TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Teatr we teatr işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 143-nji madda)
(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. № 607-V Kanuny esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun teatr we teatr işi babatda döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň döredilmegi we janly ýerine ýetirilişde köpçülige görkezilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, teatr işiniň, şeýle hem onuň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşleriniň hukuk esaslaryny kesgitleýär hem-de raýatlaryň döredijilik islegleriniň we bähbitleriniň emele getirilmegine we kanagatlandyrylmagyna, olaryň estetiki taýdan terbiýelenmegine, Türkmenistanyň halkynyň ruhy mümkinçilikleriniň goralyp saklanylmagyna, ösdürilmegine we baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
I BAP. Umumy Düzgünler
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) teatr – esasy işi teatr sungatynyň eserlerini we beýleki sahna oýunlaryny döretmekden, köpçülikde janly ýerine ýetirmekden we köpçülige görkezmekden ybarat bolan medeniýet edarasy (kärhanasy ýa-da guramasy) ýa-da topary;
2) teatr guramasy – esasy maksady teatryň we (ýa-da) teatrlaryň döredijilik işgärleriniň işini üpjün etmekden ybarat bolan gurama;
3) döwlet teatry, teatr guramasy – ygtyýarly döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan döredilen teatr, teatr guramasy;
4) döwlete dahylsyz teatr, teatr guramasy – fiziki ýa-da eýeçiliginiň görnüşi döwlete dahylsyz bolan ýuridik şahslar tarapyndan döredilen teatr, teatr guramasy;
5) teatryň umumy işi – teatr sungatynyň eserleriniň döredilmegine, köpçülikde ýerine ýetirilmegine we köpçülige görkezilmegine, olaryň ýaýradylmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen, teatr döredijiliginiň, ýörite hünär bilimiň, ylmyň, teatr žurnalistikasynyň, teatr sungatynyň taryhy, nazaryýeti we amalyýeti boýunça neşirýat işleriniň, degişlilikdäki muzeý we arhiw işiniň ösmegi üçin şertleri üpjün edýän çäreleriň toplumy;
6) teatr sungaty – esasy aýratynlygy tomaşaçylaryň öňünde artistleriň janly sahna hereketleriniň kömegi bilen durmuşy çeper beýan etmekden ybarat bolan sungatyň görnüşi;
7) teatr işi – teatr we teatryň umumy işi babatda teatr sungaty eserleriniň döredilmegi, köpçülikde ýerine ýetirilmegi we köpçülige görkezilmegi, olaryň ýaýradylmagy we saklanylmagy bilen baglanyşykly, teatr döredijiliginiň ösmegi, öz hünärine ussat işgärleriň taýýarlanylmagy, teatr sungatynyň naýbaşy nusgalyklaryny wagyz etmek üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iş;
8) teatr işiniň subýektleri – teatr işiniň çygrynda hukuk gatnaşyklarynyň gatnaşyjylary bolup durýan ýuridik we fiziki şahslar;
9) teatr tomaşasy (spektakl) – sahnalaşdyrylan teatr eserini köpçülikde janly ýerine ýetirmek;
10) sahnalaşdyrylan teatr eseri – bitewi bir many-mazmuny we takyk ady bolan, drama, sazly-drama ýa-da edebi eseriň esasynda döredilen teatr eseri;
11) sahna oýny – sahnalaşdyrylan teatr eserini köpçülikde ýerine ýetirmek;
12) sahna eserini goýujy (oýun goýujy režissýor, oýun goýujy suratkeş, oýun goýujy baletmeýster, oýun goýujy dirižýor, oýun goýujy hormeýster) – özbaşdak çeperçilik çözgüdiniň esasynda sahnalaşdyrylan teatr eserini ýa-da onuň aýratyn bölegini amala aşyrýan fiziki şahs;
13) teatryň prodýuseri – göçme çykyşlaryň (gastrol çäreleriniň), sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň köpçülikde ýerine ýetirilmegini we (ýa-da) olaryň köpçülige görkezilmegini gurnaýan, maliýeleşdirmegi üpjün edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;
14) teatryň repertuary – kesgitli döwrüň dowamynda teatrda köpçülikde ýerine ýetirilýän teatr sungaty eserleriniň jemi.
