TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y 

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 92-nji madda) 

(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 666-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

     Şu Kanun milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak, ýaýratmak we döwlet goragy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär; türkmen halkynyň öz medeni-milli özboluşlylygyny aýap saklamak we ösdürmek, ýaşaýşynyň taryhy-medeni gurşawyny goramak, dikeltmek we aýap saklamak hukugyny; Türkmenistanyň çäginde medeniýetiň döremegi we ösmegi hakynda maglumat çeşmeleriniň aýalyp saklanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär.

 

I Bap. Umumy Düzgünler

 

1-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri düşünjesi

 

      Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri – bu medeni gymmatlyklaryň jemi bolup, olara türkmen halkynyň taryhy, arheologik we arhitektura we beýleki nukdaýnazarlar bilen Türkmenistanyň medeni mirasy we ýurduň taryhy we medeniýeti üçin olaryň aýratyn ähmiýetinden hem-de diňe olary beýleki döwletlere bermek hukugy bolmazdan degişliliginden ugur alyp, Türkmenistanyň milli medeni üstünligini düzýän, taryhy-medeni ähmiýete eýe bolan obýektler (maddy gymmatlyklar) degişlidir.

 

2-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň görnüşleri

 

  1. Türkmenistanyň çäginde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine taryhyň we medeniýetiň gozgalmaýan ýadygärlikleri degişlidir, olar şu aşakdaky görnüşlere bölünýär:

- aýratyn duran ýadygärlikler - aýry-aýry gurluşyklar, olar bilen baglanyşykly žiwopis, heýkeltaraşlyk, bezeg-amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen hem-de görkezilen gurluşyklaryň, jaýlaryň we desgalaryň çäkleri bilen taryhy taýdan emele gelen jaýlar we desgalar; memorial öýler; gonamçylyklar, mawzoleýler we aýry-aýry mazarlar, monumental sungatyň eserleri; taryh, ylym we sungat nukdaýnazaryndan gymmatlyga eýe bolan ylmyň we tehnikanyň obýektleri (harbylary goşup); adamyň ýaşamagynyň yzlaryny saklaýan, ýerde we suw astynda kem-käsleýin ýa-da doly ýapyk we olar hakda esasy ýa-da esasy çeşmelerden biri gazyp agtaryşlar ýa-da tapyndylar bolup durýan, eýýamlaryň we siwilizasiýalaryň subutnamasy bolup durýan arheologik mirasyň obýektleri;

- ansambllar - fortifikasiýa, dini, köşk, ýaşaýyş jaý, jemgyýetçilik, administratiw, söwda, önümçilik, ylmy, okuw maksatly gurluşlar we binalar, olar bilen baglanyşykly žiwopis, heýkeltaraşlyk, bezeg-amaly-haşam sungatyň, arhitekturanyň eserleri, arheologiýa, arhitektura, taryh, estetiki we sosial-medeni nukdaýnazaryndan gymmaty bolan, peýzaž bitewiligi ýa-da arabaglanyşygy bilen baglanyşykly bolan, taryhy taýdan emele gelen çäkde izolirlenen ýa-da birleşdirilen ýadygärlikleriň çäklendirilýän toparlary; şähergurluşyk ansambllaryna degişli edip boljak obalaryň taryhy merkezleri we obalaryň taryhy meýilleşdirmeleriniň we gurluşyklaryň galyndylary; landşaft arhitekturasynyň we bagçylyk-seýilgäh sungatynyň eserleri (baglar, seýilgähler, skwerler, bulwarlar);

- gözel ýerler - adamyň we tebigatyň bilelikdäki döredenleri, şeýle hem arheologiýa, taryh, şähergurluşygy, estetika, etnologiýa ýa-da antropologiýa nukdaýnazaryndan gymmata eýe bolan çäkler, şol sanda halk çeperçilik kärleriniň durmuşda bar bolan ýerleri; taryhy obalaryň merkezleri ýa-da şähergurluşyk meýilleşdirmegiň bölekleri  we gurluşyklary, taryhy (şol sanda harby) wakalar bilen baglanyşykly ýadygärlik ýerleri, landşaftlar; ýadygärlikler, meşhur taryhy şahsyýetleriň durmuşy bilen baglanyşykly tebigy landşaftlar; medeni gatlaklar, gadymy şäherleriň, gadymy şäher harabaçylyklarynyň, obalaryň, düşelgeleriň, däp-dessurlaryň amala aşyrylýan ýerleriniň galyndylary.

  1. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrine girizilen milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň (aýratyn duran ýadygärlikleriň, ansambllaryň, gözel ýerleriň) çäkleri aýratyn goralýan taryhy-medeni çäkler bolup durýarlar.

 

3-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň derejeleri

 

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri şu aşakdaky derejelere bölünýär:

1) ýUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan we goşmak nazarda tutulýan, şeýle hem beýleki ýurtlaryň halklarynyň taryhyna we medeniýetine akyl ýetirmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, ähli adamzadyň bütindünýä mirasy üçin aýratyn taryhy, ylmy, arhitektura, çeperçilik we memorial gymmaty bolan, halkara ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri;

2) Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti üçin taryhy, ylmy, arhitektura, çeperçilik we memorial gymmaty bolan, umumydöwlet ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri;

3) welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň taryhy we medeniýeti üçin taryhy, ylmy, arhitektura, çeperçilik we memorial gymmaty bolan ýerli ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri.

 

4-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak kesgitlemesi

 

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak şu Kanuna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmaga, aýap saklamaga, peýdalanmaga we ýaýratmaga, şeýle hem döwlet goragyny etmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, maliýe, maglumat, maddy-enjamlaýyn we döwlet tarapyndan görülýän beýleki çäreleriň ulgamy hökmünde kesgitlenilýär.

