“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 10711-nji karary bilen tassyklanan, “Medeniýet we sungat çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnama laýyklykda,
buýurýaryn:
1.Şu aşakdakylary tassyklamaly (goşulýar):
1) Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnamany;
2) Medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibini;
3) Hünär synagyny geçirmegiň Tertibini.
Ministr A. Şamyradow
Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň
2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda
çykaran 286-ö belgili buýrugy bilen
tassyklandy
Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda
Düzgünnama
Türkmenistanyň Medeniýet ministri Toparyň işini utgaşdyrýar, onuň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.
Toparyň mejlisine resminamalary taýýarlamagy, onda kabul edilen çözgütleri resmileşdirmegi we maglumatlary Türkmenistanyň degişli fiziki we ýuridik şahslarynyň (mundan beýläk – şahslar) dykgatyna ýetirmegi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň (mundan beläk - Ministrlik) Ygtyýarlylandyryş we kinowideohyzmat işini guramak bölümi amala aşyrýar.
1) medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýläk - ygtyýarnama) almaga dalaş edýän şahslaryň (mundan beýläk - ygtyýarnamanyň dalaşgäri) hünär synagyny geçirýär;
2) ygtyýarnama bermek hakynda ýa-da ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda çözgüt kabul edýär;
3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen Ygtyýarnama bermek hakyndaky arzasynda we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, onuň ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligini barlaýar (mundan beýläk – barlag);
4) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden barlag geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary alýar;
5) barlagyň netijeleri boýunça ykrarnama düzýär;
6) hünär synagynyň netijeleri boýunça beýleki resminamalary resmileşdirýär;
7) hünär synagynyň netijeleri boýunça şikaýatlara seredýär we netije çykarýar;
8) ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Toparyň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.
Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur.
1) Topara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;
2) Toparyň işini guraýar;
3) Toparyň mejlisini we hünär synagyny geçirmegiň gününi, wagtyny we ýerini kesgitleýär;
4) Toparyň mejlisinde başlyklyk edýär we mejlisini alyp barýar;
5) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) hem-de teswirnamalaryna gol çekýär;
6) berlen resminamalarda doly däl we şübheli maglumatlar bilen bagly degişli edaralardan zerur maglumatlary sorap alýar;
7) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;
8) Toparyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.
1) Topara berlen resminamalar bilen tanyşýar;
2) Toparyň mejlislerine gatnaşýar;
3) Toparyň çözgütlerini kabul etmäge gatnaşýar;
4) Toparyň mejlisinde aýratyn pikirini beýan edip bilýär, bu aýratyn pikir Toparyň mejlisiniň teswirnamasynda hökmany görkezilmäge degişlidir;
5) Topar agzalarynyň garamagyna degişli bolan resminamalara gol çekýär.
1) barlagy geçirýär we degişli resminamalary resmileşdirýär;
2) geçirilen barlagyň netijeleri boýunça ykrarnamany düzýär;
3) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň barlagdan geçen ýagdaýynda, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnamany düzýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagyny geçirmek üçin bellenen güni, wagty we ýeri barada habar berýär;
4) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň barlagdan geçmedik ýagdaýynda, bu barada dykgatnamany düzýär we barlagyň netijesi boýunça ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda Toparyň çykaran çözgüdi boýunça ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek baradaky netijenamasyny resmileşdirýär;
5) hünär synagynyň geçiriljek güni we wagty barada Topar agzalaryna hem-de ygtyýarnamanyň dalaşgärine habar berýär;
6) hünär synagy üçin resminamalary we Toparyň mejlisiniň gün tertibiniň beýleki meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar, iş dolandyryjylygy alyp barýar;
7) Toparyň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;
8) Toparyň mejlisiniň teswirnamasyny ýöredýär;
9) ygtyýarnamanyň dalaşgärlerine hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada habarnamany gowşurýar;
10) ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda kabul edilen çözgüt barada üç iş gününiň dowamynda habar berýär;
11) ygtyýarnamalary resmileşdirýär we olaryň sanawyny ýöredýär;
12) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) we teswirnamalaryna gol çekýär;
13) ygtyýarnamanyň dalaşgärleriniň beren şikaýatlarynyň, Toparyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň arhiwini ýöredýär;
14) beýleki tabşyryklary ýerine ýetirýär.
Toparyň mejlisleriniň guralyşyna we geçirilişine Toparyň kätibi jogapkärdir.
Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, Toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. Ses bermeklik ygtyýarnamanyň dalaşgärini gatnaşdyrman geçirilýär.
