Medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak boýunça ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda

 

 “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 10711-nji karary bilen tassyklanan, “Medeniýet we sungat çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnama laýyklykda,              

                                       buýurýaryn:

         1.Şu aşakdakylary tassyklamaly (goşulýar):

1) Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnamany;

2) Medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibini;

3) Hünär synagyny geçirmegiň Tertibini.

  1. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.
  2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ygtyýarlylandyryş we kinowideohyzmat işini guramak bölüminiň başlygy R.Durdylykow gözegçilik etmeli.

 

         Ministr                                      A. Şamyradow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň  Medeniýet ministriniň

2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda

çykaran 286-ö belgili  buýrugy bilen    

tassyklandy

 

Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda

 Düzgünnama

 

  1. Şu Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) Türkmenistanyň “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 10711-nji karary bilen tassyklanan, Medeniýet we sungat çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we Ygtyýarlylandyrmak boýunça topary (mundan beýläk - Topar) döretmegiň we onuň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.
  2. Topar öz işinde “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, “Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 1349-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakynda Düzgünnamany, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 10711-nji karary bilen tassyklanan, Medeniýet we sungat çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem şu Düzgünnamany goldanýar.
  3. Topar Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň buýrugy bilen döredilýär we onuň agzalary kesgetlenilip, düzümi tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Toparyň işini utgaşdyrýar, onuň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Toparyň mejlisine resminamalary taýýarlamagy, onda kabul edilen çözgütleri resmileşdirmegi we maglumatlary Türkmenistanyň degişli fiziki we ýuridik şahslarynyň (mundan beýläk – şahslar) dykgatyna ýetirmegi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň (mundan beläk - Ministrlik) Ygtyýarlylandyryş we kinowideohyzmat işini guramak bölümi amala aşyrýar.

  1. Topar şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1) medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýläk - ygtyýarnama) almaga dalaş edýän şahslaryň (mundan beýläk - ygtyýarnamanyň dalaşgäri) hünär synagyny geçirýär;

2) ygtyýarnama bermek hakynda ýa-da ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda çözgüt kabul edýär;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen Ygtyýarnama bermek hakyndaky arzasynda we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, onuň ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligini barlaýar (mundan beýläk – barlag);

4) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden barlag geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary alýar;

5) barlagyň netijeleri boýunça ykrarnama düzýär;

6) hünär synagynyň netijeleri boýunça beýleki resminamalary resmileşdirýär;

7) hünär synagynyň netijeleri boýunça şikaýatlara seredýär we netije çykarýar;

8) ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Toparyň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

  1. Toparyň düzümine Toparyň başlygy we üçden köp bolmadyk ministrligiň merkezi edarasynyň hünärmenlerinden düzülen Topar agzalary, şol sanda Toparyň kätibi girýär. Şeýle hem Toparyň işine pikirlerini diňlemek üçin ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, guramalaryň tejribeli hünärmenleri gatnaşdyrylyp bilner.

Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur.

  1. Toparyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary bellenilýär.
  2. Toparyň başlygy:

1) Topara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

2) Toparyň işini guraýar;

3) Toparyň mejlisini we hünär synagyny geçirmegiň gününi, wagtyny we ýerini kesgitleýär;

4) Toparyň mejlisinde başlyklyk edýär we mejlisini alyp barýar;

5) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) hem-de teswirnamalaryna gol çekýär;

6) berlen resminamalarda doly däl we şübheli maglumatlar bilen bagly degişli edaralardan zerur maglumatlary sorap alýar;

7) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

8) Toparyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

  1. Topar agzasy:

1) Topara berlen resminamalar bilen tanyşýar;

2) Toparyň mejlislerine gatnaşýar;

3) Toparyň çözgütlerini kabul etmäge gatnaşýar;

4) Toparyň mejlisinde aýratyn pikirini beýan edip bilýär, bu aýratyn pikir Toparyň mejlisiniň teswirnamasynda hökmany görkezilmäge degişlidir;

5) Topar agzalarynyň garamagyna degişli bolan resminamalara gol çekýär.

