Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 

25-ö belgili buýrugy bilen 

tassyklandy

                            

 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylarynyň hünär derejeleri hakynda 

 

DÜZGÜNNAMA

 

I bap. Umumy düzgünler

 

  1. Şu Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylarynyň hünär derejeleri hakynda Düzgünnama (mundan  beýläk – Düzgünnama) Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynyň 183-nji bendine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 1349-njy karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň (mundan  beýläk – Ministrlik) garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylaryna hünär derejelerini bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.

  1. Şu Düzgünnamanyň kadalary Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylaryna (mundan beýläk – tansçylar) degişli bolup durýar.
  2. Şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
  3. Tansçylara hünär derejeler tans sungatyny kämilleşdirmek, olaryň öz işlerine bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen berilýär.
  4. Tansçylara hünär derejeleri hünär synagyny geçirmek arkaly berilýär. Hünär synagy Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň buýrugy bilen döredilen we düzümi tassyklanan Tansçylaryň hünär synagyny geçirmek boýunça topar (mundan beýläk – Topar) tarapyndan geçirilýär. Toparyň düzümi Toparyň başlygyndan, agzalaryndan we kätibinden ybarat bolup durýar.
  5. Hünär synagynyň esasy wezipeleri:
  6. hünär synagynyň netijesi boýunça hünär synagyndan geçen tansçylara hünär derejesini bermek;
  7. tansçylaryň tansçylyk ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmäge höwes döretmek bolup durýar.
  8. Tansçylara şu aşakdaky hünär derejeler berilýär:
  9. “II hünär derejeli tansçy”;
  10. “I hünär derejeli tansçy”;
  11. “ýokary hünär derejeli tansçy”;
  12. “Tans ussady”.
  13. Şu Düzgünnamanyň ýedinji böleginde görkezilen hünär derejeler degişlilikde şu tansçylara berilýär:
  14. iş tejribesi bolan höwesjeň tansçylara;
  15. ýokary we orta hünär bilimi bolan tansçylara;
  16. ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlan tansçylara;
  17. çagalar sungat mekdeplerini tamamlan tansçylara;
  18. tans goýujylara, folklor, tans toparynyň çeper ýolbaşçylaryna;
  19. balet artistlerine, baletmeýsterlere, balet boýunça repetitorlara;
  20. tans mugallymlaryna, halypa tansçylara.

 

II bap. Tansçylara hünär derejelerini bermek boýunça resminamalary hödürlemek we seljermek

 

  1. Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylaryna hünär derejelerini bermek boýunça degişli resminamalar şol guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan gönüden-göni Ministrlige hödürlenýär.

Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylaryna hünär derejeleri bermek boýunça resminamalar şol toparlaryň ýolbaşçylary tarapyndan ýokary guramasy bolup durýan Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylarynyň üsti bilen Ministrlige hödürlenýär.

  1. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda aýrylmadyk zähmet düzgün-nyzam temmileri bar bolan tansçylar hünär derejesiniň berilmegi üçin hödürlenilmeýär.
  2. Tansçylar hünär derejesini bermek üçin hödürlenende, degişlilikde Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de beýleki edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Ministrlige tansçy babatda şu görkezilen resminamalar hödürlenýär:
  3. erkin görnüşde beýan edilen hödürnama;
  4. 3x4 ölçegdäki 8 (sekiz) sany foto surat;
  5. häsiýetnama (Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalarynyň, Türkmenistanyň ministrliklerinyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de beýleki edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilip, möhür bilen tassyklanan);
  6. tansçy baradaky maglumatlar;
  7. pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;
  8. hünär bilimi hakynda diplomyň ýa-da bilimi hakyndaky beýleki resminamalaryň kanunçylykda bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgalary;
  9. zähmet depderçesiniň kanunçylykda bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;
  10. tansçynyň mynasyp bolan döwlet baýraklarynyň, sylaglarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijisi bolandygyny tassyklaýan resminamalaryň (eger bar bolsa) kanunçylykda bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgalary.
  11. Şu Düzgünnamanyň on birinji bölegine laýyklykda hödürlenen resminamalaryň we maglumatlaryň dolulygy hem-de dogrulygy resminamalaryň hödürlenen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda Ministrligiň degişli bölümi tarapyndan barlanylýar.

