäreler;
medeniýet babatdaky iş – medeni gymmatlyklaryň döredilmegi, gaýtadan dikeldilmegi, aýawly saklanmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy, şeýle hem olara raýatlary çekmek boýunça döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň işi;
medeniýet guramalary – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, esasy maksady medeniýet babatdaky işi amala aşyrmak bolup durýan ýuridik şahslar (kärhanalar, guramalar, edaralar);
medeniýet işgäri – professional işi medeni gymmatlyklaryň döredilmegi, aýawly saklanmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy, şeýle hem olara raýatlary çekmek bilen baglanyşykly fiziki şahs;
döredijilik işgäri – professional ýa-da professional däl (höwesjeň) esasda döredijilik işini amala aşyrýan fiziki şahs;
döredijilik işi – medeni gymmatlyklary döretmek we (ýa-da) olary düşündirmek bilen baglanyşykly medeniýet babatdaky işiň görnüşi.
2-nji madda. Medeniýet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri
1) Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işine bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak;
2) döwlet syýasatynyň medeniýet babatdaky ýörelgelerini kesgitlemek;
3) medeni gymmatlyklaryň raýatlar üçin erkin elýeterli bolmagyny üpjün etmek;
4) medeniýet işiniň subýektleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny we ýörelgelerini kesgitlemek;
5) Türkmenistanyň halkynyň medeniýetini aýawly saklamak we ösdürmek we medeniýeti döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk esaslary üçin hukuk binýadyny döretmek.
3-nji madda. Medeniýet hakyndaky kanunçylygyň ulanylyş çygyrlary
- türkmen halkynyň medeni mirasynyň desgalarynyň aýawly saklanylmagy, gaýtadan dikeldilmegi, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy we döwlet tarapyndan goralmagy;
- çeper edebiýat, teatr, saz, şekillendiriş we sirk sungaty, binagärlik we bezeg (dizaýn), fotosungat, sungatyň beýleki görnüşleri we žanrlary;
- telewideniýe, kino, radio we medeni gymmatlyklary döretmek hem ýaýratmak bölegindäki beýleki audiogörüş serişdeleri;
- çeper halk döredijiligi, folklor, klub işi;
- çeper halk hünärleri we senetçiligi;
- arhiw resminamalarynyň, kitap ýadygärlikleriniň, muzeý esbaplarynyň we muzeý kolleksiýalarynyň aýawly saklanylmagy, öwrenilmegi we görkezilmegi;
- kitaphana işinde ulanylýan kitaphana gaznalarynyň we beýleki maglumat gorlarynyň ösdürilmegi, aýawly saklanmagy we peýdalanylmagy;
- medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, döretmek, ýaýratmak we özleşdirmek üçin zerur bolan materiallaryň, enjamlaryň we beýleki serişdeleriň öndürilmegi;
- estetiki terbiýe, çeperçilik we saz bilimi, pedagogik iş, ylmy barlaglar we halkara medeni aragatnaşyklar we alyş-çalyşlar;
- medeni gymmatlyklaryň döredilýän, aýawly saklanylýan, ýaýradylýan we özleşdirilýän gaýry ugurlary.
4-nji madda. Medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Türkmenistanyň medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgeleri şulardan ybarat:
1) medeniýeti döwlet tarapyndan goldamak, Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işlerini amala aşyrmakdaky we medeni durmuşa gatnaşmakdaky hukuklaryny üpjün etmek we goramak;
2) Türkmenistanyň milli medeniýetini gaýtadan dikeltmek we ösdürmek;
3) medeniýet babatdaky medeni gymmatlyklaryň we medeni hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hemmelere elýeterliligi;
4) öz isleglerine we başarnyklaryna laýyklykda professional we professional däl (höwesjeň) esaslarda raýatlaryň döredijilik işiniň erkinligi;
5) raýatlaryň medeni gymmatlyklary döretmekde, gaýtadan dikeltmekde, aýap saklamakda, ösdürmekde, peýdalanmakda we ýaýratmakda hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deňligi;
6) medeni gymmatlyklary peýdalanmak arkaly şahsyýeti ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek;
7) milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak;
8) bilim ulgamynyň üsti bilen ýaşlaryň milli we dünýä medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna çekilmegi;
9) Türkmenistanyň milli medeniýetini özara baýlaşdyrmak we bütewiligini saklamak üçin daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen medeni aragatnaşyklary ösdürmek;
10) medeniýet babatda halkara aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam etmek;
11) bazar şertlerinde işlemekleri üçin medeniýet guramalaryna amatly ýagdaýlaryň döredilmeginde ýardam etmek.