  1. Toparyň kätibi:

1) barlagy geçirýär we degişli resminamalary resmileşdirýär;

2) geçirilen barlagyň netijeleri boýunça ykrarnamany düzýär;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň barlagdan geçen ýagdaýynda, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnamany düzýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagyny geçirmek üçin bellenen güni, wagty we ýeri barada habar berýär;

4) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň barlagdan geçmedik ýagdaýynda, bu barada dykgatnamany düzýär we barlagyň netijesi boýunça ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda Toparyň çykaran çözgüdi boýunça ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek baradaky netijenamasyny resmileşdirýär;

5) hünär synagynyň geçiriljek güni we wagty barada Topar agzalaryna hem-de ygtyýarnamanyň  dalaşgärine habar berýär;

6) hünär synagy üçin resminamalary we Toparyň mejlisiniň gün tertibiniň beýleki meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar, iş dolandyryjylygy alyp barýar;

7) Toparyň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;

8) Toparyň mejlisiniň teswirnamasyny ýöredýär;

9) ygtyýarnamanyň dalaşgärlerine hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada habarnamany gowşurýar;

10) ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda kabul edilen çözgüt barada üç iş gününiň dowamynda habar berýär;

11) ygtyýarnamalary resmileşdirýär we olaryň sanawyny ýöredýär;

12) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) we teswirnamalaryna gol çekýär;

13) ygtyýarnamanyň dalaşgärleriniň beren şikaýatlarynyň, Toparyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň arhiwini ýöredýär;

14) beýleki tabşyryklary ýerine ýetirýär.

Toparyň mejlisleriniň guralyşyna we geçirilişine Toparyň kätibi jogapkärdir.

  1. Toparyň kätibi bolmadyk halatynda, onuň wezipeleri Toparyň başga agzasyna ýa-da başga hünärmene ýüklenip bilner.
  2. Toparyň mejlisi, eger-de oňa agzalaryň ikiden bir bölegi gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagyny geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.

Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, Toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. Ses bermeklik ygtyýarnamanyň  dalaşgärini gatnaşdyrman geçirilýär.

Ses berlen mahaly ygtyýarnamanyň  dalaşgäriniň  hünäri boýunça bilim derejesi, orta atylýan soraglara dogry we takyk jogaplaryň sany nazara alynýar.

  1. Topar tarapyndan ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmezligi bilen bagly çözgüt çykarylanda “ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüt kabul edildi” ýa-da “ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüt kabul edildi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Toparyň çözgüdinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini ýerine ýetirmäge laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi göni beýan edilýär.

Toparyň çözgüdi Netijenama görnüşinde resmileşdirilýär.

  1. Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we ol Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan tassyklanylýar.
  2. Toparyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär, oňa Toparyň başlygy we kätip gol çekýär.

Teswirnamada hünär synagynyň geçirilen güni we wagty, Toparyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, hünär synagy geçýäniň familiýasy, ady, atasynyň ady, berlen soraglar we olara berlen jogaplar gysgaça beýan edilýär.

  1. Topar tarapyndan kabul edilen çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.
  2. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:

1)  ygtyýarnamanyň dalaşgäri gatnaşmasa;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.

  1. Şu Düzgünnama bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklarTürkmenistanyň kanunçylygy we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

 

   

Türkmenistanyň  Medeniýet ministriniň

2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda

çykaran 286-ö belgili  buýrugy bilen    

tassyklandy

 

Medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak

ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň

Tertibi

           
  1. Şu Medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”  Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 10711 belgili karary bilen tassyklanan Medeniýet we sungat çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de ygtyýarnamany almak maksady bilen, medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýläk – ygtyýarnama) almaga dalaş edýän ygtyýarnamanyň dalaşgäri (mundan beýläk – ygtyýarnamanyň dalaşgäri) babatda barlag geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
  2. Ygtyýarnamanyň berilmeginiň maksady medeniýet we sungat çygrynaky işler amala aşyrylan döwürde döwletiň we taraplaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.
  3. Ygtyýarnama berilmegi hakyndaky arza Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine (mundan beýläk – ministrlik) berilýär.

Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşine degişli ugur boýunça:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň – fiziki şahsyň ýokary, ýörite, orta ýa-da sungat eserlerini, taryhy ýerleri we medeni ýadygärlikleri täzeden dikeltmek boýunça goşmaça bilimli we şu ugurda azyndan 5 (bäş) ýyl iş döwri, şeýle hem hünär derejesi baradaky şahadatnamasy bolan;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri fiziki şahslara - işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşine degişli ugur boýunça görkezilen işleri we hyzmatlary etmek üçin iş ugrunda bilim derejeli we hünär taýdan taýýarlykly azyndan 3 (üç) ýyl iş döwri  bolan;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri ýuridik şahslara - iş birliginiň sanawynda ygtyýarnama laýyklykda, ediljek işiň talaplaryny ödeýän hünärmenleriň azyndan üçüsi bolan.

Medeniýet we sungat çygryndaky iş üçin ministrlikde hünär synagyndan geçen fiziki we ýuridik şahslaryň medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmaga hukugy bardyr.

  1. Ygtyýarnamany almak üçin ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada (mundan beýläk - arza) we oňa  goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlag (mundan beýläk – barlag) geçirilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgärleri şu aşakdaky resminamalary hödürleýärler:

1) ýuridik şahs:

  1. a) ygtyýarnamany almak üçin bellenilen görnüşdäki arzany;
  2. b) esaslansyryş resminamasynyň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

ç) Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

  1. d) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç hatyny ýa-da buýrugyny;
  2. e) ýuridik şahsyň işgär wezipe sanawynda durýan, medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň resminamalaryny;

ä) medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň dalaşgärinde jaýyň barlygyny (eýeçilik, kireýne ýa-da başga kanuny esasda oňa degişliligini) tassyklaýan resminamalaryň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

  1. f) onuň wezipe sanawynda duran, medeniýet we sungat çygryndaky işini amala aşyrjak fiziki şahslar barada maglumatlary goşýar.

2)  fiziki şahs:

  1. a) ygtyýarnamany almak üçin bellenilen görnüşdäki arzany;
  2. b) maglumatlaryň möçberinde sowalnamany (mundan beýläk - sowalnama;

ç)  pasportyň nusgasyny;

  1. d) diplomyň we bilimi hakyndaky beýleki resminamalaryň bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgalaryny;
  2. e) zähmet depderçesiniň bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny goşýar.
  3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen resminamalardan başga işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça şu aşakdaky goşmaça möhüm maglumatlary tassyklaýan resminamalar goşulmalydyr:

1) 90.04 şertli belgisi (kody) boýunça - diňe konşertleri guramak we geçirmek, sazly agşamlary, döredijilik duşuşyklaryny we banketleri gurnamak işlerini amala aşyrjak bolsa:

  1. a) hünärmenleri bilen bagly: teatr, aýdym-saz, tans, režisýorlyk ugurlary boýunça ýörite biliminiň, 3-ýyl iş döwriniň (ýuridik şahslar üçin bu talaplary ödeýän 3-sany işgäriniň) bardygyny tassyklaýan resminamalar;
  2. b) enjamlar bilen bagly: saz gurallaryny, mikrofonlary, ses gataldyjy enjamlary, ses ýazyjy enjamlary, enjamlary saklamak üçin niýetlenen ýagtylyk, çyglylyk şertlerine gabat gelýän otagyň bardygyny tassyklaýan resminamalar;

       ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.

         2) 90.03 şertli belgisi (kody) - diňe döwlet nyşanlaryny alamatlandyrýan, Konstitusiýada kesgitlenen material-şekillendiriş esbaplarynyň öndürilişi, hususy, köpçülikleýin, göçme we beýleki görnüsli sergileri we sungat önümleriniň söwdasyny guramak; monumental we çeper-bezeg işlerini (witrina, mozaika, skulptura, ýazgylar, görkezijiler, dizaýn we beýlekiler) amala aşyrjak bolsa:

  1. a) hünärmenler bilen bagly: dizaýner, hudožnik, çyzgy, arhitetkor, kompýuterde çyzgylar (Corel Draw), modelýer, elektrik ugurlary boýunça ýörite biliminiň, 3 ýyl iş döwriniň, ýuridik şahslar üçin agzalan talaplary ödeýän 3-sany işgäriniň bardygyny tassyklaýan resminamalar;
  2. b) enjamlar bilen bagly: elektrokesiji (bolgarka), elektrodrel, kompýuter, gaýçy, çekiç, merdiwan, atagzy we ş.m. gurallarynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar;

ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.

