TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 92-nji madda)
(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 666-V Kanuny esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak, ýaýratmak we döwlet goragy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär; türkmen halkynyň öz medeni-milli özboluşlylygyny aýap saklamak we ösdürmek, ýaşaýşynyň taryhy-medeni gurşawyny goramak, dikeltmek we aýap saklamak hukugyny; Türkmenistanyň çäginde medeniýetiň döremegi we ösmegi hakynda maglumat çeşmeleriniň aýalyp saklanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär.
I Bap. Umumy Düzgünler
1-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri düşünjesi
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri – bu medeni gymmatlyklaryň jemi bolup, olara türkmen halkynyň taryhy, arheologik we arhitektura we beýleki nukdaýnazarlar bilen Türkmenistanyň medeni mirasy we ýurduň taryhy we medeniýeti üçin olaryň aýratyn ähmiýetinden hem-de diňe olary beýleki döwletlere bermek hukugy bolmazdan degişliliginden ugur alyp, Türkmenistanyň milli medeni üstünligini düzýän, taryhy-medeni ähmiýete eýe bolan obýektler (maddy gymmatlyklar) degişlidir.
2-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň görnüşleri
- aýratyn duran ýadygärlikler - aýry-aýry gurluşyklar, olar bilen baglanyşykly žiwopis, heýkeltaraşlyk, bezeg-amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen hem-de görkezilen gurluşyklaryň, jaýlaryň we desgalaryň çäkleri bilen taryhy taýdan emele gelen jaýlar we desgalar; memorial öýler; gonamçylyklar, mawzoleýler we aýry-aýry mazarlar, monumental sungatyň eserleri; taryh, ylym we sungat nukdaýnazaryndan gymmatlyga eýe bolan ylmyň we tehnikanyň obýektleri (harbylary goşup); adamyň ýaşamagynyň yzlaryny saklaýan, ýerde we suw astynda kem-käsleýin ýa-da doly ýapyk we olar hakda esasy ýa-da esasy çeşmelerden biri gazyp agtaryşlar ýa-da tapyndylar bolup durýan, eýýamlaryň we siwilizasiýalaryň subutnamasy bolup durýan arheologik mirasyň obýektleri;
- ansambllar - fortifikasiýa, dini, köşk, ýaşaýyş jaý, jemgyýetçilik, administratiw, söwda, önümçilik, ylmy, okuw maksatly gurluşlar we binalar, olar bilen baglanyşykly žiwopis, heýkeltaraşlyk, bezeg-amaly-haşam sungatyň, arhitekturanyň eserleri, arheologiýa, arhitektura, taryh, estetiki we sosial-medeni nukdaýnazaryndan gymmaty bolan, peýzaž bitewiligi ýa-da arabaglanyşygy bilen baglanyşykly bolan, taryhy taýdan emele gelen çäkde izolirlenen ýa-da birleşdirilen ýadygärlikleriň çäklendirilýän toparlary; şähergurluşyk ansambllaryna degişli edip boljak obalaryň taryhy merkezleri we obalaryň taryhy meýilleşdirmeleriniň we gurluşyklaryň galyndylary; landşaft arhitekturasynyň we bagçylyk-seýilgäh sungatynyň eserleri (baglar, seýilgähler, skwerler, bulwarlar);
- gözel ýerler - adamyň we tebigatyň bilelikdäki döredenleri, şeýle hem arheologiýa, taryh, şähergurluşygy, estetika, etnologiýa ýa-da antropologiýa nukdaýnazaryndan gymmata eýe bolan çäkler, şol sanda halk çeperçilik kärleriniň durmuşda bar bolan ýerleri; taryhy obalaryň merkezleri ýa-da şähergurluşyk meýilleşdirmegiň bölekleri we gurluşyklary, taryhy (şol sanda harby) wakalar bilen baglanyşykly ýadygärlik ýerleri, landşaftlar; ýadygärlikler, meşhur taryhy şahsyýetleriň durmuşy bilen baglanyşykly tebigy landşaftlar; medeni gatlaklar, gadymy şäherleriň, gadymy şäher harabaçylyklarynyň, obalaryň, düşelgeleriň, däp-dessurlaryň amala aşyrylýan ýerleriniň galyndylary.
3-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň derejeleri
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri şu aşakdaky derejelere bölünýär:
1) ýUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan we goşmak nazarda tutulýan, şeýle hem beýleki ýurtlaryň halklarynyň taryhyna we medeniýetine akyl ýetirmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, ähli adamzadyň bütindünýä mirasy üçin aýratyn taryhy, ylmy, arhitektura, çeperçilik we memorial gymmaty bolan, halkara ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri;
2) Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti üçin taryhy, ylmy, arhitektura, çeperçilik we memorial gymmaty bolan, umumydöwlet ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri;
3) welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň taryhy we medeniýeti üçin taryhy, ylmy, arhitektura, çeperçilik we memorial gymmaty bolan ýerli ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri.