5-nji madda. Medeniýet babatda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepillendirmeleri
Raýatyň döredijilik işi bilen meşgullanmak hukugy professional hem-de professional däl (höwesjeň) esasda amala aşyrylyp bilner.
Raýatlar jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde assosiasiýalary, döredijilik guramalaryny we medeniýet babatda beýleki jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek hukugyna eýedirler.
II bap. Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary we milli
medeni baýlyklary
6-njy madda. Medeni gymmatlyklar
Şular medeni gymmatlyklara degişlidir:
1) arheologik tapyndylar we arheologik açyşlar;
2) gadymy şaýlyklary, ordenleri, medallary, möhürleri goşmak bilen kolleksiýa materiallary we esbaplary;
3) kartinalary, suratlary, grawýuralary, litografiýalary, estamplary, heýkeltaraşlyk eserlerini, folklor we kompozitorçylyk eserlerini, klawiralary, partiturlary, teatr pýesalary we oýunlary, sirk ssenarileri, kino sungatyny, telewideniýäni we radiony goşmak bilen edebiýat we sungat eserleri;
4) amaly-haşam sungatynyň we halk senetkärleriniň önümleri, şol sanda gadymy halylar, haly önümleri, keçeler, altyndan, kümüşden, gymmat bahaly metallardan we beýleki materiallardan edilen milli önümler, gadymy nagyşlar saklanyp galan we çeperçilik eserlerine degişli nagyşlar, keşdeler;
5) bezeg işläp taýýarlamalary we binagärlik taslamalary;
6) gadymy (seýrek) golýazmalar, awtograflar, taryhy resminamalar, hatlaryň we kitaplaryň ýygyndylary, çap önümleri we olaryň kolleksiýalary;
7) binagärlik ýadygärlikleri, memorial jaýlamalary, şeýle hem görnükli ýerli we daşary ýurt medeniýet işgärleriniň durmuşy bilen ýa-da uly taryhy wakalar we ajaýyp döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri bilen baglanyşykly seýilgäh we tebigy-landşaft desgalary;
8) filatelistik materiallar, şol sanda aýratynlykda ýa-da kollekisýalardaky poçta markalary;
9) gadymy we seýrek duş gelýän saz gurallary;
10) fono-, surat-, wideo-, kino- (radio, telewideniýe) arhiwlerini goşup, arhiwler, arhiw gaznalary we kolleksiýalary, şeýle hem ylmy-tehniki resminama;
11) etnografik, etnologik we antropologik materiallar;
12) floranyň we faunanyň, mineralogiýanyň, anatomiýanyň seýrek kollekisiýalary we nusgalary hem-de paleontologiýa üçin gyzyklanma döredýän esbaplar;
13) taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da medeni ähmiýeti bolan, şeýle hem taryhy we medeni ýadygärlikler hökmünde döwlet tarapyndan gorag astyna alnan beýleki gymmatlyklar.
7-nji madda. Medeni gymmatlyklary hasaba almak
Medeni gymmatlyklar hasaba alnanda şu aşakdaky maglumatlar ýazylýar: gelip çykyşy, eýesi, beýany, bahasy we gorag derejesi. Bu maglumatlaryň esasynda medeni gymmatlygyň eýesine degişli şahadatnama berilýär.
Medeni gymmatlyklary döwlet hasabyna almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Bu edaralar Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna hem-de medeni gymmatlyklaryň gorag sanawlaryna goşmak üçin maglumatlary ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralaryna bermäge borçludyrlar.
8-nji madda. Medeni gymmatlyklaryň goragynyň derejeleri
Medeni gymmatlyklaryň gorag derejesi awtorlyk hukugynyň hereket edýän möhletinde ulanylmaýar.