2-nji madda. Teatr we teatr işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
3-nji madda. Teatr we teatr işi babatda döwlet syýasaty
1) teatrlaryň täsirli işi üçin durmuş-ykdysady, hukuk we ylmy şertleriň üpjün edilmegi;
2) raýatlaryň medeniýet işine konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegi we goralmagy;
3) türkmen milli medeniýetiniň ösdürilmegi;
4) medeniýet babatda medeni gymmatlyklaryň, medeni işleriň ähli görnüşleriniň we medeni hyzmatlaryň umumy elýeterliligi;
5) raýatlaryň döredijilik işiniň erkinligi, olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam berilmegi;
6) medeni gymmatlyklaryň başarjaň ulanylmagy arkaly şahsyýete edep we ahlak terbiýesiniň berilmegi;
7) zehiniň gaýtalanmajak özboluşlylygynyň ykrar edilmegi we onuň durmuşa geçirilmegi hem-de talabynyň kanagatlandyrylmagy üçin şertleri döretmekde döwletiň jogapkärçiligi;
8) teatr sungatynyň hünärmenleriniň ýokary hünär, orta hünär we başlangyç hünär bilim edaralarynda taýýarlanylmagynyň we teatryň döredijilik işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagynyň, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi;
9) teatr we teatr işi babatda ylmy barlaglara ýardam bermek; teatr we teatr işini ösdürmegiň döwlet we sebitleýin maksatnamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirilmegine ýardam bermek, olaryň merkezi we ýerli býujetleriň hasabyna maliýeleşdirilmegini üpjün etmek;
10) onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi, karz bermek boýunça ýeňillikleriň, teatr işine aýratyn goşant goşan şahslara ruhy goldawyň we maddy taýdan sylagyň berilmegi arkaly teatr işiniň ösüşini höweslendirmek;
11) teatrlaryň we teatr guramalarynyň özbaşdaklygy, olaryň döwlet goldawyny almaga hukuklary;
12) halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek bolup durýar.
4-nji madda. Teatr sungatynyň umumy elýeterliligi
5-nji madda. Teatr sungaty babatda döredijilik erkinligi
- sahnalaşdyrylan teatr eserini döretmek üçin dramaturgiýany beýan etmekde we açyp görkezmekde, çeperçilik serişdelerini saýlap almakda;
- teatryň repertuaryny meýilleşdirmekde, döretmekde we ondan girdeji almakda;
- iş tertibini, serişdeleri we sahna oýunlarynyň köpçülikde ýerine ýetiriliş ýerlerini we işiň beýleki görnüşlerini saýlap almakda özbaşdaklygy bermek arkaly üpjün edilýär.
6-njy madda. Höwesjeň teatr döredijiligi
II BAP. Teatr We Teatr Işi Babatda Döwlet
Düzgünleşdirmesi
7-nji madda. Teatr we teatr işi babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Teatr we teatr işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
8-nji madda. Teatr we teatr işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Teatr we teatr işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär:
1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň ýöredilmegi;
2) teatr işiniň ösdürilmegi boýunça strategiýanyň kesgitlenilmegi we ýörite döwlet maksatnamalarynyň tassyklanylmagy;
3) raýatlaryň medeni islegleriniň kanagatlandyrylmagy, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň goralmagy;
4) döredijilik işiniň höweslendirilmegi we sylaglanylmagy;
5) işgärleriň taýýarlanylmagynyň guralmagy;
6) teatr işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi;
7) teatr edaralarynyň maliýe-ykdysady, maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi;
8) halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy;
9) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.
9-njy madda. Teatr we teatr işi babatda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygy
Teatr we teatr işi babatda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär:
1) teatr we teatr işi babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi;
2) teatr we teatr işini ösdürmegiň ýörite maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy we amala aşyrylmagy;
3) teatr we teatr işi babatda estetiki terbiýe, çeperçilik taýdan bilim we çeperçilik-mugallymçylyk işi üçin şertleriň döredilmegi;
4) teatrlaryň işiniň utgaşdyrylmagynyň amala aşyrylmagy;
5) teatrlara ylmy-usuly ýolbaşçylygyň amala aşyrylmagy;
6) teatrlaryň infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň we maddy-tehniki binýadynyň berkidilmeginiň üpjün edilmegi;
7) teatr işgärleriniň döredijilik başarjaňlygynyň ösmegi üçin şertleriň döredilmegi;
8) teatr we teatr işi babatda işgärleriň taýýarlygyny, olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny guramak;
9) milli medeniýetiň ösdürilmeginiň meseleleri boýunça ylmy barlaglaryň geçirilmeginiň üpjün edilmegi we utgaşdyrylmagy;
10) teatryň döredijilik işgärlerine hünär derejesini bermek maksady bilen hünär synagynyň tertibini düzmek we geçirmek;
11) olaryň işi barada teatrlaryň döwlet statistik hasabaty boýunça talaplaryň işlenilip düzülmegi;
12) teatr we teatr işi babatda haýyr-sahawatlylygyň we howandarlygyň ösdürilmegine ýardam edilmegi;
13) halkara hyzmatdaşlygynyň guralmagy;
14) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.
