Türkmenistanyň Prezidentiniň 

2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda 

çykaran 2389-njy karary bilen 

tassyklandy

 

 

Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni

hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan

düzgünleşdirmek hakynda

DÜZGÜNNAMA

 

I bap. Umumy düzgünler

 

  1. Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.
  2. Düzgünnama Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda (mundan beýläk - toýlar) medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
  3. Düzgünnamanyň esasy maksady:

— toýlarda ýokary hilli medeni hyzmatlaryň edilmegi üçin bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek;

— toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny guramak;

— toýlarda milli medeniýetiň, maddy we ruhy gymmatlyklaryň özboluşlylygyny gorap saklamak, ilatyň ruhy-medeni isleglerini kanagatlandyrmak;

— medeni hyzmatlary amala aşyrýan artistleriň toýlarda özüňi alyp barmagyň kadalaryna we nusgalaryna, geýinmek medeniýetine eýermeklerini gazanmak bolup durýar.

4. Düzgünnamanyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler ulanylýar:

— artistler - medeniýet (döredijilik) işgärleriniň derejelerine degişli bolan sazandalar, aýdymçylar we saz goýberijiler (disk žokeýler), tansçylar, medeni çäreleriň alyp baryjylary, sahna oýunlaryny ýerine ýetirýänler, sirklerde köpçüligi güýmeýän, oýunlary oýnaýan we aýry-aýry sirk oýunlaryny görkezýän masgarabazlar, gözbagçylar, akrobatlar we beýleki artistler;

— toýlarda amala aşyrylýan medeni hyzmatlar - toý tutýan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň sargytlary boýunça artistleriň toýlardaky tölegli hyzmatlary;

— toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslar - toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrmak barada toý tutýan fiziki we ýuridik şahslaryň sargytlaryny kabul edýän hem-de bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýuridik we fiziki şahslar;

— toýlar - biriniň ýa-da bir zadyň şanyna edilýän uly meýlis, şagalaň, dabaraly geçirilýän çäre (nika toýy, çaga toýy, jaý toýy, ýaş toýy we haýsam bolsa bir şanly waka bagyşlanýan beýleki dabaralar).

 

II bap. Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslary döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibi

 

5. Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, olar tarapyndan toýlarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek maksady bilen döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişlidirler.

Artistleriň toýlardaky medeni hyzmatlary ýuridik şahsyň adyndan (zähmet şertnamalary ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça) amala aşyrylýan bolsa, onda toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahs hökmünde şol ýuridik şahs döwlet tarapyndan hasaba alynýar. Şunda artistleriň özleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy talap edilmeýär.

Artistleriň toýlardaky medeni hyzmatlary olaryň özleriniň adyndan amala aşyrylýan bolsa, onda toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahs hökmünde şol artistleriň özleri döwlet tarapyndan hasaba alynýar.

6. Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslary döwlet tarapyndan hasaba almagy, şol şahslaryň arzalary esasynda, ýuridik şahslaryň hukuk salgysy boýunça, fiziki şahslaryň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige alnan ýeri boýunça, degişlilikde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezleri (mundan beýläk - Merkez) amala aşyrýar.

7. Merkez Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslary (mundan beýläk - Şahs) döwlet tarapyndan hasaba almagy, Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahs hökmünde döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada Şahadatnamanyň täzesini, onuň öwezligini (dublikatyny) bermegi tölegli esasda ýerine ýetirýär. Bu tölegleriň möçberleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan tassyklanýar.

8. Şahs özüniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy üçin, Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy hakyndaky arzasyny (Düzgünnama 1-nji goşundy) (mundan beýläk - arza) kagyz görnüşinde ýa-da elektron poçta arkaly Merkeze berýär.