9-njy madda. Medeni gymmatlyklaryň goralyş sanawy
Möhüm medeni gymmatlyklary goramak maksady bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary degişlilikdäki (şäheriň, etrabyň) çäklerinde medeni gymmatlyklaryň goralyş sanawyny ýöredýärler.
Medeni gymmatlygyň görkezilen sanawa girizilmegine ýa-da ondan erkin peýdalanmaga bolan rugsada olaryň eýeleriniň, ulanyjylarynyň arzalary, kitaphalaryň, muzeýleriň, arhiwleriň maglumatlary esasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda garalýar.
10-njy madda. Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawy
11-nji madda. Milli medeni baýlygyň desgalarynyň aýratyn düzgüni
Medeni gymmatlyklar babatdaky arheologik gazuw-agtaryşlary we arheologik ýadygärlikleriň gözleg, dikeldiş, abatlaýyş we konserwasiýa işlerini geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Dini urp-adat guramalaryna degişli milli-medeni baýlyklarynyň desgalary bolup durýan esbaplar olaryň urp-adat maksatlary göz öňünde tutulyp ulanylyp bilner.
Medeni gymmatlyklar, olaryň eýeleriniň ýa-da ulanyjylarynyň razylygy, dini maksatly medeni gymmatlyklar bolsa - degişlilikdäki dini gurluşyň razylygy bolmasa, nusgalary alnyp bilinmez, şeýle hem olar syýahatçylyk, gezelenç we mahabat maksatlary üçin ulanylyp bilinmez.
Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalaryny saklamak üçin olaryň eýeleriniň ýa-da ulanyjylaryň maddy ýa-da beýleki mümkinçilikleri ýok mahalynda, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy medeni gymmatlygyň satylyşyny guraýar. Milli gymmatlygy saklamaga mümkünçiligi bolan ýuridik we (ýa-da) fiziki şahs alyjy hökmünde çykyş edip biler, ýa-da bu medeni gymmatlyklar kazyýet tertibinde bahasyny tölemek esasynda döwlet eýeçiligine geçirilýär.
12-nji madda. Medeni gymmatlyklaryň getirilmegi we äkidilmegi
III bap. Medeniýet guramalary
13-nji madda. Medeniýet guramalary we olaryň aýratyn hukuk ýagdaýy
"Milli" hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
"Akademiki" hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
"Halk" adyny bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
14-nji madda. Medeniýet guramalarynyň ulgamy
Medeniýet guramalarynyň ulgamyna şu aşakdakylar girýär:
1) teatral-konsert:
- opera, balet, drama, sazly komediýa, sazly drama, ýaş tomaşaçylar, gurjak teatrlary we beýleki teatrlar;
- filarmoniýalar, konsert salonlary we köşkleri, sazçylyk zallary, sirkler, folklor toparlary, professional orkestrler we sazçylyk kollektiwleri, ses ýazýan studiýalar;
- teatr studiýalary, ussahana teatrlary, synag we okuw teatrlary, teatral we sazçylyk sungatynyň merkezleri;
2) kitaphana:
- milli kitaphanalar;
- jemagat, ýaşlar, çagalar kitaphanalary;
- pudaklaýyn kitaphanalar, ylmy kitaphanalar;
- welaýat, etrap, şäher, oba we şäherçe kitaphanalary;
- körler we lal-güňler üçin kitaphanalar;
3) muzeý:
- çeperçilik muzeýleri we sungat muzeýleri, taryhy we taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleri;
- edebiýat, teatr we sazçylyk ugurly muzeýler, memorial muzeýler, ýatlama muzeýleri;
- muzeý-goraghanalary;
- pudaklaýyn muzeýler;
- jemgyýetçilik we mekdep muzeýleri;
4) çeperçilik galereýalary we sergi salonlary, şekillendiriş sungaty merkezleri;
5) haýwanat baglary, akwariumlar, planetariler, botanika baglary;
6) medeni we taryhy ugurly arhiwler;
7) dynç alşy guramagyň guramalary:
- şäher, etrap, oba we şäherçe medeniýet öýleri;
- medeniýet we dynç alyş seýilgähleri, dynç alyş merkezleri;
8) bilim guramalary:
- medeniýet babatda başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär we ýokary okuw mekdeplerinden soňky hünär bilim guramalary;
- çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri;
- ulular üçin sazçylyk, çeperçilik, horeografik we beýleki sungat merkezleri;
- hünäri ýokarlandyryş kurslary;
9) ylmy, usulyýet:
- medeniýet babatdaky ylmy-barlag institutlary we merkezleri;
- medeniýet, muzeý işi boýunça ylmy-usulyýet merkezleri, sazçylyk bilimi boýunça usulyýet otaglary, muzeý gymmatlyklaryny dikeltmegiň ylmy merkezleri;
10) medeniýeti wagyz etmek we ýaýratmak boýunça:
- neşirýatlar, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary;
- kinoteatrlar, kinostudiýalar, telewideniýe we radioýaýlymlar;
- daşary ýurt kinowideo önümlerini ýaýratmak, satyn almak, terjime etmek, şeýle hem köpçülikleýin görkezmek boýunça edaralar;
- medeniýet ugurly habarlar merkezleri we beýlekiler.