10-njy madda. ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň teatr we teatr işi babatda ygtyýarlylygy
ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz tabynlygyndaky ýerlerinde teatr we teatr işi babatda ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär:
1) döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy;
2) teatr we teatr işiniň aýawly saklanylmagy, galkynmagy we ösdürilmegi üçin zerur maddy-enjamlaýyn we guramaçylyk şertleriniň üpjün edilmegi;
3) teatrlaryň işini guramak we olaryň gerimini giňeltmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;
4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.
III BAP. Teatrlar We Teatr Guramalary,
Olaryň Hukuklary We Borçlary
11-nji madda. Teatrlar
Teatrlar döredijilik işiniň hakyky erkinligini üpjün edýän ähli hukuklara eýedir, olar çeperçilik ugruny, repertuary saýlap almakda, teatr sahna tomaşalarynyň köpçülikde ýerine ýetirilmegi baradaky çözgüdi kabul etmekde, sahna eserlerini döretmekde we wagyz etmekde, adamlarda ruhubelentliligi terbiýelemekde özbaşdaklykdan peýdalanýarlar, şeýle hem döredijiligiň we önümçiligiň ösdürilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän hereketleri amala aşyrýarlar.
12-nji madda. Türkmenistanyň teatrlar ulgamy
Teatrlaryň görnüşlerine aşakdakylar girýär:
1) opera, balet, drama, sazly komediýa, sazly drama, ýaş tomaşaçylar, gurjak, gülküli-satira, folklor, kölege, pantomimo we teatrlaryň beýleki görnüşleri;
2) teatr studiýalary, teatr ussahanalary, synag we okuw teatrlary, teatral we sazçylyk sungatynyň merkezleri.
13-nji madda. Teatr işiniň guralyşy
Sahna oýunlaryny döretmek, olaryň köpçülikde ýerine ýetirilmegi we köpçülige görkezilmegi, göçme saparlaryň (gastrollaryň), festiwallaryň, bäsleşikleriň, gözden geçirişleriň, teatrlaşdyrylan-konsert maksatnamalarynyň guralmagy bilen baglanyşykly teatr işi teatryň ýolbaşçysynyň tassyklan we medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan ylalaşylan meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar.
14-nji madda. Teatryň işiniň maksady we esasy görnüşleri
1) teatr sahna oýunlaryny, teatr sungatynyň beýleki eserlerini döretmek, olaryň öz sahnasynda (sahnalarda) we göçme saparlarynda (gastrollarda) köpçülikde ýerine ýetirilmegi we köpçülige görkezilmegi, çeperçilik festiwallaryny, bäsleşikleri, gözden geçirişleri guramak, şeýle hem ýokarda görkezilen çärelere petekleriň satylmagyny amala aşyrmak;
2) ähli derejelerdäki teatr işgärleriniň kämilleşdiriş okuwlaryny guramak;
3) şertnamalaryň esasynda guramalara sahna eserini goýmak hyzmatlaryny etmek, sahna oýunlaryny, konsertleri geçirmek üçin tomaşa lybaslaryny, serişdelerini bermek;
4) ýuridik we fiziki şahslaryň buýurmasy boýunça sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň, konsertleriň çeperçilik bezegi üçin esbaplaryň taýýarlanylmagy;
5) özleriniň sahna meýdançalarynyň beýleki teatrlara göçme çäreleri, bilelikdäki teatr taslamalaryny we maksatnamalary ýerine ýetirmekleri üçin berilmegi.
15-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň hukuklary we borçlary
Teatryň ýerine ýetirýän beýleki tölegli hyzmatlarynyň bahalary (nyrhlary) medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde kesgitlenilýär.