4-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak kesgitlemesi
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak şu Kanuna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmaga, aýap saklamaga, peýdalanmaga we ýaýratmaga, şeýle hem döwlet goragyny etmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, maliýe, maglumat, maddy-enjamlaýyn we döwlet tarapyndan görülýän beýleki çäreleriň ulgamy hökmünde kesgitlenilýär.
5-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaka garanda başga kadalar bellenilse, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
II Bap. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektlerini Goramak Babatda Düzgünleşdirmek
6-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
7-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
- döwletiň eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine eýelik edýär, peýdalanýar we ygtyýar edýär;
- şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň işiniň kadalaşdyryjy düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň döwlet maksatly maksatnamalaryny kabul edýär;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýar etmegiň kadalaryny hem-de düzgünlerini belleýär;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, döwlet tarapyndan hasaba almagyň, barlamagyň, konserwasiýa etmegiň, dikeltmegiň, saklamagyň, regenerasiýasynyň, muzeýefikasiýasynyň, wagyz-nesihatyň, peýdalanmagyň tertibini belleýär;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň çäginiň serhetlerini we olary goramagyň zolaklaryny saklamagyň we bellemegiň tertibini, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň çäklerinde we olary goramagyň zolaklarynda gurluşyk, abatlaýyş we beýleki işleri geçirmegiň tertibini belleýär;
- taryhy-medeni goraghanalary we taryhy obalary döretmegiň tertibini we saklamagyň düzgünini kesgitleýär;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlygy
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň döwlet maksatly maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň meseleleri boýunça gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrýar;
- ähli derejelerdäki milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň aýalyp saklanylmagyna howp döredýän işi togtadýar we gadagan edýär;
- Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrini ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;
- döwlet taryhy-medeni seljerişi geçirmegiň tertibini belleýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
9-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlygy
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy:
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň konserwasiýasy, dikeldilişi we ulanylmaga ýaramly edililşi boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýüze çykarylmagyny, hasaba alynmagyny, aýap saklanylmagyny, goralmagyny, ýaýradylmagyny we peýdalanylmagyny amala aşyrýar;
- Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrini ýöredýär;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlet taryhy-medeni seljermesini guraýar we amala aşyrýar;
- barlag, taslama-gözleg we dikeldiş-konserwasiýa işlerini geçirmek üçin rugsat beriji resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
10-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy
öz tabynlygyndaky çäklerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmakda, hasaba almakda, aýap saklamakda, goramakda, dikeltmekde we peýdalanmakda ýardam edýärler;
- degişli çäkleri ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynda ýerli ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini hasaba almagy, aýap saklamagy, goramagy we dikeltmegi guramak boýunça çäreleri göz öňünde tutýarlar;
-şäherleri we beýleki ilatly ýerleri meýilleşdirmegiň, gurmagyň we durkuny täzelemegiň taslamalary işlenip taýýarlananda we tassyklananda ähli derejelerdäki milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak we aýap saklamak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylan taryhy-arhitektura daýanç meýilnamalaryny we kart-shemalaryny düzmegi üpjün edýärler;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri üçin gorag borçnamalaryny resmileşdirýärler we bu obýektleriň ýerleşen çägindäki eýeleri, peýdalanyjylar, şeýle hem guramalar, kärhanalar, Geňeşler tarapyndan olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
11-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramaga ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşmagy
Ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri we muzeýler:
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýüze çykarylmagyna gatnaşýarlar, olarda ylmy-barlag işini geçirýärler;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýaýradylmagyny geçirýärler;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak meselelerini ylmy barlaglaryň meýilnamalarynda we öwrenmegiň we okatmagyň okuw maksatnamalarynda göz öňünde tutýarlar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça ylmy maslahatlary berýärler;
- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirýärler.
12-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramaga jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy
III Bap. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň
Obýektleriniň Döwlet Goragy
13-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlet goragyny üpjün etmek
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak we peýdalanmak babatda kanunçylygyň berjaý edilişine döwlet tarapyndan gözegçilik etmek bilen;
- taryhy-medeni gymmaty bolan obýektleri döwlet tarapyndan hasaba almak we Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrini ýöretmek bilen;
- döwlet taryhy-medeni seljerişi geçirmek bilen;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň gorag zolaklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak boýunça işleri geçirmäge, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerinde barlaglary geçirmäge rugsatlary bermek bilen;
- gorag nyşanlaryny oturtmak bilen;
- milli taryhy-medeni mirasyň ýagdaýyna monitoringi amala aşyrmak bilen;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreler bilen.