15-nji madda. Işiň tölegli görnüşleri we medeniýet guramalarynyň telekeçilik işi
Şertnamada göz öňünde tutulan öndürýän önümini ýerlemek we hyzmatlar etmek boýunça medeniýetiň täjirçilik däl guramalarynyň işi diňe bu işden alynýan girdejä esasy tertipnamalaýyn işi üpjün etmegiň, ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň hajatlary üçin bu gurama gös-göni maýa goýulmaýan babatda degişlidir.
16-njy madda. Medeniýet guramalarynyň fiziki we ýuridik şahslar bilen özara gatnaşyklary
Kärhanalar, edaralar we guramalar eýeleriniň we şekillendirilýän adamlaryň bellenilen tertipde berlen resmi rugsady bolan mahalynda medeniýet desgalaryny we medeniýetiň gazananlaryny, medeniýet işgärlerini şekillendirmek (nusgasyny almak) bilen önümi (şol sanda mahabat önümini) taýýarlap we ýerläp bilerler.
Görkezilen şekili peýdalanmak üçin töleg şertnamanyň esasynda bellenilýär. Degişlilikdäki rugsady bolmazdan görkezilen şekilleri peýdalanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipdäki jogapkärçiligi çekýärler.
17-nji madda. Döwlet we professional döredijilik işgärleriniň jemgyýetçilik birleşikleri
olaryň medeniýet babatdaky döwlet syýasatyny işläp taýýarlamaga gatnaşmak mümkinçiligini üpjün edýär;
döredijilik işgärleriniň iş bilen üpjünçiligi, hünär taýýarlygy, zähmeti goramak, durmuş taýdan goramak babatda çäreler işlenip taýýarlananda olar bilen maslahatlary geçirýär;
eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olaryň işine gatyşmaýar;
olaryň ýüztutmalary boýunça aýry-aýry jemgyýetçilik peýdaly maksatnamalary maksatlaýyn maliýeleşdirmek arkaly şertnamalaryň aýry-aýry görnüşlerini, şol sanda işleri ýerine ýetirmek ýa-da hyzmatlar etmek hakynda şertnamalary baglaşmagynda, şeýle hem ýörite buýurma arkaly bäsleşik esasynda aýry-aýry çäreleriň geçirilmeginde olary goldaýar.
Dalaşgärlere we agzalara döredijilik guramalarynyň tertipnamasy bilen bildirilýän talaplar raýatlaryň emläk we emläk däl hukuklaryny kemsitmeli däldir, degişli döredijilik hünärdäki has hünärli wekilleriň onuň düzümine birleşmegine, olaryň professional we döredijilik ösüşiniň üpjün edilmegine ýardam etmelidir.
18-nji madda. Professional däl (höwesjeň) döredijilik birleşikleri we kollektiwleri
Professional däl (höwesjeň) döredijilik birleşikleri we kollektiwleri raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, medeniýet guramalarynyň, ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň başlangyçlary bilen döredilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işleýärler.