1) sahna oýny görkezilýän wagty tomaşaçylaryň saglygynyň, şeýle hem olaryň saklanyşa beren emläginiň goraglylygyny üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, teatr bildiriş tagtasyny bezemegiň tertibine laýyklykda bezelen bildiriş tagtasyny hemmelere görner ýaly edip, petekleriň satylýan ýerinde we sahnalaşdyrylan teatr eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilýän we (ýa-da) köpçülige görkezilýän ýerinde asyp goýmak;
3) tomaşaçylara sahna oýnunyň geçirilýän ýeri, başlanýan we tamamlanýan wagty, petekleriň bahalary, olary satyn almagyň we yzyna gaýtarmagyň şertleri, tomaşaçylaryň aýratyn toparlaryna berilýän ýeňillikler hem-de sahna oýnuny görmäge ýaş çäklendirmeleri barada maglumatlary bermek;
4) tomaşaçynyň talap etmegine görä, sahna oýny başlamazyndan bir sagat öň, öňünden satylan petekler üçin pullary gaýdyp bermek ýa-da olary beýleki sahna oýunlarynyň peteklerine çalyşmak.
16-njy madda. Teatryň, teatr guramasynyň öz hususy nyşanyna hukugy
17-nji madda. Döwlete dahylsyz teatrlar we teatr guramalary
18-nji madda. Teatr işi amala aşyrylanda howpsuzlyk, raýatlaryň saglygyny goramak düzgünleriniň berjaý edilişi
IV BAP. Teatrlaryň, Teatr Guramalarynyň Döredilmeginiň, Hasaba Alynmagynyň, üýtgedilip Guralmagynyň We Işiniň Bes Edilmeginiň Tertibi
19-njy madda. Teatrlaryň, teatr guramalarynyň döredilmegi, hasaba alynmagy
Teatry döretmek hakyndaky çözgüdi onuň esaslandyryjylary kabul edýärler.
Teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
20-nji madda. Teatrlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy
21-nji madda. Teatrlaryň işiniň bes edilmegi we üýtgedilip guralmagy
22-nji madda. Teatrlaryň birleşmegi
V BAP. Teatrlaryň ýörite Hünärli Döredijilik Işgärleriniň Işi We Olaryň Durmuş Taýdan Goraglylygy
23-nji madda. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň işi
24-nji madda. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygy we olaryň hukuklarynyň kepilliligi
Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygy döwlet tarapyndan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda teatrlaryň esaslandyryjylary tarapyndan üpjün edilýär.
Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň aşakdakylara hukuklary bardyr:
1) eýeçiligiň görnüşine garamazdan, özleriniň hünärlerine we hünär derejelerine laýyklykda teatrlarda işlemäge;
2) hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, gaýtadan taýýarlanmaga, okuwyň görnüşlerini we meýilnamalaryny erkin saýlap almaga, beýleki teatrlarda, şol sanda daşary ýurtlarda hünär tälimini almaga;
3) hünär derejesini almak maksady bilen hünär synagyny geçmäge.
25-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň işgärleriniň taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy, hünär derejeleriniň kämilleşdirilmegi we hünär synagy
VI BAP. Sahnalaşdyrylan Teatr Eserine Emläk
We Emläkleýin Däl Şahsy Hukuklar
26-njy madda. Sahnalaşdyrylan teatr eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmäge hukukly subýektler
27-nji madda. Sahna eserini goýujynyň we artistleriň sahnalaşdyrylan teatr eserine hukuklary
28-nji madda. Teatryň prodýuseriniň borçlary
Teatryň prodýuseri özüniň we sahna eserini goýujynyň arasyndaky şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sahna eserini goýuja aşakdakylary habar bermäge borçludyr:
1) sahnalaşdyrylan teatr eserinde üýtgetmeleri amala aşyrmagyň zerurlygy we sahna eserini goýujynyň olary amala aşyrmagynyň teklip edilýän şertleri hakynda;
2) şertnamadan gelip çykýan, sahna eserini goýujynyň gatnaşmazlygynda sahnalaşdyrylan teatr eserinde amala aşyrylan gyssagly üýtgetmeleri we bu üýtgetmeleriň sebäpleri hakynda;
3) sahnalaşdyrylan teatr eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilmeginiň wagtyndan öň bes edilmegi hakynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulýan sahna oýunlarynyň möçberiniň azaldylmagy hakynda, şeýle hem sahna oýunlaryny köpçülikde ýerine ýetirmegiň iň uzak möhleti ýa-da möçberi şertnamada bellenilmedik ýagdaýynda.
Sahna eserini goýujy sahnalaşdyrylan teatr eserini ýoýulmadan goramak hukugyny ulanyp, sahnalaşdyrylan teatr eseriniň çeperçilik çözgüdini dikeltmek maksady bilen onuň köpçülikde ýerine ýetirilmeginiň wagtlaýyn saklanylmagyny talap edip biler.