Ses berlen mahaly ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünäri boýunça bilim derejesi, orta atylýan soraglara dogry we takyk jogaplaryň sany nazara alynýar.
Toparyň çözgüdinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini ýerine ýetirmäge laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi göni beýan edilýär.
Toparyň çözgüdi Netijenama görnüşinde resmileşdirilýär.
Teswirnamada hünär synagynyň geçirilen güni we wagty, Toparyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, hünär synagy geçýäniň familiýasy, ady, atasynyň ady, berlen soraglar we olara berlen jogaplar gysgaça beýan edilýär.
1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri gatnaşmasa;
2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;
3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.
Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň
2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda
çykaran 286-ö belgili buýrugy bilen
tassyklandy
Medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak
ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň
Tertibi
Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşine degişli ugur boýunça:
1) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň – fiziki şahsyň ýokary, ýörite, orta ýa-da sungat eserlerini, taryhy ýerleri we medeni ýadygärlikleri täzeden dikeltmek boýunça goşmaça bilimli we şu ugurda azyndan 5 (bäş) ýyl iş döwri, şeýle hem hünär derejesi baradaky şahadatnamasy bolan;
2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri fiziki şahslara - işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşine degişli ugur boýunça görkezilen işleri we hyzmatlary etmek üçin iş ugrunda bilim derejeli we hünär taýdan taýýarlykly azyndan 3 (üç) ýyl iş döwri bolan;
3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri ýuridik şahslara - iş birliginiň sanawynda ygtyýarnama laýyklykda, ediljek işiň talaplaryny ödeýän hünärmenleriň azyndan üçüsi bolan.
Medeniýet we sungat çygryndaky iş üçin ministrlikde hünär synagyndan geçen fiziki we ýuridik şahslaryň medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmaga hukugy bardyr.
Ygtyýarnamanyň dalaşgärleri şu aşakdaky resminamalary hödürleýärler:
1) ýuridik şahs:
ç) Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;
ä) medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň dalaşgärinde jaýyň barlygyny (eýeçilik, kireýne ýa-da başga kanuny esasda oňa degişliligini) tassyklaýan resminamalaryň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;
2) fiziki şahs:
ç) pasportyň nusgasyny;
1) 90.04 şertli belgisi (kody) boýunça - diňe konşertleri guramak we geçirmek, sazly agşamlary, döredijilik duşuşyklaryny we banketleri gurnamak işlerini amala aşyrjak bolsa:
ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.
2) 90.03 şertli belgisi (kody) - diňe döwlet nyşanlaryny alamatlandyrýan, Konstitusiýada kesgitlenen material-şekillendiriş esbaplarynyň öndürilişi, hususy, köpçülikleýin, göçme we beýleki görnüsli sergileri we sungat önümleriniň söwdasyny guramak; monumental we çeper-bezeg işlerini (witrina, mozaika, skulptura, ýazgylar, görkezijiler, dizaýn we beýlekiler) amala aşyrjak bolsa:
ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.
3) 93.21 şertli belgisi (kody) - diňe attraksionlaryň, medeni we dynç alyş seýilgähleriniň (olaryň cäklerinde hereket edip biljek dynç alyş, gezelençler ücin niýetlenen demir ýollaryň ulanylmagyny hem goşmak bilen) işleri amala aşyrjak bolsa:
ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.
4) 91.03 şertli belgisi (kody) - diňe sungat eserleriniň, taryhy ýerleriň we medeni ýadygärlikleriň dikeldiş işlerini amala aşyrjak bolsa:
ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.
Şeýle-de diňe döwlet nyşanlaryny alamatlandyrýan, Konstitusiýada kesgitlenen material-şekillendiriş esbaplarynyň öndürilişi, hususy, köpçülikleýin, göçme we beýleki görnüsli sergileri we sungat önümleriniň söwdasyny guramak; monumental we çeper-bezeg işlerini (witrina, mozaika, skulptura, ýazgylar, görkezijiler, dizaýn we beýlekiler) we diňe sungat eserleriniň, taryhy ýerleriň we medeni ýadygärlikleriň dikeldiş işleriniň hiline bildirilýän talaplara laýyk gelýändigine gözegçilik etmegiň, Ygtyýarlandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüşdäki tertibiň ýola goýlandygy baradaky maglumatlar hem görkezilmeli.
Barlag geçirilende:
1) bulardan başga-da ygtyýarnamanyň dalaşgärinden beýleki zerur resminamalar, düşündirişler we maglumatlar soralyp we alnyp bilner;
2) geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama (mundan beýläk - ykrarnama) düzülýär;
3) beýleki zerur hereketler amala aşyrylýar.