14-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň gorag zolaklary
Zolaklaryň zerur düzümi medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynyň taslamasy bilen kesgitlenilýär.
15-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna gözegçiligi guramak
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy we onuň ýerlerdäki gurluşlary Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrine goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna gözegçilik etmäge we milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň maglumatlaryny aýap saklamak boýunça häzirki we geljekki maksatnamalary işläp taýýarlamak maksady bilen bäş ýylda bir gezek milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna barlag geçirmäge we bellige almaga borçludyrlar.
IV BAP. Türkmenistanyň Milli Taryhy-Medeni
Mirasynyň Obýektleriniň Döwlet Reýestri
16-njy madda. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri düşünjesi
17-nji madda. Reýestri ýöretmek
Resminamalaryň sanawy, olary ýöretmegiň görnüşleri, hasaba alyş resminamalaryny doldurmak boýunça maslahatlar milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar. Görkezilen resminamalar Reýestriň bir bölegidir we möhletsiz saklanylmaga degişlidir.
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň bellige alnan belgisi;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestre goşmak üçin hödürnama beren edara hakyndaky maglumatlar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestre goşmak hakynda kesgitlenen resminamanyň belgisi we senesi;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň görnüşi;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ady;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýüze çykan wagty ýa-da döredilen senesi, obýektiň esasy üýtgetmeleriniň we (ýa-da) onuň bilen baglanyşykly taryhy wakalaryň wagty;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýerleşýän ýeri;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň derejesi;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini Reýestre girizmek üçin esas bolup hyzmat eden we üýtgedilmäge degişli bolmadyk onuň aýratynlyklarynyň beýany;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäkleriniň serhetleriniň beýany.
18-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini Reýestre goşmagyň tertibi
19-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasporty
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasportynyň görnüşi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
20-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestrden çykarmak
Obýekt milli taryhy-medeni mirasyň obýekti hökmünde öz gymmatlylygyny fiziki taýdan doly ýitirse ýa-da ýitirilse, milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestrden çykarmak barada ony kesgitlän döwlet taryhy-medeni seljerişiň netijenamasy esasynda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
V BAP. Döwlet Taryhy-Medeni Seljeriş
21-nji madda. Döwlet taryhy-medeni seljerişiniň maksatlary
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň Reýestre goşulmagyny esaslandyrmak;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesini kesgitlemek;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesiniň üýtgedilmegini esaslandyrmak;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestrden çykarmak;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini, şähergurluşyk we taslama resminamasyny, şähergurluşyk dessurlaryny, şeýle hem bellenilýän ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri goramak zolaklarynyň taslamalarynyň milli-taryhy medeni mirasyň obýektini döwlet tarapyndan goramagyň talaplaryna laýyk gelşini kesgitlemek;
- taslama resminamasynyň we önümçilik işleriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektini abat saklamaga bolan kadalaşdyryjy talaplara laýyk geliş derejesini kesgitlemek;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini bütindünýä medeni mirasynyň obýektlerine degişli etmek.
22-nji madda. Seljerişi geçirmegiň ýörelgeleri
Seljeriş şu aşakdaky ýörelgeleriň esasynda geçirilýär:
- ylmy taýdan esaslandyrmak, obýektiwlik we kanunylyk;
- islendik bellenilýän hojalyk işinde milli taryhy-medeni mirasy aýap saklamak prezumpsiýasy;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýekti babatynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek;
- gyzyklanýan şahslara döwlet taryhy-medeni seljeriş üçin berilýän maglumatyň dogrulygy we dolulygy;
- bilermenleriň garaşsyzlygy;
- aýanlyk.
23-nji madda. Seljerişiň obýektleri
Şu aşakdakylar Seljerişiň obýektleridir:
- şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryna eýelik edýän obýektler;
- hojalyk taýdan özleşdirilmäge degişli ýer uçastoklary;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň Reýestre goşulmagyny esaslandyrýan resminamalar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň Reýestrden çykarylmagyny esaslandyrýan resminamalar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesini üýtgetmäge esaslandyrýan resminamalar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni goraghanalara, bütindünýä medeni mirasynyň obýektlerine degişli edilmegini esaslandyrýan resminamalar;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynyň taslamalary;
- şu Kanunda bellenen halatlarda şähergurluşyk we taslama resminamasy, şähergurluşyk dessurlary;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini aýap saklamak boýunça işleriň geçirilmegini esaslandyrýan resminama;
- hojalyk işiniň obýektiniň ýeriniň ýerleşdirilmegini deslapdan saýlamagy esaslandyrýan materiallar;
- amala aşyrylmagy milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine göni ýa-da gytaklaýyn täsir etjek ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleriň geçirilmegini esaslandyrýan resminama.