         3) 93.21 şertli belgisi (kody) - diňe attraksionlaryň, medeni we dynç alyş seýilgähleriniň (olaryň cäklerinde hereket edip biljek dynç alyş, gezelençler ücin niýetlenen demir ýollaryň ulanylmagyny hem goşmak bilen) işleri amala aşyrjak bolsa:

  1. a) hünärmenler bilen bagly: inžener-mehanik, elektrik enjamlaryny abatlaýjy ugury boýunça ýörite biliminiň, 3-ýyl iş döwriniň, ýuridik şahslar üçin agzalan talaplary ödeýän 3-sany işgäriniň bardygyny tassyklaýan resminamalar;
  2. b) enjamlar bilen bagly: karuselleriň, sallançaklaryň, elektrik hereketlendirijili maşynlaryň, batudlaryň, demir ýol wagonjyklarynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar;

ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.

         4) 91.03 şertli belgisi (kody) - diňe sungat eserleriniň, taryhy ýerleriň we medeni ýadygärlikleriň dikeldiş işlerini amala aşyrjak bolsa:

  1. a) hünärmenler bilen bagly: gurluşykçy-inžener, binagärlik ugry boýunça ýörite biliminiň, 5-ýyl iş döwriniň, rejeleýji-ussanyň derejesi baradaky şahadatnamasynyň, ýuridik şahslar üçin agzalan talaplary ödeýän 3-sany işgäriniň bardygyny tassyklaýan resminamalar;
  2. b) enjamlar bilen bagly: elektrokesijiniň (bolgarkanyň), elektrodreliň, elektrolpbzik, sirkulýaryň agaç kesiji stanogyň, generatoryň, kebşirleýji apparatyň, kompýuteriň bardygyny tassyklaýan resminamalar;

ç) resminamalar bilen bagly: eýeçilik baradaky resminamasynyň ýa-da kärende şertnamasynyň, hususy telekeçini bellige alyş şahadatnamasynyň, patentiň (ýuridik şahslar üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, Tertipnamasynyň), häkimlikden iş tertibi babatynda ylalaşygyň, ýangyn howpsuzlyk kepilnamasynyň, arassaçylyk kepilnamasynyň, döwlet standartlaryna degişli howpsuzlyk we laýyklyk sertifikatlarynyň, bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan resminamalar.

Şeýle-de diňe döwlet nyşanlaryny alamatlandyrýan, Konstitusiýada kesgitlenen material-şekillendiriş esbaplarynyň öndürilişi, hususy, köpçülikleýin, göçme we beýleki görnüsli sergileri we sungat önümleriniň söwdasyny guramak; monumental we çeper-bezeg işlerini (witrina, mozaika, skulptura, ýazgylar, görkezijiler, dizaýn we beýlekiler) we diňe sungat eserleriniň, taryhy ýerleriň we medeni ýadygärlikleriň dikeldiş işleriniň hiline bildirilýän talaplara laýyk gelýändigine gözegçilik etmegiň, Ygtyýarlandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüşdäki tertibiň ýola goýlandygy baradaky maglumatlar hem görkezilmeli.

Barlag geçirilende:

1) bulardan başga-da ygtyýarnamanyň dalaşgärinden beýleki zerur  resminamalar, düşündirişler we maglumatlar soralyp we alnyp bilner;

2) geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama (mundan                      beýläk - ykrarnama) düzülýär;

3) beýleki zerur hereketler amala aşyrylýar.

  1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäri hakyndaky maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilşine ministrlikde döredilen Ygtyýarlylandyrmak boýunça Toparyň kätibi tarapyndan bellenilen tertipde barlag geçirmegi amala aşyrýar.

7.Ygtyýarnamanyň dalaşgäri barlaglar geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ministrlige bermäge borçludyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan arza goşulýan bellenilen görnüş boýunça sowalnamada (şu Tertibe goşundy) görkezilen maglumatlar degişli resminamalar bilen tassyklanylmalydyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň familiýasy, ady, atasynyň ady üýtgän halatynda, familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň üýtgedilendigi hakynda şahadatnamanyň nusgasyny hem-de bellenilen tertipde doldurylan ygtyýarnamanyň dalaşgäri baradaky maglumatlar goşulmalydyr.