7.Ygtyýarnamanyň dalaşgäri barlaglar geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ministrlige bermäge borçludyr.
Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan arza goşulýan bellenilen görnüş boýunça sowalnamada (şu Tertibe goşundy) görkezilen maglumatlar degişli resminamalar bilen tassyklanylmalydyr.
Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň familiýasy, ady, atasynyň ady üýtgän halatynda, familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň üýtgedilendigi hakynda şahadatnamanyň nusgasyny hem-de bellenilen tertipde doldurylan ygtyýarnamanyň dalaşgäri baradaky maglumatlar goşulmalydyr.
Berlen maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna fiziki şahsyň özi hem-de maglumatlary hödürleýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysy jogap berýärler.
Geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama taýýarlanylyp, Topar tarapyndan gol çekilýär hem-de şu aşakdaky resminama düzülýär:
1) resminamalaryň barlagynyň netijesi kanagatlanarly bolan halatynda, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnama düzülýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagy geçirilýän güni, wagty barada Toparyň kätibi tarapyndan habar berilýär;
2) resminamalar barlagdan geçmedik ýagdaýynda, hünär synagyna goýbermekden ýüz döndermek barada dykgatnama düzülýär we barlagyň netijesinde ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär.
Kabul edilen çözgüt boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek baradaky netijenamasy resmileşdirilýär we oňa Topar tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan tassyklanylýar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň
2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda
çykaran 286-ö belgili buýrugy bilen
tassyklandy
Hünär synagyny geçirmegiň
Tertibi
ýuridik şahs medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alan halatynda, onuň işe kabul edýän fiziki şahslary ygtyýarlylandyrýan işi amala aşyrmak üçin bellenen tertipde öň hünär synagyndan geçmedik bolsalar, onda olar hünär synagyny tabşyrýarlar.
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzasynda we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligi bilen bagly barlagdan (mundan beýläk – barlag) geçmedik bolsa;
2) öň hünär synagyna göýberilip, ony tabşyryp bilmedik pursatyndan azyndan 6 (alty) aý geçmedik bolsa;
3) ygtyýarnamasyz işi amala aşyrylandygy üçin kazyýetiň çözgüdi çykarylandan soň ýa-da şunuň bilen bagly jerime ulanylandan soň 1 (bir) ýyl geçmedik bolsa;
4) kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen bolsa;
5) öň ygtyýarnamasy kazyýet tarapyndan ýatyrylan bolsa.
1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň mejlise gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;
2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hünär synagyny başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;
3) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.
Ygtyýarnamanyň dalaşgäri esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gatnaşmadyk, sebäpleriň esaslydygyny tassyklaýan resminamany görkezip bilmedik ýa-da hünär synagyna gatnaşmakdan ýüz dönderen halatynda, ol hünär synagyndan geçmedi diýlip hasaplanylýar we bu barada Hünär synag kagyzynda ýazgy edilýär.
Esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gijä galan ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna gelmedi diýlip hasaplanylýar we onuň gaýtadan beren arzasy esasynda ol Toparyň nobatdaky mejlisine goşulýar. Ilki başdaky beren arzasy bellenilen möhletlere laýyklykda ýapylýar.
1) ýazmaça görnüşinde;
2) ýazmaça we dil üsti bilen berlen jogaplar görnüşinde;
Ygtyýarnamanyň dalaşgärine Topar tarapyndan goşmaça soraglar hem berlip bilner.
Ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag kagyzynda öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we synag sowalnamasynda bar bolan soraglara jogaplaryny beýan edýär.
Synag kagyzy aýratyn topluma jemlenilýär we saklanylýar.
Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçirilen mahaly ýazan ýazgysyny we oňa girizilen düzedişleri öz goly bilen tassyklaýar.
Bu talaplary bozan ygtyýarnamanyň dalaşgäri Toparyň mejlisler zalyndan çykarylýar we hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.
Hünär synagy kagyzyna Topar tarapyndan gol çekilýär. Hünär synagyň kagyzy Toparyň Ygtyýarnamany bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakyndaky netijenamasynyň ýanyna goşulýar we ygtyýarnamanyň dälaşgäriniň şahsy işinde saklanylýar.
Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmedik halatynda, hünär synagyndan geçmedik pursatyndan azyndan 6 (alty) aý geçenden soň gaýtadan ýüz tutup biler.
| Habarlaşmak üçin |
|---|
| 744000, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan ş., 461 |
| Tel.: 44-00-33 |
| Faks: 92-35-60 |