Hödürlenilen resminamalar göwnejaý ýagdaýda resmileşdirilmedik ýa-da resminamalaryň doly bolmadyk toplumy berlen ýa-da resminamalarda ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatlarynda, resminamalar toplumy agzalan ýagdaýlaryň ýüze çykarylan gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalaryna, Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna düzetmek üçin yzyna gaýtarylýar.

  1. Hödürlenen resminamalar talabalaýyk bolan ýagdaýynda, Ministrligiň degişli bölümi tarapyndan şol resminamalar 2 (iki) iş gününiň dowamynda Topara geçirilýär.

 

III bap. Hünär synagyny geçirmegiň tertibi

 

  1. Hünär derejesi bar bolan tansçylary indiki hünär derejesine hödürlemeklik öňki hünär derejesi berlen gününden 3 (üç) ýyl geçenden soň amala aşyrlyp bilner.
  2. Hünär synagyna goýberilýändigi barada tansçylara, degişlilikde Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň üsti bilen, Toparyň kätibi tarapyndan habar berilýär. Şonda hünär synagynyň geçirilýän güni, wagty we ýeri mälim edilýär.

Hünär synagyna esasly sebäpler bolmazdan gatnaşmadyk ýa-da gatnaşmazlygyň sebäbiniň esaslydygyny tassyklaýan resminamalar berilmedik halatynda, tansçy hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanýar we Topar tarapyndan hünär synagyndan geçmändigi barada çözgüt kabul edilýär. Bu çözgüt barada tansçylara degişlilikde Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň üsti bilen ýazmaça görnüşinde Toparyň kätibi tarapyndan habar berilýär.

  1. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:
  2. hünär synagyna tansçy gatnaşmasa;
  3. tansçy hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.
  4. Hünär synagyny geçirmegiň senesi şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:
  5. saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde tansçynyň gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;
  6. tansçy tarapyndan hünär synagynyň başga güne geçirilmegi haýyş edilip, synagyň geçirilmeginden azyndan üç iş güni öňünden resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;
  7. beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.
  8. Hünär synagy synaga goýberilen tansçynyň tans ukybyny barlamak arkaly geçirilýär. Hünär synagynda “Tans ussady” diýen hünär derejesine hödürlenilýän tansçylaryň döredijilik iş tejribesi, mynasyp bolan döwlet baýraklary, sylaglary ýa-da hormatly atlary göz öňünde tutulýar.
  9. Toparyň mejlisi, eger oňa agzalaryň ýarysyndan köpüsi gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagy geçirmeklige we synagyň netijesi boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.

Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. 

Ses berlende synagdan geçýäniň işlän wagty, iş tejribesi, häsiýetnamasy we hödürnamasy, zehini, şeýle hem ozalky alan hünär derejesi nazara alynýar.

  1. Topar tarapyndan tansça hünär derejesini bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär. Toparyň çözgüdi Toparyň kätibi tarapyndan teswirnama bilen resmileşdirilýär. Teswirnama Toparyň başlygy, mejlise gatnaşan agzalary we kätibi tarapyndan gol çekilýär. Toparyň çözgüdi Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan tassyklanýar.
  2. Topar tarapyndan tansça hünär derejesini bermek hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan degişli hünär derejesini bermek hakynda buýruk çykarylýar we tansça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylaryna hünär derejesiniň berlendigi hakynda Şahadatnama (şu Düzgünnama goşundy) berilýär.

 

IV bap. Hünär synagynda tansçylara bildirilýän talaplar

 

  1. Tansçylar şu Düzgünnamanyň ýigrimi üçünji-ýigrimi altynjy böleklerinde görkezilen talaplar boýunça degişli hünär derejelerine hödürlenilýär.
  2. Tansçylara “II hünär derejeli tansçy” hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine laýyk gelmelidir:
  3. tans ugrundan 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  4. tans ugrundan ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlamagy;
  5. tans ugrundan çagalar sungat mekdebini tamamlamagy;
  6. tans ugrundan ýokary we orta hünär bilim edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlaryna gatnaşmagy;
  7. tans toparynyň işine we ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy.

Aýratyn ýagdaýlarda, tebigy zehin ussatlygyna, iş başarjaňlygyna we ýerine ýetiren tanslarynyň ýokary çeperçilik derejesine seredip, 3 (üç) ýyl iş tejribesi bolmadyk, emma tans gurnaklarynda, toparlarynda dowamly gatnaşan tansçylara hem “II hünär derejeli tansçy” hünär derejesi berlip bilner.