 

5-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaka garanda başga kadalar bellenilse, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

II Bap. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektlerini Goramak Babatda Düzgünleşdirmek

6-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary

 

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

- döwletiň eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine eýelik edýär, peýdalanýar we ygtyýar edýär;

- şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň işiniň kadalaşdyryjy düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň döwlet maksatly maksatnamalaryny kabul edýär;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýar etmegiň kadalaryny hem-de düzgünlerini belleýär;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, döwlet tarapyndan hasaba almagyň, barlamagyň, konserwasiýa etmegiň, dikeltmegiň, saklamagyň, regenerasiýasynyň, muzeýefikasiýasynyň, wagyz-nesihatyň, peýdalanmagyň tertibini belleýär;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň çäginiň serhetlerini we olary goramagyň zolaklaryny saklamagyň we bellemegiň tertibini, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň çäklerinde we olary goramagyň zolaklarynda gurluşyk, abatlaýyş we beýleki işleri geçirmegiň tertibini belleýär;

- taryhy-medeni goraghanalary we taryhy obalary döretmegiň tertibini we saklamagyň düzgünini kesgitleýär;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

8-nji madda. Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlygy

Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň döwlet maksatly maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň meseleleri boýunça gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrýar;

- ähli derejelerdäki milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň aýalyp saklanylmagyna howp döredýän işi togtadýar we gadagan edýär;

- Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrini ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;

- döwlet taryhy-medeni seljerişi geçirmegiň tertibini belleýär;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlygy

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň konserwasiýasy, dikeldilişi we ulanylmaga ýaramly edililşi boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýüze çykarylmagyny, hasaba alynmagyny, aýap saklanylmagyny, goralmagyny, ýaýradylmagyny we peýdalanylmagyny amala aşyrýar;

- Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrini ýöredýär;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlet taryhy-medeni seljermesini guraýar we amala aşyrýar;

- barlag, taslama-gözleg we dikeldiş-konserwasiýa işlerini geçirmek üçin rugsat beriji resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berýär;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

10-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy

öz tabynlygyndaky çäklerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmakda, hasaba almakda, aýap saklamakda, goramakda, dikeltmekde we peýdalanmakda ýardam edýärler;

- degişli çäkleri ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynda ýerli ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini hasaba almagy, aýap saklamagy, goramagy we dikeltmegi guramak boýunça çäreleri göz öňünde tutýarlar;

-şäherleri we beýleki ilatly ýerleri meýilleşdirmegiň, gurmagyň we durkuny täzelemegiň taslamalary işlenip taýýarlananda we tassyklananda ähli derejelerdäki milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak we aýap saklamak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylan taryhy-arhitektura daýanç meýilnamalaryny we kart-shemalaryny düzmegi üpjün edýärler;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri üçin gorag borçnamalaryny resmileşdirýärler we bu obýektleriň ýerleşen çägindäki eýeleri, peýdalanyjylar, şeýle hem guramalar, kärhanalar, Geňeşler tarapyndan olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

11-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramaga ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşmagy

Ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri we muzeýler:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýüze çykarylmagyna gatnaşýarlar, olarda ylmy-barlag işini geçirýärler;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýaýradylmagyny geçirýärler;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak meselelerini ylmy barlaglaryň meýilnamalarynda we öwrenmegiň we okatmagyň okuw maksatnamalarynda göz öňünde tutýarlar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça ylmy maslahatlary berýärler;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirýärler.

12-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramaga jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy

  1. Tertipnamalarynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmagy, aýap saklamagy, peýdalanmagy we ýaýratmagy işiniň esasy ugry hökmünde göz öňünde tutulýan jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanunda bellenen tertipde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramaga gatnaşýarlar.
  2. Raýatlar we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri, şol sanda dini guramalar milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýardam edýärler.
  3. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanunda bellenen tertipde we Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrinde saklanýan maglumatlaryň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýekti hakyndaky maglumatlary päsgelçiliksiz almak hukugyna eýedirler.
  4. Her bir raýat şu Kanunda bellenen tertipde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine barmak hukugyna eýedir.

III Bap. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň

Obýektleriniň Döwlet Goragy

13-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlet goragyny üpjün etmek

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine zyýan ýetirýän, olaryň ýok edilmeginiň, weýran edilmeginiň, peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň bozulmagynyň we beýleki hereketleriň öňüni almak maksady bilen, şeýle hem daşky gurşawa amatsyz täsirden we beýleki ýaramaz täsirlerden olary goramak maksady bilen döwlet tarapyndan goralmaga degişlidir.
  2. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlet goragy şu aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak we peýdalanmak babatda kanunçylygyň berjaý edilişine döwlet tarapyndan gözegçilik etmek bilen;

- taryhy-medeni gymmaty bolan obýektleri döwlet tarapyndan hasaba almak we Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrini ýöretmek bilen;

- döwlet taryhy-medeni seljerişi geçirmek bilen;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň gorag zolaklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak boýunça işleri geçirmäge, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerinde barlaglary geçirmäge rugsatlary bermek bilen;

- gorag nyşanlaryny oturtmak bilen;

- milli taryhy-medeni mirasyň ýagdaýyna monitoringi amala aşyrmak bilen;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreler bilen.

14-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň gorag zolaklary

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagyny onuň çäkleri bilen utgaşdyryp, onuň taryhy gurşawynda üpjün etmek maksady bilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektini goramagyň zolaklary bellenilýär: gorag zolagy, gurluşyklary we hojalyk işini düzgünleşdirmek zolagy (bufer zolagy), goralýan tebigy landşaftyň zolagy.

Zolaklaryň zerur düzümi medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynyň taslamasy bilen kesgitlenilýär.

  1. Gorag zolagy çäklerinde onuň taryhy landşaft gurşawy bilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen çäginde hojalyk işini çäklendirýän we gurluşygy gadagan edýän ýerleri peýdalanmagyň aýratyn düzgüni ulanylýar, milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-şähergurluşyk we tebigy gurşawyny aýap saklamaga we regenerasiýasyna gönükdirilen ýörite çäreleriň ulanylmagy muňa degişli däldir.
  2. Gurluşygy we hojalyk işini düzgünleşdirmegiň zolagy çäklerinde gurluşyk we hojalyk işini çäklendirýän ýerleri peýdalanmagyň düzgüni girizilýän çäkde bellenilýär, şeýle hem bar bolan jaýlaryň we desgalaryň durkuny täzelemäge bolan talaplar kesgitlenilýär.
  3. Goralýan tebigy landşaftyň zolagy çäklerinde derýalaryň jülgesini, suw howdanlaryny, dag etegini we milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri bilen kompozision baglanyşykly giňişligiň açylmagyny goşup, tebigy landşafty aýap saklamak we regenerasiýasy maksady bilen bar bolan jaýlaryň we desgalaryň gurluşygyny we durkunyň täzelenmegini, hojalyk işini  gadagan edýän ýa-da çäklendirýän ýerleri peýdalanmagyň düzgüni girizilýän ýerde bellenilýär.
  4. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň goralýan zolaklarynyň serhetleri, şol zolaklaryň serhetlerindäki ýerleri we şähergurluşyk dessurlaryny peýdalanmagyň düzgünleri milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşyp, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň obýektini goramak zolaklarynyň taslamasynyň esasynda tassyklanylýar.
  5. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň goralýan zolaklarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna, şeýle hem bu zolaklaryň serhetlerinde ýerleri peýdalanmagyň düzgünine we şähergurluşyk dessuryna bolan talaplar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde kesgitlenilýär.