29-njy madda. Sahnalaşdyrylan teatr eserine intellektual eýeçilik hukuklarynyň we intellektual eýeçiligiň subýektleriniň hukuklarynyň goragy
Sahnalaşdyrylan teatr eserine intellektual eýeçilik hukuklarynyň goragy we intellektual eýeçiligiň subýektleriniň hukuklarynyň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
VII BAP. Teatrlaryň We Teatr Guramalarynyň Maliýe, Maddy-Enjamlaýyn We Durmuş Taýdan üpjünçiligi
30-njy madda. Teatrlaryň işiniň maliýeleşdirilmegi
1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;
2) teatrlaryň öz serişdeleriniň;
3) kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň serişdeleriniň;
4) hemaýatkärleriň gatançlarynyň;
5) raýatlaryň we olaryň bileleşikleriniň serişdeleriniň;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň.
1) teatr sahna oýnuna satylan peteklerden alnan serişdeler;
2) ýuridik we fiziki şahslaryň buýurmalary boýunça teatryň ýerine ýetiren işleri üçin alnan serişdeler we emläk;
3) ýerlenen ýadygärlik sowgatlyk önümlerinden we teatryň taryhy, nazaryýeti we amalyýeti barada maglumat berýän neşir işlerinden gelen girdejiler;
4) wideo ýazgylaryndan, surata düşürmek we maglumat almak üçin töleglerden gelen serişdeler;
5) teatra degişli bolan we degişlilikdäki şertnama laýyklykda geçirilen intellektual eýeçiliginiň hukuklaryny ulanandygy üçin sylaglar (tölegler);
6) haýyr-sahawat gatançlaryndan we beýleki tölegli hyzmatlardan gelen serişdeler;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.
31-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi
32-nji madda. Teatrlaryň hojalyk işi
Teatrlaryň täjirçilik we täjirçilik däl hojalyk işini amala aşyrmaga hukuklary bardyr.
Teatrlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda täjirçilik hojalyk işiniň şu aşakdaky görnüşlerini amala aşyryp bilerler:
1) ýadygärlik sowgatlyk önümleriniň we gülleriň satuwy;
2) prodýuserçilik işi;
3) teatryň işgärlerini we tomaşaçylary iýmitlendirmegi guramak;
4) teatrda mahabaty ýerleşdirmek;
5) dürli dabaralary guramak;
6) teatrlaryň önümçilik gulluklarynyň we bölümleriniň haryt önümçiligini amala aşyrmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek;
7) lybaslary, aýakgaplary, enjamlary, rekwizitleri, butaforiýalary, grimleri we beýleki serişdeleri kireýine bermek we ýerlemek;
8) teatryň esaslandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan işleriň beýleki görnüşleri.
Şu Kanunyň 14-nji maddasynda görkezilen teatrlaryň işleriniň gönüşleri teatrlaryň täjirçilik däl işlerine degişli edilýär.
33-nji madda. Döwlet teatrlarynyň emlägi
34-nji madda. Teatr işgärleriniň maddy üpjünçiligi hem-de durmuş taýdan goraglylygy
Teatrlaryň artistleriniň we çeper-döredijilik işgärleriniň zähmetine töleg, olaryň pensiýa üpjünçiligi, şeýle hem goşmaça pul tölegi, aýlyk zähmet hakyna artdyrymlar, teatryň ýörite hünärli döredijilik işgärlerine öwezini dolmalaryň we ýeňillikleriň beýleki görnüşleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
VIII BAP. Teatrlaryň We Teatr Guramalarynyň
Halkara We Daşary Ykdysady Işi
35-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň halkara we daşary ykdysady işi
Teatrlaryň halkara medeni hyzmatdaşlyga gatnaşygy aşakda bellenilen tertipde amala aşyrylýar:
1) teatr hakynda özara maglumatlaryň alynmagynyň amala aşyrylmagy, teatr işiniň guralyşynda halkara tejribesiniň öwrenilmegi;
2) halkara maslahatlarynyň, festiwallarynyň, kongresleriniň we simpoziumlarynyň geçirilmegi;
3) teatr işgärleriniň bilelikdäki taýýarlygyny guramak;
4) ylalaşyklara laýyklykda, eger-de ol Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, bilelikdäki gaýry işleri amala aşyrmak.
IX BAP. Jemleýji Düzgünler
36-njy madda. Teatra ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik
Fiziki we ýuridik şahslaryň teatra ýetiren maddy zyýanynyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolunýar.
37-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
38-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.
№ 142-V.
| Habarlaşmak üçin |
|---|
| 744000, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan ş., 461 |
| Tel.: 44-00-33 |
| Faks: 92-35-60 |