IV bap. Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdirmesi
19-njy madda. Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
20-nji madda. Medeniýet babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Medeniýet babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;
2) medeniýet babatdaky ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň işini kadalaşdyryp düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;
3) medeniýet babatda döwlet syýasatyny işläp taýýarlaýar;
4) raýatlaryň medeni işlere bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyny we durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;
5) medeni ösüşe döwlet dolandyryşyny amala aşyrýar;
6) halkara ülňüleri we tejribesi, türkmen milletiniň taryhy we mentaliteti we bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini alyp baryşy esasynda medeniýet babatda medeni özgertmeleriň geçirilmegini guraýar;
7) medeniýet ugrunyň ösüşiniň we kämilleşmeginiň maksatlaýyn maksatnamalaryny kabul edýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
8) medeniýet babatdaky Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegini guraýar;
9) medeniýet işgärleri we döredijilik işgärleri babatdaky döwlet durmuş syýasatynyň işlenilip taýýarlanylmagyny amala aşyrýar we durmuşa geçirýär;
10) medeniýet babatdaky ylmy işiň ösdürilişi boýunça çäreleri amala aşyrýar;
11) daşary ýurt döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmegi üpjün edýär;
12) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
21-nji madda. Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar girýär:
1) medeniýet babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
2) medeniýet ugrunyň ösüşiniň we kämilleşmeginiň maksatlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
3) milli medeni gymmatlyklary gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek we ýaýratmak;
4) medeniýet babatynda estetik terbiýe bermek, çeperçilik bilimi we pedagogik iş üçin şertleri döretmek;
5) medeniýet babatda medeniýet işiniň maglumat üpjünçiliginiň ýeke-täk döwlet ulgamyny döretmek;
6) medeniýet babatdaky işiň pudagara sazlaşdyrylyşyny we maglumat hem-de ylmy-usuly üpjünçiligini amala aşyrmak;
7) medeniýet babatda Türkmenistanyň Döwlet býujetini işläp taýýarlamaga gatnaşmak;
8) medeniýet guramalarynyň ösüşini üpjün etmek we olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak;
9) döredijilik işini ösdürmek üçin şertleri döretmek;
10) medeniýet babatda işgärleri taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy amala aşyrmak;
11) medeniýet babatda haýyr-sahawatlylygyň we howandarlygyň, watandaşlarymyz bilen aragatnaşygyň ösdürilmegine ýardam etmek;
12) Türkmenistanyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň hasabyny ýöretmek, öwrenmek, gorap saklamak, konserwirlemek, dikeltmek we taryhy ýadygärlikleri, medeniýetiň maddy we ruhy desgalaryny ulanmak, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetiniň görnükli işgärleriniň atlaryny ebedileşdirmek boýunça çareleri guramak;
13) Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyny ýöretmek;
14) halkara medeni hyzmatdaşlygy çygryndaky işi utgaşdyrmak we amala aşyrmak;
15) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy esasynda medeniýetiň döwlet guramalarynyň işgärleriniň hünär synagyny we hünär derejelerini ýokarlandyrmagyny geçirmegiň tertibini işläp taýýarlamak;
16) medeniýetiň döwlet guramalarynyň işgärleriniň hünär synagyny geçirmek;
17) medeniýetiň döwlet guramalaryna "Milli" diýen hukuk derejesiniň we "Akademiki" diýen hukuk derejesiniň dakylmagynyň düzgünnamalaryny işläp taýýarlamak;
18) çeper höwesjeňler kollektiwlerine "Halk" diýen adyň dakylmagy hakyndaky düzgünnamany işläp taýýarlamak;
181) medeniýet babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;
182) medeniýet babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek;
183) garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak;
184) garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň döredijilik işgärleriniň (aýdymçylaryň, sazandalaryň, alypbaryjy artistleriň) hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak;
19) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek.
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň işläp taýýarlaýan kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça bu edara tarapyndan tassyklanylyp bilner.