 

15-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna gözegçiligi guramak

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy we onuň ýerlerdäki gurluşlary Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestrine goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna gözegçilik etmäge we milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň maglumatlaryny aýap saklamak boýunça häzirki we geljekki maksatnamalary işläp taýýarlamak maksady bilen bäş ýylda bir gezek milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna barlag geçirmäge we bellige almaga borçludyrlar.

 

IV BAP. Türkmenistanyň Milli Taryhy-Medeni

Mirasynyň Obýektleriniň Döwlet Reýestri

16-njy madda. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri düşünjesi

  1. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri (mundan beýläk – Reýestr) milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň geografik ýagdaýy, hukuk statusy, mukdar we hil häsiýetnamalary we olara baha bermek hakynda täzelenýän maglumatlardan we resminamalardan durýan, maglumatlar bankyny öz içine alýan döwlet maglumat ulgamydyr.
  2. Reýestrdäki saklanylýan maglumatlar milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri we olaryň çäkleri, şeýle hem döwlet ýer kadastry döredilende we ýöredilende, şähergurluşyk resminamasy, bu maglumaty ulanýan (nazara alýan) beýleki maglumat ulgamlarynda ýa-da maglumatlar banklarynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň gorag zolaklary hakyndaky esasy maglumat çeşmeleridir. 

17-nji madda. Reýestri ýöretmek

  1. Reýestri ýöretmek milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň üstüne ýüklenilýär.
  2. Reýestri ýöretmek milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça işleri öz içine alýar.

Resminamalaryň sanawy, olary ýöretmegiň görnüşleri, hasaba alyş resminamalaryny doldurmak boýunça maslahatlar milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar. Görkezilen resminamalar Reýestriň bir bölegidir we möhletsiz saklanylmaga degişlidir.

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýekti bellige alnanda Reýestre şu aşakdaky maglumatlar girizilýär:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň bellige alnan belgisi;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestre goşmak üçin hödürnama beren edara hakyndaky maglumatlar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestre goşmak hakynda kesgitlenen resminamanyň belgisi we senesi;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň görnüşi;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ady;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýüze çykan wagty ýa-da döredilen senesi, obýektiň esasy üýtgetmeleriniň we (ýa-da) onuň bilen baglanyşykly taryhy wakalaryň wagty;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýerleşýän ýeri;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň derejesi;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini Reýestre girizmek üçin esas bolup hyzmat eden we üýtgedilmäge degişli bolmadyk onuň aýratynlyklarynyň beýany;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäkleriniň serhetleriniň beýany.

  1. Reýestre milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň gorag zolaklarynyň bardygy hakynda maglumatlar girizilýär.
  2. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri hakyndaky maglumatlaryň monitoringi Reýestre girizilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri hakyndaky maglumatlary öz wagtynda üýtgetmek maksady bilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy hem-de onuň çäk gurluşlary tarapyndan amala aşyrylýar.
  3. Reýestriň resminamalaşdyrylan üpjünçiligi milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar hem-de şu Kanun bilen bellenilen Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri hakyndaky maglumatlary özünde saklaýan resminamanyň taýýarlanylmagyny we saklanylmagyny öz içine alýar. Görkezilen resminamanyň esasynda Reýestriň awtomatlaşdyrylyp ýöredilmegini üpjün edýän onuň maglumat serişdeleri döredilýär.

18-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini Reýestre goşmagyň tertibi

  1. Taryhy-medeni gymmaty bolan obýektleri Reýestre goşmak hukugy medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna degişlidir.
  2. Taryhy-medeni gymmaty bolan obýektler bu obýektleri Reýestre goşmagyň maksadalaýykdygy hakynda döwlet taryhy-medeni seljerişiň netijenamasynyň alnan gününden başlap milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektlerine degişlidir.
  3. Arheologiýa ýadygärlikleri olaryň ýüze çykarylan pursadyndan milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektlerine degişlidir.
  4. Taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki taryhy-medeni gymmatlygy bolan täze ýüze çykarylan obýektler  mundan beýläk olary şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda Reýestre goşmak hakyndaky karara çenli goralmaga degişlidir.
  5. Milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektleri döredilen pursadyndan ýa-da taryhy wakalardan azyndan kyrk ýyl geçen pursadyndan Reýestre goşulyp bilner. Türkmenistanyň öňünde aýratyn hyzmatlary bolan, ajaýyp şahsyýetleriň durmuşy we işi bilen baglanyşykly we gös-göni görkezilen adamlar aradan çykandan soň milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektleri diýlip hasap edilýän memorial öýler we memorial jaýlar kadadan çykma bolup durýarlar.
  6. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň eýesine görkezilen obýektiň Reýestre goşulandygy hakynda kararyň kabul edilen pursadyndan başlap otuz günüň içinde habar bermäge borçludyr.

19-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasporty

  1. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine pasport berilýär. Pasporta milli taryhy-medeni mirasyň obýektini goramagyň mazmunyny düzýän maglumatlar we Reýestrdäki beýleki maglumatlar girizilýär.

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasportynyň görnüşi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasporty gozgalmaýan emläge hem-de milli taryhy-medeni mirasyň obýekti ýa-da çäklerinde oňa ygtyýar edilýän ýer uçastogy ýa-da suw obýektiniň uçastogy bilen geleşikler amala aşyrylanda onuň bilen geleşiklere bolan hukuklary döwlet tarapyndan bellige alýan edara berilýän hökmany resminamalardan biridir. 