Berlen maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna fiziki şahsyň özi  hem-de maglumatlary hödürleýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysy jogap berýärler.

  1. Barlag geçirilende ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň beren resminamalaryndaky maglumatlaryň dolulygy we dogrulugy hem-de ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi barlanylýar.

Geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama taýýarlanylyp, Topar tarapyndan gol çekilýär hem-de şu aşakdaky resminama düzülýär:

1) resminamalaryň barlagynyň netijesi kanagatlanarly bolan halatynda, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnama düzülýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagy geçirilýän güni, wagty barada Toparyň kätibi tarapyndan habar berilýär;

2) resminamalar barlagdan geçmedik ýagdaýynda, hünär synagyna goýbermekden ýüz döndermek barada dykgatnama düzülýär we barlagyň netijesinde ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär.

Kabul edilen çözgüt boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek baradaky netijenamasy resmileşdirilýär we oňa Topar tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan tassyklanylýar.

  1. çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň içinde kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine Toparyň kätibi tarapyndan ýazmaça görnüşde habar berilýär.
  2. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklarTürkmenistanyň kanunçylygy we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň  Medeniýet ministriniň

2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda

çykaran 286-ö belgili  buýrugy bilen    

tassyklandy

 

Hünär synagyny geçirmegiň

Tertibi

 

  1. Şu Hünär synagyny geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran    10711-nji karary bilen tassyklanan “Medeniýet we sungat çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýlek - Ygtyýarnama) almak maksady bilen, medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
  2. Hünär synagyndan geçmek medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrjak fiziki şahslara işiň şu görnüşini amala aşyrmak üçin hökmany şert bolup durýar.
  3. Hünär synagy medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alýan şahslar (mundan beýläk - ygtyýarnamanyň dalaşgäri) üçin geçirilýär.

ýuridik şahs medeniýet we sungat çygryndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alan halatynda, onuň işe kabul edýän fiziki şahslary ygtyýarlylandyrýan işi amala aşyrmak üçin bellenen tertipde öň hünär synagyndan geçmedik bolsalar, onda olar  hünär synagyny tabşyrýarlar.

  1. Hünär synagy Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň buýrugy bilen döredilen Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminamalardaky görkezilen maglumatlary barlamak, maglumatlaryň Düzgünnamada bildirilýän ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmegini seljermek, hünär synagyny geçirmek we ygtyýarnamalynyň işini barlamak boýunça ygtyýarlylandyryjy barlag topary (mundan beýläk - Topar) tarapyndan geçirilýär.
  2. Hünär synagyna şu aşakdakylar goýberilmeýär:

1) Türkmenistanyň  kanunçylygyna  laýyklykda  ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzasynda we oňa  goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligi bilen bagly barlagdan (mundan beýläk – barlag) geçmedik bolsa;

2) öň  hünär  synagyna  göýberilip,  ony  tabşyryp  bilmedik   pursatyndan azyndan 6 (alty) aý geçmedik bolsa;

3) ygtyýarnamasyz  işi  amala  aşyrylandygy  üçin  kazyýetiň  çözgüdi çykarylandan soň ýa-da şunuň bilen bagly jerime ulanylandan soň 1 (bir) ýyl geçmedik bolsa;

        4) kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen bolsa;

5)  öň ygtyýarnamasy kazyýet tarapyndan ýatyrylan bolsa.

  1. Hünär synagyny geçirmegiň güni şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:

1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň mejlise gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hünär  synagyny başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;

3) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.

  1. Eger hünär synagyna goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäri bellenen möhletdäki hünär synagyna gatnaşyp bilmejek bolsa, onda ol hünär synagynyň geçiriljek gününden öň bir günden gijä galman gatnaşyp bilmeýändiginiň sebäplerini düşündirmek arkaly, hat üsti bilen habar bermelidir. Şu halatda ygtyýarnamanyň dalaşgäri nobatdaky hünär synagyna goýberilmek meselesini çözmek üçin synaga gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamalary görkezmelidir.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gatnaşmadyk, sebäpleriň esaslydygyny tassyklaýan resminamany görkezip bilmedik ýa-da hünär synagyna gatnaşmakdan ýüz dönderen halatynda, ol hünär synagyndan geçmedi diýlip hasaplanylýar we bu barada Hünär synag kagyzynda ýazgy edilýär.