Arza şular goşulýar:

  1. ýuridik şahs üçin - Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnamanyň we bu sanawdan göçürmäniň nusgalary, ýuridik şahsyň esaslandyryjysy (esaslandyryjylary) we ýolbaşçysy barada maglumat (familiýasy, ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, wezipesi, ýaşaýan ýeri we telefon belgileri), olaryň pasportlarynyň nusgasy;
  2. fiziki şahs üçin - hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy, özi barada maglumat (işleýän ýeri, wezipesi, ýaşaýan ýeri we telefon belgileri), pasportynyň nusgasy;
  3. bellenen tölegiň tölenilendigini tassyklaýan resminama.
  4. Merkez Şahs tarapyndan berlin arza we oňa goşulýan resminamalar doly we dogry bolan halatynda, olary kabul edýär.

Arza we oňa goşulýan resminamalar doly däl we (ýa-da) nädogry bolan halatynda, sebäplerini görkezmek bilen, olary kabul etmekden ýüz öwürýär. Eger-de doly däl we (ýa-da) nädogry arza we oňa goşulýan resminamalar elektron poçta arkaly gowuşan bolsa, onda Merkez haýal etmän, resminamalary kabul etmekden ýüz öwrülendigi barada, sebäplerini görkezmek bilen, aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen Şahsa habar berýär.

10. Arzasy we oňa goşulýan resminamalary kabul etmekden ýüz öwrülen Şahs degişli bellikleri düzedenden soň, Düzgünnamanyň sekizinji bölegine laýyklykda, arzany we oňa goşulýan resminamalary gaýtadan Merkeze tabşyryp biler.

11. Merkez arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününden başlap, ýedi senenama gününiň dowamynda Şahsy Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslaryň Sanawyna (Düzgünnama 2-nji goşundy) (mundan beýläk - Sanaw) degişli maglumatlary girizmek hem-de oňa Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahs hökmünde döwlet tarapyndan hasaba alnandygy baradaky Şahadatnamany (Düzgünnama 3-nji goşundy) (mundan beýläk - Şahadatnama) bermek arkaly toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahs hökmünde döwlet tarapyndan hasaba alýar.

Merkez Sanawy degişli welaýat we Aşgabat şäheri boýunça kagyz we elektron görnüşde bellenen tertipde ýöredýär we ol hemmeleriň tanyşmagy üçin açykdyr.

12. Şahadatnamanyň hereketi Türkmenistanyň ähli çägine degişlidir.

13. Şahadatnama:

  1. ýuridik şahslara - 3 ýyl möhlete;
  2. fiziki şahslara - hereket ediş möhleti çäklendirilmezden berilýär.

14. Ýuridik şahs özüne berlen Şahadatnamasynyň möhletiniň gutarmagyna azyndan ýedi senenama güni galanda täze Şahadatnamanyň berilmegi hakynda arzany, onuň ýanyna Düzgünnamanyň sekizinji böleginde   görkezilen   degişli resminamalary we möhleti gutarýan Şahadatnamasyny goşup  kagyz görnüşinde ýa-da elektron poçta arkaly Merkeze berýär. Ýuridik şahs görkezilen möhletde täze Şahadatnamanyň berilmegi hakyndaky arza bilen Merkeze ýüz tutmadyk ýagdaýynda oňa berlen Şahadatnamanyň möhleti gutaranda, onuň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy Düzgünnamanyň on dokuzynjy bölegine laýyklykda ýatyrylýar we Şahadatnamasy hukuk güýjüni ýitirýär.

15. Merkez Düzgünnamanyň on dördünji böleginde görkezilen arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününde täze Şahadatnamany resmileşdirýär we arza beren ýuridik şahsa berýär. Sanawda täze Şahadatnamanyň berlendigi barada degişli bellik edilýär.

16. Şahadatnama berlen ýuridiki şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, ady, hukuk salgysy ýa-da esaslandyryjylary üýtgän mahalynda, Şahadatnama berlen fiziki şahsyň ady, familiýasy ýa-da ýaşaýan ýeri üýtgän ýagdaýynda, olar (ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) on bäş günüň dowamynda Sanawa degişli üýtgetmeleriň girizilmegi we täze Şahadatnamanyň berilmegi hakyndaky arzany, onuň ýanyna Düzgünnamanyň sekizinji böleginde görkezilen degişli resminamalary we öňki Şahadatnamasyny goşup, kagyz görnüşinde ýa-da elektron poçta arkaly Merkeze bermäge borçludyrlar.