22-nji madda. Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna öz tabynlygyndaky çäklerde şular degişlidir:
1) medeniýet babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak;
2) milli medeniýetiň goralyp saklanylmagy, gaýtadan dikeldilmegi we ösdürilmegi üçin zerur bolan maddy-tehniki we guramaçylyk şertlerini üpjün etmek;
3) welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň döwlet medeniýet edaralarynyň teatr, saz we çeperçilik sungatynyň ösmegine, medeniýetli dynç alyşyna we halk döredijiligine, kitaphana we muzeý işine gönükdirilen işini goldamak we üpjün etmek;
4) welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde döredijilik işiniň dürli ugurlaryndaky gözden geçirilişleriniň, festiwallarynyň, bäsleşikleriniň geçirilişini guramak;
5) welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň taryhy ýadygärliklerini hasaba almak we gorap saklamak, konserwirlemek, dikeltmek, medeniýetiň maddy we ruhy desgalaryny ulanmak, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetiniň görnükli işgärleriniň atlaryny ebedileşdirmek boýunça işleri guramak;
6) halk senetçiliginiň we hünärleriniň ösmegine ýardam etmek bilen täze iş orunlarynyň guralmagy üçin şertleri döretmek;
7) taryhy-medeni mirasy gorap saklamak boýunça işi guramak, taryhy, milli we medeni däp-dessurlaryň ösdürilmegine ýardam etmek;
8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan olaryň ygtyýaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek.
V bap. Medeniýet işgärleri we döredijilik işgärleri
23-nji madda. Medeniýet işgärleriniň derejeleri
professional işi arhiwleriň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çeperçilik galereýalarynyň we olara meňzeş guramalarynyň ýygyndylaryny ýygnamak, saklamak we hyzmat etmek bilen, şeýle hem medeni gymmatlyklary ýaýratmak, peýdalanmak we olara raýatlary çekmek bilen baglanyşykly işgärler;
professional işleri edebi, drama, saz, şekillendiriş we sungatyň beýleki eserlerini döretmek, olary ýerine ýetirmek, gaýtadan öndürmek ýa-da interpretasiýa etmek bilen baglanyşykly işgärler. Bu toparyň işgärleri döredijilik işgärleri hökmünde kesgitlenilýär. Şeýle hem görkezilen işleri professional däl (höwesjeňlik) esasda amala aşyrýan raýatlar döredijilik işgärlerine degişlidirler.
1) taryhy, ylmy ýa-da çeperçilik gyzyklanmany döredýän we resminamalary ýygnaýan, olara baha berýän we abat saklanmagyny üpjün edýän arhiwariuslar, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri;
2) ýazylan we çap edilen materiallary we dolandyryjylyk materiallary ýygnamagy, ulgamlaşdyrmagy we hyzmat etmegi amala aşyrýan kitaphanaçylar, bibliograflar, resminamalary öwrenijiler we ugurdaş hünärleriň hünärmenleri;
3) ýazgynyň many-mazmunyny diňleýjä ýa-da tomaşaça ýetirýän, täzelikleriň maglumatlaryny, bildirişleri labyzly okaýan, kimdir-birine radio, telewideniýe boýunça, teatrlarda, konsertlerde we beýleki ýerlerde wekilçilik edýän radionyň we telewideniýäniň diktorlary;
4) raýatlary medeni gymmatlyklara çekýän, medeni köpçülik we medeni aň-bilim çärelerini guraýan edaralaryň dynç alyşy guraýan we ýaýradýan işgärleri.
1) çeperçilik edebiýat eserlerini we teatr pýesalaryny döredýän, ssenariýeleri we librettolary ýazýan prozaçylar, şahyrlar, dramaturglar, ssenariýeçiler, librettoçylar;
2) derhal habary şöhlelendirmek, mahabat boýunça dürli görnüşli makalalary taýýarlaýan, çap neşirlerini redaktirleýän, edebiýat we sungat eserleriniň çeperçilik derejesine tankydy baha berýän žurnalistler, edebiýaty öwrenijiler, sungaty öwrenijiler, saz öwrenijiler, teatry öwrenijiler, edebiýat, sazçylyk, teatr we kino tankytçylary;
3) suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, monumental we amaly-haşam sungatyň eserlerini döredýän, olary rejeleýän, çeperçilik gurnaw (dizaýn) boýunça işleri amala aşyrýan heýkeltaraşlar, suratkeşler we olar bilen ugurdaş sungat işgärleri;
4) saz eserlerini döredýän we olary ýerine ýetirýän kompozitorlar, dirižýorlаr, aranžirowşikler, sazandalar we aýdymçylar;
5) temany saýlaýan, döredijilik pikirine laýyklykda tans eserlerini goýýan we ýerine ýetirýän horeograflar we tansçylar;
6) spektakllary, oýunlary, kino we telefilmleri goýýan hem-de bu eserlerde rollary ýerine ýetirýän teatryň, kinonyň, telewideniýäniň, radionyň režissýorlary we aktýorlary hem-de sungatyň beýleki işgärleri;
7) sirklerde köpçüligi güýmeýän, oýunlary oýnaýan we aýry-aýry sirk oýunlaryny görkezýän masgarabazlar, gözbagçylar, akrobatlar we beýleki artistler.