20-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestrden çykarmak

Obýekt milli taryhy-medeni mirasyň obýekti hökmünde öz gymmatlylygyny fiziki taýdan doly ýitirse ýa-da ýitirilse, milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestrden çykarmak barada ony kesgitlän döwlet taryhy-medeni seljerişiň netijenamasy esasynda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

V BAP. Döwlet Taryhy-Medeni Seljeriş

21-nji madda. Döwlet taryhy-medeni seljerişiniň maksatlary

  1. Döwlet taryhy-medeni seljeriş (mundan beýläk - Seljerme) şu aşakdaky maksatlar bilen geçirilýär:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň Reýestre goşulmagyny esaslandyrmak;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesini kesgitlemek;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesiniň üýtgedilmegini esaslandyrmak;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Reýestrden çykarmak;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini, şähergurluşyk we taslama resminamasyny, şähergurluşyk dessurlaryny, şeýle hem bellenilýän ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri goramak zolaklarynyň taslamalarynyň milli-taryhy medeni mirasyň obýektini döwlet tarapyndan goramagyň talaplaryna laýyk gelşini kesgitlemek;

- taslama resminamasynyň we önümçilik işleriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektini abat saklamaga bolan kadalaşdyryjy talaplara laýyk geliş derejesini kesgitlemek;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini bütindünýä medeni mirasynyň obýektlerine degişli etmek.

  1. Seljerişiň netijenamasyna medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

 

22-nji madda. Seljerişi geçirmegiň ýörelgeleri

Seljeriş şu aşakdaky ýörelgeleriň esasynda geçirilýär:

- ylmy taýdan esaslandyrmak, obýektiwlik we kanunylyk;

- islendik bellenilýän hojalyk işinde milli taryhy-medeni mirasy aýap saklamak prezumpsiýasy;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýekti babatynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek;

- gyzyklanýan şahslara döwlet taryhy-medeni seljeriş üçin berilýän maglumatyň dogrulygy we dolulygy;

- bilermenleriň garaşsyzlygy;

- aýanlyk.

23-nji madda. Seljerişiň obýektleri

Şu aşakdakylar Seljerişiň obýektleridir:

- şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryna eýelik edýän obýektler;

- hojalyk taýdan özleşdirilmäge degişli ýer uçastoklary;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň Reýestre goşulmagyny esaslandyrýan resminamalar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň Reýestrden çykarylmagyny esaslandyrýan resminamalar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesini üýtgetmäge esaslandyrýan resminamalar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň taryhy-medeni goraghanalara, bütindünýä medeni mirasynyň obýektlerine degişli edilmegini esaslandyrýan resminamalar;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynyň taslamalary;

- şu Kanunda bellenen halatlarda şähergurluşyk we taslama resminamasy, şähergurluşyk dessurlary;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektini aýap saklamak boýunça işleriň geçirilmegini esaslandyrýan resminama;

- hojalyk işiniň obýektiniň ýeriniň ýerleşdirilmegini deslapdan saýlamagy esaslandyrýan materiallar;

- amala aşyrylmagy milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine göni ýa-da gytaklaýyn täsir etjek ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleriň geçirilmegini esaslandyrýan resminama.

24-nji madda. Seljerişi geçirmegiň şertleri

  1. Seljeriş amala aşyrylmagy milli taryhy-medeni mirasyň obýektine göni ýa-da gytaklaýyn täsir edip biljek ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleriň başlanmagyna çenli we (ýa-da) şähergurluşyk we taslama resminamasynyň, şähergurluşyk dessurlarynyň tassyklanmagyna çenli geçirilýär.
  2. Seljerişe degişli obýektlerde işleri geçirýän buýrujy onuň geçirilmegini töleýär.
  3. Seljerişi geçirmegiň tertibi, bilermenler hökmünde çekilip bilinjek ýuridik we fiziki şahslary kesgitlemäge bolan talaplar, bilermenlere bildirilýän resminamalaryň sanawy, olara garamagyň tertibi, bu Seljerişiň çäklerinde beýleki barlaglary geçirmegiň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär. 

25-nji madda. Seljerişiň netijenamasy

  1. Seljerişiň netijenamasy nama görnüşinde resmileşdirilýär, onda şu Kanunyň 24-nji maddasynyň 3-nji böleginde kesgitlenilen tertipde bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri bardyr.
  2. Seljerişiň netijenamasy şu Kanunyň 24-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen işleri geçirmegiň mümkinçilikleri hakynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan karar kabul etmek üçin, şeýle hem şu Kanunyň 23-nji maddasynda görkezilen, milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri hakynda Seljerişiň netijenamasyndan gelip çykýan beýleki kararlary kabul etmek üçin esas bolup durýar. Seljerişiň netijenamasy bilen razy bolmadyk mahalynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy öz başlangyjy boýunça ýa-da gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenen tertipde gaýtadan Seljerişi bellemäge haklydyr.
  3. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň karary bilen razy bolmadyk mahalynda ýuridik ýa-da fiziki şahs bu karara kazyýete şikaýat edip biler.

 

 

26-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Bütindünýä mirasyň sanawyna goşmak üçin esaslar we degişli resminamany bermegiň tertibi

  1. Meşhur uniwersal taryhy, arheologik, arhitektura, çeperçilik, ylmy, estetik, etnologik we antropologik gymmaty bolan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýada bellenen tertipde Bütindünýä medeni mirasyň obýektlerine degişli edilip bilner.
  2. Umumydöwlet ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Bütindünýä mirasyň sanawyna goşmak hakynda döwlet taryhy-medeni seljerişiň netijenamasy we bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Bütindünýä mirasynyň komitetiniň (ýUNESKO) talaplaryna laýyklykda resmileşdirilen resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde ýUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparyna iberilýär.

VI BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň

Obýektlerini Aýap Saklamak

27-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýapsaklamak boýunça çäreler

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini aýap saklamak häzirki zamanda peýdalanmak üçin konserwasiýany, abatlamagy, dikeltmegi, ulanmaga ýaramly etmegi öz içine alýan onuň fiziki abat saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri, şeýle hem olar bilen baglanyşykly ylmy-gözleg, taslama we önümçilik işlerini öz içine alýar.

Aýratyn halatlarda arheologiýa ýadygärligini aýap saklamak diýlip gazyp-agtaryşlardan arheologik tapyndylary doly ýa-da kem-käsleýin almak bilen, şu Kanunda kesgitlenen tertipde amala aşyrylýan halas ediş arheologik meýdan işlerine düşünilýär.