Şunda arzada Şahs barada täze maglumatlar, şol sanda Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň girizilendigini tassyklaýan resminamalar hakynda maglumatlar görkezilýär.

17. Merkez Düzgünnamanyň on altynjy böleginde görkezilen arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününden başlap, üç senenama gününiň dowamynda Sanawa degişli üýtgetmeleri girizýär, täze Şahadatnamany resmileşdirýär we arza beren Şahsa berýär.

18. Merkez Şahadatnama ýitirilende, ogurlananda ýa-da ulanyp bolmajak derejede zaýalananda, onuň öwezligini (dublikatyny), onuň eýesiniň arzasynyň gelip gowşan gününde resmileşdirýär we arza beren Şahsa berýär. Sanawda we Şahadatnamada öwezligiň berlendigi barada degişli bellik edilýär. Şunda arzanyň ýanyna bellenen tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminama we eger bar bolsa zaýalanan Şahadatnama goşulýar.

19. Merkez şu ýagdaýlarda Sanawa ondan çykarylandygy barada degişli maglumatlary girizmek we berlen Şahadatnamany yzyna almak arkaly Şahsy döwlet tarapyndan hasaba almagy ýatyrýar:

  1. Şahs döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny ýatyrmak hakyndaky arzasyny beren ýagdaýynda;
  2. ýuridik şahsa berlen Şahadatnamanyň möhleti gutaranda;
  3. ýuridik şahs ýatyrylanda;
  4. kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilende;
  5. fiziki şahs aradan çykanda;
  6. Düzgünnamanyň ýigrimi altynjy böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýda.

20. Merkez Şahsyň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy (şol sanda Şahadatnamanyň täzesiniň, öwezliginiň berlendigi) we onuň ýatyrylandygy baradaky Maglumaty (Düzgünnama 4-nji goşundy), degişli hereketiň edilen gününden başlap, on günüň dowamynda degişlilikde şu edaralara berýär:

  1. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine onuň welaýat we Aşgabat şäher medeniýet müdirlikleriniň üsti bilen;
  2. welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň salgyt edaralaryna.

21. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Sanawy Türkmenistan boýunça kagyz we elektron görnüşde bellenen tertipde ýöredýär we ol hemmeleriň tanyşmagy üçin açykdyr.

 

III bap. Toýlarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagy

 

22. Toýlarda medeni hyzmatlar amala aşyrylanda Şahs hem-de toý tutýan fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda medeniýet babatda göz öňünde tutulan hukuklardan we azatlyklardan doly derejede peýdalanmaga haklydyrlar.

23. Toýlaryň nirede geçirilýändigine garamazdan, olarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan Şahsda Şahadatnamanyň bolmagy hökmany bolup durýar.

24. Şahs şulara borçludyr:

  1. toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyranlarynda artistleri:
  2. artistlik etiketini berjaý etmäge, talabalaýyk we gelşikli lybaslary geýmäge;
  3. özlerini medeniýetli alyp barmaga, ýaramaz endiklerden daşda durup, milli ahlak-edep kadalaryny berjaý etmäge;
  4. ýerine ýetirilýän tanslarda sahna medeniýetiniň kadalaryny berjaý etmäge, ahlaklylyk häsiýetlerine laýyk gelmeýän tans hereketlerini etmezlige;
  5. alyp baryjylar çeper sözli bolup, edebi diliniň kadalaryny, özboluşlylygyny, many goýazlygyny saklamaga;
  6. disk-žokeýler öz repertuarynda mazmun taýdan medeniýete, ruhy-ahlak häsiýetlere laýyk gelmeýän aýdym-sazlary ulanmazlyga;

2. degişli salgyt edarasynda özüni salgyt töleýji hökmünde wagtynda bellenen tertipde hasaba goýdurmaga, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge, şol sanda salgytlary dogry hasaplamaga, doly we wagtynda tölemäge;

3. Düzgünnamanyň kadalaryny berjaý etmäge;

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlaryny berjaý etmäge.

25. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli toý mekanlarynyň, restoranlaryň, kafeleriň we toýlary geçirmek üçin niýetlenen beýleki binalaryň eýeleri agzalan binalarynda toýlaryň geçirilmegi üçin fiziki we ýuridik şahslardan sargytlary kabul edenlerinde, olara toýlarynda medeni hyzmatlary amala aşyrjak Şahsda hökmany suratda Şahadatnamasynyň bolmalydygy we Şahadatnamasy bolmadyk Şahsyň bu hyzmatlary amala aşyrylmagyna ýol berilmejekdigi barada düşündirmäge borçludyrlar.

26. Şahs toýlarda amala aşyran medeni hyzmatlary baradaky Maglumaty (Düzgünnama 5-nji goşundy) kagyz ýa-da sanly ulgamyň üsti bilen elektron görnüşinde, çärýegiň yzyndan gelýän birinji aýyň 10-ndan gijä galman salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlan ýeri boýunça salgyt edarasyna bermäge borçludyr.

Maglumat bellenen möhletde berilmedik ýagdaýynda degişli salgyt edarasy Şahsa Maglumatyň haýal etmezden berilmelidigi barada ýazmaça görnüşde duýdurýar. Maglumat ýazmaça duýduryş berlen gününden başlap, üç senenama gününiň dowamynda berilmedik ýagdaýynda degişli salgyt edarasy bu barada Merkeze resmi habar berýär.

Merkez Maglumat ýeterlik esas bolmazdan berilmändir diýen netijä gelen ýagdaýynda, Sanawda degişli bellik edip, Şahsyň Şahadatnamasyny yzyna alýar we oňa bäş senenama gününiň dowamynda Maglumaty bellenen tertipde bermese, onuň döwlet tarapyndan hasaba alynmagynyň ýatyryljakdygy barada ýazmaça görnüşde duýdurýar. Şahs Maglumaty bellenen möhletde degişli salgyt edarasyna beren ýagdaýynda, Merkez Sanawda degişli bellik edip, oňa Şahadatnamasyny gaýtaryp berýär.

Eger Şahs Maglumaty bellenen möhletde degişli salgyt edarasyna bermese, Merkez onuň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny Düzgünnamanyň on dokuzynjy bölegine laýyklykda ýatyrýar. Döwlet tarapyndan hasaba alynmagynyň ýatyrylmagy şol Şahsy Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar.

27. Şahs Düzgünnamanyň ýigrimi altynjy bölegine laýyklykda döwlet tarapyndan hasaba alynmagynyň ýatyrylmagyna getiren düzgün bozmalary bilen bagly ýüze çykan borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda doly berjaý edendigini degişli resminamalar bilen tassyklan ýagdaýynda, gaýtadan döwlet tarapyndan hasaba alynmagy üçin bellenen tertipde Merkeze ýüz tutup biler.

 

IV bap. Jemleýji düzgünler

 

28. Düzgünnamanyň berjaý edilişine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gözegçilik edýärler.

29. Degişli salgyt edaralary bellenen tertipde Şahslaryň salgyt töleýji hökmünde doly we wagtynda hasaba alynmagyny üpjün edýärler, olar tarapyndan Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine, şol sanda salgytlaryň dogry hasaplanylyşyna, doly we wagtynda tölenilişine gözegçilik edýärler we bu babatda düzgün bozmalaryň ýüze çykmazlygy üçin zerur işleri amala aşyrýarlar.

30. Düzgünnamada bellenen kadalaryň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

31. Toýlarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, şol sanda Şahsy döwlet tarapyndan hasaba almak bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

32. Şahsyň döwlet edaralarynyň özi babatdaky çözgütleri bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, bu babatda kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

33. Toýlarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, şol sanda Şahsy döwlet tarapyndan hasaba almak bilen bagly Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.