24-nji madda. Döredijilik işgärleriniň hukuk ýagdaýy we olary döwlet tarapyndan goldamak
- ýokary çeperçilik ussatlygy, ideýa hem mazmun baýlygy, türkmen halkynyň mentalitetiniň milli aýratynlyklarynyň ýokary çeperçilikli beýan edilmegi bilen tapawutlanýarlar;
- türkmen jemgyýetiniň jebisleşmegine, onuň ahlak esaslarynyň pugtalanmagyna we ruhy taýdan baýlaşmagyna ýardam edýärler;
- täze Galkynyşlar zamanasynyň düýpli özgertmeleriniň esasy alamatlaryny beýan edýärler;
- ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň ykdysady we ruhy mümkünçiliklerini artdyrmaga ýardam edýän zähmet üstünliklerine ruhlandyrýarlar;
- ýaş nesillerde ýokary ahlaklylyk we ruhy-ahlaklylyk sypatlaryny kemala getirmäge ýardam edýärler.
ç) Türkmenistanyň halkynyň durmuşyny hakyky we talantly beýan edýärler;
halkyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga, medeniýeti aýap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilen döredijilik işgärleriniň işini höweslendirýär;
döredijilik işgärleriniň zähmet we iş bilen üpjünçilik şertlerini döredijilik işine özlerini bagyş etmegiň olar üçin islenilýän görnüşde mümkinçilik bolar ýaly ýagdaýda üpjün edýär;
döredijilik işgärleriniň tölenilýän işi almaga mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredijilik önümine bolan islegiň ösüşine ýardam edýär;
döredijilik işiniň aýratynlygyny hasaba almak bilen döredijilik işgärleriniň durmuş taýdan üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirýär;
döredijilik işgärleriniň maddy taýdan üpjün edilmegine, durmuş taýdan goralmagyna, erkinligine we garaşsyzlygyna ýardam edýär;
döredijilik işgärleriniň iş aýratynlygyny hasaba almak bilen olara salgyt salmak ulgamyny kämilleşdirýär;
halkara döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde döredijilik işgärlerine ýardam edýär;
zenanlaryň we ýaşlaryň döredijilik işine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeldýär;
döredijilik işi bilen meşgullanýan çaganyň şahsyýetini we onuň ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, çaganyň özüne mahsus aýratynlyklaryny nazara alýan BMG-nyň çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirýär;
döredijilik işgärleri üçin degişli bilim edaralaryna, kitaphanalara, muzeýlere, arhiwlere we beýleki medeniýet guramalaryna elýeterliligiň ýeňillikli şertlerini üpjün edýär.
Döredijilik guramalarynda durmaýan döredijilik işgäriniň hukuk ýagdaýy güwänama bilen tassyklanylýar.
Dalaşgäriň döredijilik işi döredijilik işgäriniň güwänamasyny almaga esas bolup durýar.
25-nji madda. Medeniýet guramalarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary
Medeniýet guramalarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
26-njy madda. Medeniýet işgäriniň hukuklary we borçlary
Medeniýet işgäri (şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan adam) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, zähmet şertnamasy, kollektiwleýin şertnama (ylalaşyk) bilen göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär.