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň konserwasiýasy – munuň özi ony bar bolan görnüşde aýap saklamak we onuň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýän ylmy-barlag, gözleg, taslama we önümçilik işleriniň, şol sanda awariýa garşy (berkidiji) işleriň toplumydyr.
  2. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini abatlamak – gorag närsesini düzýän, onuň aýratynlyklaryny üýtgetmezden ony ulanyş ýagdaýynda saklamak üçin geçirilýän ylmy-barlag, gözleg, taslama we önümçilik işleridir.
  3. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini dikeltmek – munuň özi onuň taryhy-medeni gymmatlygyny ýüze çykarmak we aýap saklamak maksady bilen geçirilýän ylmy-barlag, gözleg, taslama we önümçilik işleridir.
  4. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini döwrebap peýdalanmak üçin ýaramly etmek – munuň özi goragyň närsesi bolup durýan onuň aýratynlyklaryny üýtgetmezden ony döwrebap peýdalanmak üçin şertleri döretmek maksady bilen geçirilýän ylmy-barlag, taslama we önümçilik işleridir, şol sanda taryhy-medeni gymmaty bolan elementleri dikeltmekdir.
  5. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini döwrebap peýdalanmak üçin konserwasiýa, abatlamak, dikeltmek we ulanmaga ýaramly etmek boýunça işler medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän ýörite rugsadyň esasynda ýöriteleşdirilen ylmy-barlag guramalary, beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan geçirilýär.

28-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň ýitirilen obýektini täzeden döretmek

Milli taryhy-medeni mirasyň ýitirilen obýektini täzeden döretmek aýratyn halatlarda görkezilen obýektiň aýratyn taryhy, arhitektura, sungaty öwreniş, ylmy, şähergurluşyk, çeperçilik ýa-da beýleki medeniýet ähmiýeti bolanda dikeltmek usuly bilen we ony täzeden döretmek üçin gerek bolan ýeterlik ylmy maglumatlar bolanda amala aşyrylýar.

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we býujetden daşary gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna täzeden döretmek hakynda karar gyzyklanýan edaralaryň we guramalaryň pikirlerini hasaba almak bilen Seljerişiň netijenamasynyň esasynda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýär. 

29-njy madda. Taryhy we medeni ýadygärlikleriň gazyp-agtaryşlaryny we gözleglerini alyp barmak

  1. Taryhy we medeni ýadygärliklerde we olaryň gorag zolaklarynda arheologik gazyp-agtaryşlaryny we gözleglerini alyp barmak diňe medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýanyndaky taryhy we medeni ýadygärliklerde arheologik barlaglar boýunça Ylmy geňeş (mundan beýläk – Ylmy geňeş) tarapyndan berilýän rugsatlar bolan mahalynda amala aşyrylýar.
  2. Ylmy geňeşiň düzümi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy guramalarynyň we Türkmenistanyň bilim edaralarynyň wekillerinden döredilýär. Ylmy geňeş we onuň düzümi hakyndaky düzgünnama medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
  3. Taryhy we medeni ýadygärliklerde arheologik gazyp-agtaryşlary we gözlegleri geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
  4. Taryhy we medeni ýadygärlikleriň barlagyny amala aşyrýan şahslar olaryň ilkinji konserwasiýasyny we abat saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.
  5. Türkmenistanyň çäginde arheologik barlaglaryň netijesinde ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ýüze çykarylan, taryhy, ylmy, medeni we beýleki gymmatlygy bolan närseler ylmy taýdan bellige alnandan we işläp taýýarlamadan soň Türkmenistanyň döwlet muzeýlerine berilýär. Olary Türkmenistanyň çäklerinden daşyna çykarmak gadagandyr.

30-njy madda. Peýdalanmaga berlen ýerlerde ýerleşýän taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň abat saklanylmagyny üpjün etmek

Kärhanalar, guramalar, edaralar, raýatlar, daýhan we jemgyýetçilik birleşikleri özlerine peýdalanmaga berlen ýerlerde ýerleşýän milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň abat saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

31-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäginde we milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynda ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri taslamagyň we geçirmegiň aýratynlyklary

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň goralýan zolaklarynyň çäginde ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalary medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylmaga degişlidir.
  2. ýadygärligiň ýa-da ansamblyň çäginde ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri taslamak we geçirmek gadagandyr, şol ýadygärligi ýa-da ansambly we (ýa-da) olaryň çäklerini aýap saklamak boýunça işler, şeýle hem ýadygärligiň ýa-da ansamblyň bitewiligini bozmaýan we olaryň zeper ýetirilmegine, weýran edilmegine ýa-da ýok edilmegine howp döretmeýän hojalyk işi muňa degişli däldir.

32-nji madda. ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işler taslanylandawe geçirilende milli taryhy-medenimirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmek boýunça çäreler

  1. ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri taslamak we geçirmek şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda hojalyk taýdan özleşdirilmäge degişli çäklerde milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryna eýelik edýän obýektleriň ýokdugy hakynda Seljermäniň netijenamasy bolan mahalynda amala aşyrylýar.
  2. Şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda hojalyk taýdan özleşdirilmäge degişli çäkde milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryny özünde saklaýan obýektler ýüze çykarylsa, ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryna şu Kanunda bellenen tertipde bu obýektleriň Reýestre goşulmagyna çenli ýüze çykarylan obýektleriň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmek hakyndaky bölümler girizilmelidir. Şunda bu çäkdäki ýergurluşyk, şähergurluşyk we taslama resminamasynyň, bu çäkde şähergurluşyk dessurlarynyň düzgünleriniň hereketi degişli üýtgetmeleriň girizilmegine çenli togtadylýar.

33-nji madda. Taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň çäginde we milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň gorag zolaklarynda ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek

      Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň bitewiliginiň we aýalyp saklanylmagynyň bozulmak howpy bolanda bu obýektiň çäginde ýa-da ony goramagyň zolaklarynda ulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär ýa-da gadagan edilýär.