  1. Tansçylara “I hünär derejeli tansçy” hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenilýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine laýyk gelmelidir:
  2. tans ugrundan 5 (bäş) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  3. tans ugrundan ýokary ýa-da ýörite orta hünär okuw mekdebini tamamlamagy;
  4. tans ugrundan ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlap, 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  5. tans ugrundan çagalar sungat mekdebini tamamlap, 3 (üç) ýyl iş tejribesi bolup, tans çykyşlaryna yzygiderli gatnaşmagy, ukyply bolup, geljekde tans sungatyny ösdürmäge öz goşandyny goşup bilmegi, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy.
  6. Tansçylara “Ýokary hünär derejeli tansçy” hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenilýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine laýyk gelmelidir:
  7. tans ugrundan 10 (on) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  8. tans ugrundan ýokary okuw mekdebini tamamlap, 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  9. tans ugrundan ýörite orta hünär okuw mekdebini tamamlap, 5 (bäş) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  10. tans ugrundan ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlap, 7 (ýedi) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  11. tans ugrundan çagalar sungat mekdebini tamamlap, 7 (ýedi) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
  12. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy;
  13. öz sungaty bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň köpüsinde çykyş edip, esasy keşpleri döreden we gowy netije görkezip bilen hünärmen bolmagy.
  14. Tansçylara “Tans ussady” hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenilýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine  laýyk gelmelidir:
  15. tans ugrundan 15 (on bäş) ýyl iş tejribesi bolan;
  16. tans ugrundan ýörite professional bilimli, professional balet artisti, tansçy, çeper ýolbaşçy, baletmeýster bolup işlän, şägirt ýetişdirip halypalyga ýeten;
  17. goýan tanslary tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan;
  18. ýurdumyzda we daşary ýurt döwletlerinde birnäçe bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelän;
  19. ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşan hem-de döwlet baýragyna we sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan görnükli tansçy bolmagy.
  20. Hünär synagy geçirilende tansçylara hünär derejelerini bermegiň yzygiderlilik ýörelgesi berjaý edilmelidir, ýagny “II hünär derejeli tansçy” hünär derejesi bolmadyk tansçynyň “I hünär derejeli tansçy” hünär derejesine, “I hünär derejeli tansçy” hünär derejesi bolmadyk tansçynyň “Ýokary hünär derejeli tansçy” hünär derejesine, “Ýokary hünär derejeli tansçy” hünär derejesi bolmadyk tansçynyň “Tans ussady” hünär derejesine hödürlenilmegine ýol berilmeýär.

Aýratyn ýagdaýlarda, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan tansçylar “Ýokary hünär derejeli tansçy” hünär derejesine, döwlet baýraklaryna we sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan ýaşuly halypa tansçylar bolsa, “Tans ussady” hünär derejesine, hünär derejelerini bermegiň yzygiderlilik ýörelgesinden ugur alman hödürlenip bilner, şunda bu mesele toparyň garamagynda galdyrylýar.

 

V bap. Hünär synagynyň jemi

 

  1. Hünär synagynyň jemi boýunça Ministrlik tarapyndan Toparyň hünär derejesini bermek hakynda çykarylan çözgüt barada, onuň çykarylan gününden başlap, 5 (bäş) iş gününiň dowamynda, degişlilikde Ministrligiň garamagyndaky medeniýet guramalaryna hem-de Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we beýleki edaralaryna, kärhanalaryna, guramalaryna habar berilýär.
  2. Toparyň çözgüdi bilen ylalaşmadyk tansçylar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kazyýete ýüz tutmaga haklydyrlar.
  3. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, Tansçylara berlen hünär derejesi üçin zähmete hak tölemegiň möçberini bellemek işgärleriň hünär derejesine, olaryň edýän işiniň çylşyrymlylygyna we dartgynlylygyna, iş şertlerine, sarp edilen mukdaryna we hiline baglylykda amala aşyrylýar we iş beriji tarapyndan tölenilýär.

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2022-nji ýylyň «18-nji» fewralyndan

1563 bellige alyş belgisi bilen

döwlet belligine alyndy