24-nji madda. Seljerişi geçirmegiň şertleri
25-nji madda. Seljerişiň netijenamasy
26-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Bütindünýä mirasyň sanawyna goşmak üçin esaslar we degişli resminamany bermegiň tertibi
VI BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň
Obýektlerini Aýap Saklamak
27-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýapsaklamak boýunça çäreler
Aýratyn halatlarda arheologiýa ýadygärligini aýap saklamak diýlip gazyp-agtaryşlardan arheologik tapyndylary doly ýa-da kem-käsleýin almak bilen, şu Kanunda kesgitlenen tertipde amala aşyrylýan halas ediş arheologik meýdan işlerine düşünilýär.
28-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň ýitirilen obýektini täzeden döretmek
Milli taryhy-medeni mirasyň ýitirilen obýektini täzeden döretmek aýratyn halatlarda görkezilen obýektiň aýratyn taryhy, arhitektura, sungaty öwreniş, ylmy, şähergurluşyk, çeperçilik ýa-da beýleki medeniýet ähmiýeti bolanda dikeltmek usuly bilen we ony täzeden döretmek üçin gerek bolan ýeterlik ylmy maglumatlar bolanda amala aşyrylýar.
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we býujetden daşary gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna täzeden döretmek hakynda karar gyzyklanýan edaralaryň we guramalaryň pikirlerini hasaba almak bilen Seljerişiň netijenamasynyň esasynda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýär.
29-njy madda. Taryhy we medeni ýadygärlikleriň gazyp-agtaryşlaryny we gözleglerini alyp barmak
30-njy madda. Peýdalanmaga berlen ýerlerde ýerleşýän taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň abat saklanylmagyny üpjün etmek
Kärhanalar, guramalar, edaralar, raýatlar, daýhan we jemgyýetçilik birleşikleri özlerine peýdalanmaga berlen ýerlerde ýerleşýän milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň abat saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.
31-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäginde we milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynda ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri taslamagyň we geçirmegiň aýratynlyklary
32-nji madda. ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işler taslanylandawe geçirilende milli taryhy-medenimirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmek boýunça çäreler
33-nji madda. Taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň çäginde we milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynda ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň bitewiliginiň we aýalyp saklanylmagynyň bozulmak howpy bolanda bu obýektiň çäginde ýa-da ony goramagyň zolaklarynda ulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär ýa-da gadagan edilýär.
34-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini aýap saklamak boýunça işleriň ähli görnüşleri geçirilende milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagy üçin jogapkärçilik
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini aýap saklamak boýunça işleriň ähli görnüşleriniň geçirilýän döwründe milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagy üçin jogapkärçiligi işleri geçiriji çekýär.
35-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çägini peýdalanmak düzgünini üpjün etmek boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäginde hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar bu çägi peýdalanmagyň şu Kanunda bellenilen düzgünini berjaý etmäge borçludyrlar.
VII BAP. Aýratyn Goralýan Taryhy-Medeni ýerler
36-njy madda. Aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerleri döretmek
Reýestre girizilen aýratyn taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmaty bolan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýerlerinde aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerler döredilip bilner.
Aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan döwlet taryhy-medeni goraghanalar, taryhy obalar görnüşinde we beýleki görnüşlerde döredilýär.
Aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerleri döretmek we saklamagyň düzgüni Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde kesgitlenilýär.
37-nji madda. Döwlet taryhy-medeni goraghanalar
Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň serhedi gözel ýeriň serhedi bilen gabat gelip bilmez.
38-nji madda. Taryhy mekanlar
VIII BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektine Eýelik Etmegiň We Peýdalanmagyň Aýratynlyklary
39-njy madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine hem-de milli taryhy-medeni mirasyň obýektine eýelik etmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklary
40-njy madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugynyň wemilli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslary
Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugy şu halatlarda ýüze çykýar:
eýesi üçin – eýeçilik hukugyndan;
eýesi bolup durmaýan şahs üçin – döwlet edaralarynyň namalaryndan, şertnamalardan, kazyýet çözgütlerinden, şeýle-de Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.