 

34-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini aýap saklamak boýunça işleriň ähli görnüşleri geçirilende milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagy üçin jogapkärçilik

    Milli taryhy-medeni mirasyň obýektini aýap saklamak boýunça işleriň ähli görnüşleriniň geçirilýän döwründe milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň aýalyp saklanylmagy üçin jogapkärçiligi işleri geçiriji çekýär.

35-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çägini peýdalanmak  düzgünini üpjün etmek boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

      Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäginde hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar bu çägi peýdalanmagyň şu Kanunda bellenilen düzgünini berjaý etmäge borçludyrlar.

VII BAP. Aýratyn Goralýan Taryhy-Medeni ýerler

36-njy madda. Aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerleri döretmek

     Reýestre girizilen aýratyn taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmaty bolan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýerlerinde aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerler döredilip bilner.

     Aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan döwlet taryhy-medeni goraghanalar, taryhy obalar görnüşinde we beýleki görnüşlerde döredilýär.

     Aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerleri döretmek we saklamagyň düzgüni Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde kesgitlenilýär.

 

37-nji madda. Döwlet taryhy-medeni goraghanalar

  1. Saklamagyň aýratyn düzgünine mätäçlik edýän, taryhy-medeni we tebigy gatlagyň ajaýyp bitewilikleri bolan gözel ýerler; taryhyň we medeniýetiň täsin ýadygärlikleriniň toplumlary; öz ähmiýeti boýunça gaýtalanmaýan şäherleriň merkezleri we kwartallary; aýratyn ylmy, taryhy-çeperçilik we (ýa-da) beýleki taryhy-medeni gymmatlygy bolan ansambllar Seljermäniň netijenamasynyň esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen döwlet taryhy-medeni goraghanalar diýlip yglan edilip bilner.
  2. Döwlet taryhy-medeni goraghanalar umumydöwlet we ýerli ähmiýetli bolup bilerler.
  3. Umumydöwlet ähmiýetli döwlet taryhy-medeni goraghanany döretmek, dolandyrmagyň görnüşi, serhedi, ony saklamagyň düzgüni Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde, ýerli ähmiýetli bolsa, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
  4. Döwlet taryhy-medeni goraghanalar öz işini medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamanyň esasynda amala aşyrýarlar.
  5. Jaýlarynda we desgalarynda taryhy we çeperçilik gymmatlyklar, saklanylmaga we köpçülikleýin görkezilmäge degişli muzeý närseleri bolan döwlet taryhy-medeni goraghanany saklamagyň tertibi we şertleri "Muzeýler we muzeý işi hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we şu Kanun bilen düzgünleşdirilýär.
  6. Döwlet taryhy-medeni goraghananyň serhedi taryhy-medeni daýanç meýilnamasynyň we (ýa-da) beýleki resminamalaryň we materiallaryň esasynda kesgitlenilýär, olarda hödürlenilýän serhet esaslandyrylýar.

Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň serhedi gözel ýeriň serhedi bilen gabat gelip bilmez.

38-nji madda. Taryhy mekanlar

  1. Taryhy mekan – onuň ýeriniň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşlylygyny, onuň dünýä siwilizasiýasyna goşandyny aýap saklamak üçin möhüm ähmiýeti bolan, arheologik, taryhy, arhitektura, şähergurluşyk, estetiki, ylmy ýa-da sosial-medeni gymmaty bolan, geçmişde döredilen beýleki medeni gymmatlyklar ýerleşen şäher ýa-da oba mekanydyr.
  2. Taryhy mekanda taryhy taýdan ähli gymmatly şäher dörediji obýektler döwlet tarapyndan goralmaga degişlidir: meýilleşdirmek, gurmak, kompozisiýa, tebigy landşaft, arheologik gatlak, dürli şäher giňişlikleriniň arasyndaky gatnaşyk (erkin, gurlan, gür baglyga öwrülen), göwrüm-giňişlik gurluşy, fragmentar we harabaçylyga öwrülen şähergurluşyk mirasy, möçber, göwrüm, gurluşy, stili, materiallary, reňki we bezeg elementleri bilen birleşen jaýlaryň we desgalaryň görnüşi we keşbi, tebigy we adam tarapyndan döredilen gurşaw bilen gatnaşyk, ösüş prosesinde özüniň edinen taryhy mekanynyň dürli wezipeleri, şeýle hem beýleki gymmatly obýektler.
  3. Taryhy mekanda şähergurluşyk, hojalyk we beýleki iş şu Kanuna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň we bu mekanyň taryhy taýdan gymmatly ähli şäher dörediji obýektleriniň aýalyp saklanylmagy üpjün edilen mahalynda amala aşyrylmalydyr.

VIII BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektine Eýelik Etmegiň We Peýdalanmagyň Aýratynlyklary

39-njy madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine hem-de milli taryhy-medeni mirasyň obýektine eýelik etmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklary

  1. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektine eýelik etmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklary şu Kanun bilen kesgitlenilýär.
  2. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri olaryň taryhy-medeni ähmiýetiniň derejesine garamazdan eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçiligiň döwlet, hususy we beýleki görnüşlerinde bolup bilerler.
  3. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň eýesi Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň özüne degişli obýektini ýa-da şu Kanunyň talaplaryny hasaba almak bilen milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektini saklamagyň agyr ýüküni  çekýär.
  4. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektini ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykaralan obýektini satyn almak-satmak şertnamasy döwlet tarapyndan bellige alnanda täze eýesi olary aýap saklamak boýunça özüne borçnamalar alýar.

 

40-njy madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugynyň wemilli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslary

 

Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugy şu halatlarda ýüze çykýar:

eýesi üçin – eýeçilik hukugyndan;

eýesi bolup durmaýan şahs üçin – döwlet edaralarynyň namalaryndan, şertnamalardan, kazyýet çözgütlerinden, şeýle-de Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça. 

41-nji madda. Eýeleriň borçlary

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň eýeleri olary aýap saklamak boýunça işi amala aşyrýarlar we şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmek boýunça çäreler görmäge;

2) milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýerleşýän ýeri boýunça milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini bellige aldyrmaga;

3) eýeçilik hukuklarynyň nazarda tutulýan ýa-da amala aşyrylan üýtgetmeleri hakynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna habar bermäge;

4) milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini abatlamak, konserwasiýa etmek we dikeltmek boýunça işleri milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmaga;

5) milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ýörite şertnamalar arkaly bellenilýän tertipde we çäklerde ylmy, medeni we başga maksatlarda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine barmagy üpjün etmäge.