Bulardan başga-da döredijilik işgäri şu aşakdaky hukuklara eýedir:
1) aýan edilmegi ýa-da ýitirilmegi onuň döredijilik işi bilen baglanyşykly bähbitlerine zeper ýetirip biljek maglumaty goramaga;
2) öz işine üçünji adamy çekmäge;
3) döredijilik we professional bähbitleri boýunça jemgyýetçilik birleşiklerine we guramalaryna girmäge;
4) döredijilik işini amala aşyrmak üçin arhiwlere, kitaphanalara, muzeýlere we medeniýetiň beýleki guramalaryna elýeterli bolmaga.
27-nji madda. Medeniýet guramalarynyň işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejelerini ýokarlandyrmak we olaryň hünär synagy
Medeni taýýarlygyň ugurlary (hünärleri) boýunça okaýan medeniýet işgärleriniň we döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda bolşy ýaly degişlilikdäki ygtyýarnamalary bolan medeniýet guramalarynda hem geçirilip bilner.
28-nji madda. Medeniýet işgärleriniň maddy üpjünçiligi hem-de durmuş taýdan goralyşy
VI bap. Medeniýet babatdaky ykdysady kadalaşdyryş
29-njy madda. Medeniýet babatdaky işiň ykdysady taýdan üpjünçiligi
30-njy madda. Medeniýet babatdaky emläk gatnaşyklary
Medeniýet babatda medeni gymmatlyklaryň we beýleki emlägiň hususyýetçileriniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Medeniýet babatynda döwlet eýeçiligine ygtyýar etmek we dolandyrmak ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary tarapyndan we olaryň tabşyrmagy boýunça ýörite ygtyýarly edilen döwlet edaralary, guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.
Döwlet eýeçiliginde durýan, türkmen halkynyň medeni mirasynyň elden alynmaga ýa-da aýrybaşgalanmaga degişli bolmadyk desgalarynyň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Beýleki medeniýet desgalarynyň hususylaşdyrylmagyna şu aşakdaky şertler bolanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde ýol berilýär:
işiň esasy görnüşi hökmünde medeniýet işi aýalyp saklananda;
ugurlar boýunça hyzmatlar aýalyp saklananda;
ilatyň ýeňillikli derejelerine hyzmat etmek guralanda;
işgärlere iş orunlarynyň emele gelen sany we durmuş kepillikleri üpjün edilende.
31-nji madda. Medeniýet babatdaky işi maliýeleşdirmek
Döwlet medeniýet guramalaryny maliýeleşdirmegiň kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
Döwlet muzeýlerine Türkmenistanyň Döwlet býujetinden taryhy-medeni gymmatlyklaryň abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny, toplanylmagyny we dikeldilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly ýitgileri ýapmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde subsidiýalar berilýär.
32-nji madda. Medeniýet babatda bahalar we nyrh emele getirmek
33-nji madda. Medeniýet guramalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi
VII bap. Medeniýet babatdaky halkara işi
34-nji madda. Medeniýet babatda halkara hyzmatdaşlygy
35-nji madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen medeni hyzmatdaşlyk
Türkmenistan daşary ýurtly watandaşlarymyz we olaryň nesilleri bilen aragatnaşygy goldamak bilen türkmen medeniýetiniň daşary ýurtlarda ösdürilmegine ýardam edýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda milli medeni merkezleriň, milli jemgyýetleriň, ildeşlikleriň, assosiasiýalaryň we watandaşlarymyzyň beýleki medeniýet guramalarynyň maddy, ahlak we guramaçylyk goldawyny amala aşyrýar.
36-njy madda. Medeniýet babatda halkara guramalaryna gatnaşmak
37-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky medeni gymmatlyklary
Türkmenistanyň milli medeni baýlygy hökmünde ykrar edilen, ýurduň daşyna bikanun äkidilen ähli medeni gymmatlyklar, olaryň nirede ýerleşýändigine, wagtyna, äkidiliş ýagdaýlaryna garamazdan, Türkmenistana gaýtarylyp berilmäge degişlidir.
VIII bap. Jemleýji düzgün
38-nji madda. Medeniýet babatdaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Türkmenistanyň medeniýet babatdaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 12-nji marty.
№ 92-IV.
| Habarlaşmak üçin |
|---|
| 744000, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan ş., 461 |
| Tel.: 44-00-33 |
| Faks: 92-35-60 |