  1. çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň dowamynda Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine Toparyň kätibi tarapyndan ýazmaça görnüşinde habar berilýär.
  2. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalaryny görkezenden soň goýberilýär.

Esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gijä galan ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna gelmedi diýlip hasaplanylýar we onuň gaýtadan beren arzasy esasynda ol Toparyň nobatdaky mejlisine goşulýar. Ilki başdaky beren arzasy bellenilen möhletlere laýyklykda ýapylýar.

  1. Hünär synagy synaga goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünär derejesini barlamak arkaly geçirilýär. Onuň hünär taýýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça barlanylýar.
  2. Kesgitlenen görnüş boýunça hünär synagynyň synag sowalnamalaryndaky soraglar Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.
  3. Hünär synagynda synag sowalnamasynyň jogaplary şu görnüşlerde kabul edilip bilner:

1) ýazmaça görnüşinde;

2) ýazmaça we dil üsti bilen berlen jogaplar görnüşinde;

  1. Synag sowalnamalar boýunça hünär synagy tabşyrylanda, hünär synagyny geçýän synagyň soraglary boýunça düzülen synag sowalnamasyny çekýär. Taýýarlyk wagty tamamlanandan soň Topar hünär synagyny geçýäniň jogaplaryny diňleýär we onuň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi hakynda netije çykarýar. Hünär synagyny geçýäniň bilimine onuň berlen soraglara dogry we doly jogap berişinden ugur alyp, Topar tarapyndan baha berilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgärine Topar tarapyndan goşmaça soraglar hem berlip bilner.

  1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag sowalnamasynda bolan soraglara ýazmaça görnüşde jogaplary synag kagyzynda ýazýar.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag kagyzynda öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we synag sowalnamasynda bar bolan soraglara jogaplaryny beýan edýär.

Synag kagyzy aýratyn topluma jemlenilýär we saklanylýar.

  1. Synag sowalnamasyny doldurmagyň tertibini synagdan geçýäniň dykgatyna Toparyň kätibi tarapyndan ýetirilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçirilen mahaly ýazan ýazgysyny we oňa girizilen düzedişleri öz goly bilen tassyklaýar.

  1. Hünär synagy geçirilýän mahaly ygtyýarnamanyň dalaşgärine kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, düşündiriş beriji we ýörite edebiýatdan, aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak, beýleki ygtyýarnamanyň dalaşgärleri bilen gepleşmek gadagan edilýär.

Bu talaplary bozan ygtyýarnamanyň dalaşgäri Toparyň mejlisler zalyndan çykarylýar we hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

  1. Keseki adamlara hünär synagyna gatnaşmak gadagan edilýär.
  2. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag sowalnamasynda goýlan soraglaryň we goşmaça berlen soraglaryň köpüsine jogap berip bilmese, ol hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.
  3. Hünär synagynyň netijeleri boýunça Hünär synagy kagyzy (şu Tertibe goşundy) resmileşdirilýär. Hünär synagyň netijeleri boýunça Topar tarapyndan “hünär synagyndan geçdi” ýa-da “hünär synagyndan geçmedi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Hünär synagy kagyzyna Topar tarapyndan gol çekilýär. Hünär synagyň kagyzy Toparyň Ygtyýarnamany bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakyndaky netijenamasynyň ýanyna goşulýar we ygtyýarnamanyň dälaşgäriniň şahsy işinde saklanylýar.

  1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada Toparyň kätibi tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça habar berilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmedik halatynda, hünär synagyndan geçmedik pursatyndan azyndan 6 (alty) aý geçenden soň gaýtadan ýüz tutup biler.

  1. Hünär synagynyň netijeleri boýunça Topar tarapyndan çykarylan çözgüt gutarnyklydyr.
  2. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklarTürkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.