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň eýeleriniň we peýdalanyjylarynyň borçnamalary milli taryhy-medeni mirasyň gozgalmaýan obýektlerini goramak hakynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýän resminamada bellenilýär. 

42-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugyny amala aşyrmak

  1. Eger munuň özi milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmasa, gurşap alýan taryhy-medeni we tebigy gurşawa zyýan ýetirmese, şeýle hem beýleki şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozmasa, ýuridik we fiziki şahslar Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerinden peýdalanmak hukugyny we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektlerinden peýdalanmak hukugyny öz islegine görä amala aşyrýarlar.
  2. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini şu Kanuna ters gelýän maksatlar we usullar bilen peýdalanmak gadagandyr.
  3. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri şu aşakdaky talaplary hökmany ýerine ýetirmek bilen ulanylýar:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasportyna gorag närsesi hökmünde goşulan maglumatlara laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň daşky we içki keşbini aýap saklamak;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň çäginiň serhetlerinde ýer, ýergurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmek üçin milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmak;

- ýerlerinde arheologik mirasyň obýektleri ýerleşen çägi goşup, aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerleri saklamagyň düzgünini üpjün etmek;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň eýesi tarapyndan şertleri bellenilýän milli taryhy-medeni mirasyň obýektine jemagatyň elýeterliligi.

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektleri şu aşakdaky talaplary hökmany ýerine ýetirmek bilen peýdalanylýar:

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň pasportyna goşulan maglumatlara laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektiniň daşky we içki keşbini aýap saklamak;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýerlerinde ýer, ýergurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmek üçin milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmak.

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini peýdalanmak boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň işine gatyşylmagyna ýol berilmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

43-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine bolan döwlet eýeçiligi

  1. Türkmenistanyň çäginde ýerleşen we beýleki subýektleriň eýeçiligi bolup durmaýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri Türkmenistanyň aýratyn eýeçiligi bolup durýarlar.
  2. Döwletiň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini olaryň eýeleri bilen şertnamalar boýunça eýeçilige edinmäge ilkinji nobatda hukugybardyr.
  3. Halkara we umumydöwlet ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine eýesiniň ygtyýarlyklaryny döwletiň adyndan medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerli ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine bolsa – ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary amala aşyrýar.

44-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugyny mejbury çäklendirmek üçin esaslar

    Şu Kanunyň talaplary bozulan halatlarynda Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugy milli taryhy-medeni mirasyň şol obýektini, gurşap alýan tebigy gurşawyň goralmagyny, aýalyp saklanylmagyny, peýdalanylmagyny we ýaýradylmagyny, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmek üçin munuň zerur bolan çäginde mejbury çäklendirilip bilner.

 

45-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanylanda mejbury çäklendirme

  1. Reýestre goşulan we döwlet eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde çäklendirilip bilner.

Eger milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanylanda çäklendirmäniň girizilmek zerurlygyny döreden ýagdaýlar ýa-da şertler düzedilse, bu obýektden peýdalanmagyň tertibi doly möçberde dikeldilýär.

  1. Reýestre goşulan ýa-da ýüze çykarylan, hususy eýeçilikde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy kazyýetiň çözgüdi boýunça çäklendirilip ýa-da bes edilip bilner.
  2. Döwlet eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny çäklendirmek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edarasynyň çözgüdi bilen ýuridik ýa-da fiziki şahs razy bolmadyk mahalynda peýdalanyjy şeýle karara kazyýete şikaýat edip biler.

 

 

 

46-njy madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüzeçykarylan obýektinden peýdalanmakhukugyny bes etmegiň esaslary we tertibi

  1. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugy şu aşakdakylar bolan mahalynda bes edilýär:

- peýdalanyjy peýdalanmak hukugyndan meýletin boýun gaçyran halatynda;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden muzdsuz peýdalanmak ýa-da kärende hukugyna bolan şertnamanyň möhletiniň gutarmagy boýunça;

- fiziki şahs aradan çykan mahalynda ýa-da ýuridik şahsyň işi bes edilen mahalynda;

- şu Kanunda göz öňünde tutulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugy mejbury bes edilen halatlarynda;

  1. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden peýdalanmak hukugyny we milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektinden peýdalanmak hukugyny mejbury bes etmek şu aşakdaky halatlarda gelip ýetip biler:

- peýdalanyjy tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine bilkastlaýyn zyýan ýetirende;

- milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň ýerleşen ýer bölegi döwlet hajatlary üçin alnanda.

  1. Köpçülikleýin eýeçilikde durýan aýry-aýry ýadygärlikler we ansambllar hem-de olaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan ýer bölekleri bölünmäge degişli däldir. Olaryň eýelerine paýlaryny naturada bölmek amala aşyrylmaýar.

 

47-nji madda. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektine bolan eýeçilik hukugyny bes etmek

  1. Reýestre goşulan we hususy eýeçilikde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýekti döwlet tarapyndan töläp almak ýa-da medeni mirasyň obýektlerini goraýan degişli döwlet edarasynyň hödürnamasy boýunça jemagat söwdalaryndan satmak arkaly kazyýetiň karary boýunça bu obýektiň eýesinden alnyp bilner.
  2. Kazyýetde hak isleg bildirmek üçin onuň aýalyp saklanylmagyna wehim salýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň göwnejaý saklanylmazlygy Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektini eýesinden almak hakynda hak islegiň kazyýetde bildirilmegi üçin esas bolup durýar. 

48-nji madda. çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýekti ýerleşen ýer uçastogynaýa-da suw obýektiniň uçastogyna eýeliketmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklary

  1. Eger ýer böleginiň çäklerinde ýa-da suw obýektiniň uçastogynda milli taryhy-medeni mirasyň obýekti ýüze çykarylsa, onda bu ýadygärligiň ýüze çykarylan gününden başlap ýer böleginiň (suw obýektiniň) eýesi ýa-da peýdalanyjy ýüze çykarylan ýadygärligiň abat saklanylmagyny üpjün etmek üçin şu Kanunda bellenen şertleri berjaý etmek bilen özüne degişli ýer bölegine eýelik edýär, peýdalanýar we ygtyýar edýär.
  2. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiwe onuň çäklerinde ýerleşen ýer bölegi (suw obýektiniň uçastogy) raýat dolanyşygynda aýry durýar.