41-nji madda. Eýeleriň borçlary
1) milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmek boýunça çäreler görmäge;
2) milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýerleşýän ýeri boýunça milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini bellige aldyrmaga;
3) eýeçilik hukuklarynyň nazarda tutulýan ýa-da amala aşyrylan üýtgetmeleri hakynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna habar bermäge;
4) milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini abatlamak, konserwasiýa etmek we dikeltmek boýunça işleri milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmaga;
5) milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ýörite şertnamalar arkaly bellenilýän tertipde we çäklerde ylmy, medeni we başga maksatlarda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine barmagy üpjün etmäge.
42-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugyny amala aşyrmak
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasportyna gorag närsesi hökmünde goşulan maglumatlara laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň daşky we içki keşbini aýap saklamak;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäginiň serhetlerinde ýer, ýergurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmek üçin milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmak;
- ýerlerinde arheologik mirasyň obýektleri ýerleşen çägi goşup, aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerleri saklamagyň düzgünini üpjün etmek;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň eýesi tarapyndan şertleri bellenilýän milli taryhy-medeni mirasyň obýektine jemagatyň elýeterliligi.
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasportyna goşulan maglumatlara laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektiniň daşky we içki keşbini aýap saklamak;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýerlerinde ýer, ýergurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmek üçin milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmak.
43-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine bolan döwlet eýeçiligi
44-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugyny mejbury çäklendirmek üçin esaslar
Şu Kanunyň talaplary bozulan halatlarynda Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugy milli taryhy-medeni mirasyň şol obýektini, gurşap alýan tebigy gurşawyň goralmagyny, aýalyp saklanylmagyny, peýdalanylmagyny we ýaýradylmagyny, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmek üçin munuň zerur bolan çäginde mejbury çäklendirilip bilner.
45-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanylanda mejbury çäklendirme
Eger milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanylanda çäklendirmäniň girizilmek zerurlygyny döreden ýagdaýlar ýa-da şertler düzedilse, bu obýektden peýdalanmagyň tertibi doly möçberde dikeldilýär.
46-njy madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüzeçykarylan obýektinden peýdalanmakhukugyny bes etmegiň esaslary we tertibi
- peýdalanyjy peýdalanmak hukugyndan meýletin boýun gaçyran halatynda;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden muzdsuz peýdalanmak ýa-da kärende hukugyna bolan şertnamanyň möhletiniň gutarmagy boýunça;
- fiziki şahs aradan çykan mahalynda ýa-da ýuridik şahsyň işi bes edilen mahalynda;
- şu Kanunda göz öňünde tutulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy mejbury bes edilen halatlarynda;
- peýdalanyjy tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine bilkastlaýyn zyýan ýetirende;
- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýerleşen ýer bölegi döwlet hajatlary üçin alnanda.
47-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine bolan eýeçilik hukugyny bes etmek
48-nji madda. çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýekti ýerleşen ýer uçastogynaýa-da suw obýektiniň uçastogyna eýeliketmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklary
49-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýrybaşgalamagyň tertibi we esaslary
IX BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektinden Muzdsuz Peýdalanmak Şertnamasynyň We Kärende
Şertnamasynyň Şertleri
50-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň kärende şertnamasynyň şertleri
51-nji madda. Reýestre goşulan we döwlet eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektini muzdsuz peýdalanmaga bermek
- Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän kärhanalara, guramalara we edaralara;
- işiniň tertipnamalaýyn maksady milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak bolup durýan jemgyýetçilik birleşiklerine;
- çagalar jemgyýetçilik birleşiklerine;
- maýyplaryň jemgyýetçilik birleşiklerine;
- dini guramalara;
- döredijilik birleşiklerine;
- medeniýet çygrynda öz işini amala aşyrýan döwlet edaralaryna.
X BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektlerini Goramak Boýunça Işi Maliýeleşdirmek
52-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasy goramak boýunça işi maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;
býujetden daşary gelip gowuşýan serişdeler.
53-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak boýunça işleri maliýeleşdirmek
54-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyňobýektlerini aýap saklamak boýunça işlere öz serişdelerini goýan ýuridik wefiziki şahslara ýeňillikleri bermegiň esaslary
XI BAP. Jemleýji Düzgünler
55-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
56-njy madda. Jedelleri çözmek
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramagyň we peýdalanmagyň meseleleri boýunça ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
57-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak işinde höweslendiriji çäreler
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlete tabşyrylmagy, peşgeş berilmegi, wesýet edilmegi üçin ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde höweslendirilip bilner.
58-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy
Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
59-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry.
№ 341-IV.
| Habarlaşmak üçin |
|---|
| 744000, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan ş., 461 |
| Tel.: 44-00-33 |
| Faks: 92-35-60 |