49-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýrybaşgalamagyň tertibi we esaslary

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri döwlet eýeçiliginden aýrylmaga degişli däldirler.
  2. Raýatlaryň we olaryň birleşikleriniň eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýrybaşgalamak we olary peýdalanmak düzgünini üýtgetmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.
  3. Dini ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dini guramalara eýeçilige berlip bilner.
  4. Milli taryhy-medeni mirasyň obýekti ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň bir bölegi bolup durýan ýaşaýyş jaýlary şu Kanunyň talaplaryny hasaba almak bilen Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynda bellenen tertipde aýrybaşgalanyp bilner.

 

IX BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektinden Muzdsuz Peýdalanmak Şertnamasynyň We Kärende

Şertnamasynyň Şertleri

50-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň kärende şertnamasynyň şertleri

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň kärende şertnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda we şu Kanunyň talaplaryny hasaba almak bilen baglaşylýar.
  2. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň kärende şertnamasynda hökmany suratda Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň şol obýektini goramagyň närsesini düzýän aýratynlyklar hakyndaky maglumatlar we şu Kanunda bellenilen ony aýap saklamaga bolan talaplar görkezilýär.
  3. Döwlet eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň kärende şertnamasy medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ýuridik ýa-da fiziki şahsyň arasynda baglaşylýar.
  4. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň kärende şertnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

 

51-nji madda. Reýestre goşulan we döwlet eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektini muzdsuz peýdalanmaga bermek

 

  1. Reýestre goşulan we döwlet eýeçiliginde durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden muzdsuz peýdalanmaga hukuk şu aşakdaky ýuridik şahslara berilýär:

- Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän kärhanalara, guramalara we edaralara;

- işiniň tertipnamalaýyn maksady milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak bolup durýan jemgyýetçilik birleşiklerine;

- çagalar jemgyýetçilik birleşiklerine;

- maýyplaryň jemgyýetçilik birleşiklerine;

- dini guramalara;

- döredijilik birleşiklerine;

- medeniýet çygrynda öz işini amala aşyrýan döwlet edaralaryna.

  1. Reýestre goşulan milli taryhy-medeni mirasyň obýektinden muzdsuz peýdalanmagyň şertnamasynda milli taryhy-medeni mirasyň şol obýektini goramagyň närsesini düzýän aýratynlyklar hakyndaky maglumatlar, şeýle hem ony aýap saklamaga bolan talaplar bolmalydyr.

X BAP. Milli Taryhy-Medeni Mirasyň Obýektlerini Goramak Boýunça Işi Maliýeleşdirmek

52-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasy goramak boýunça işi maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

  1. Şu aşakdakylar milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak boýunça işi maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir:

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

býujetden daşary gelip gowuşýan serişdeler.

  1. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak boýunça işe serişdeleriň peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujetden daşary gaznalar döredilip bilner. 

53-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak boýunça işleri maliýeleşdirmek

  1. ýuridik we fiziki şahslaryň eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak boýunça işler eýeleriň we peýdalanyjylaryň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
  2. Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň çäklerinde ýerleşen senagat we oba hojalyk kärhanalary olaryň işini şobada bes etmek bilen olaryň eýeleriniň serişdeleriniň hasabyna täsir ediş zolaklarynyň çäkleriniň daşyna çykarylmaga degişlidir.
  3. Eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan işi milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän kärhanalar öz işi bilen ýetirýän zyýanynyň derejesine baglylykda öz girdejileriniň 0,1-den 3,0 göterimine çenli milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramagyň ýerli edaralarynyň hasabyna serişde geçirmäge borçludyrlar. ýetirilen zyýanyň derejesi we serişde geçirmeleriň göterimi milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramagyň ýerli edaralary bilen ylalaşylyp, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
  4. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini peýdalanmaga bermekden alynýan serişdeler, ýuridik we fiziki şahslaryň meýletin pul geçirmeleri we sadakalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramaga, aýap saklamaga we ýaýratmaga  gönükdirilýär.

54-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyňobýektlerini aýap saklamak boýunça işlere öz serişdelerini goýan ýuridik wefiziki şahslara ýeňillikleri bermegiň esaslary

  1. Kärende şertnamasy esasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektiniň peýdalanyjylary bolup durýan we öz serişdelerini olary aýap saklamak boýunça işlere şu Kanuna laýyklykda goýýan ýuridik şahslar kärende töleginiň ölçegleri bellenilende ýeňilliklere bolan hukuga eýedirler. Görkezilen ýeňillikleriň häsiýeti we möçberi, olary bermegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
  2. Kärende şertnamasy esasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerinden peýdalanýan täjirçilik bolmadyk guramalar bellenilen kärende töleginiň hasabyna olary aýap saklamak boýunça işlere öz eden harajatlarynyň ýa-da harajatlaryň bir böleginiň öwezini dolmaga bolan hukuga eýedirler. Harajatlaryň öwezini dolmagyň tertibi we möçberi kärende şertnamasy bilen kesgitlenilýär.
  3. Umumydöwlet ähmiýetli obýektler hökmünde Reýestre goşulan we öz serişdeleriniň hasabyna olary aýap saklamak boýunça zerur işleri geçirýän, milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň eýeleri we şertnama esasynda muzdsuz peýdalanyjylar bolup durýan ýuridik we fiziki şahslar öz eden harajatlarynyň öwezini dolmaga bolan hukuga eýedirler. öwez puluny tölemegiň möçberi we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

XI BAP. Jemleýji Düzgünler

55-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

56-njy madda. Jedelleri çözmek

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramagyň we peýdalanmagyň meseleleri boýunça ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

57-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak işinde höweslendiriji çäreler

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlete tabşyrylmagy, peşgeş berilmegi, wesýet edilmegi üçin ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde höweslendirilip bilner.

 

58-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

59-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

  1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
  2. "Türkmenistanyň taryh we medeniýet ýadygärliklerini goramak hakynda" 1992-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunyny gozgalmaýan taryh we medeniýet ýadygärliklerine degişli böleginde güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli (Türkmenistan ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 2, 12-nji madda).

 

Türkmenistanyň                                                                 Gurbanguly

     Prezidenti                                                                  Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry.

№ 341-IV.