Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti geçirilýär


Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti geçirilýär



2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerinde bilim alýan çagalaryň we ýaş ýetginjekleriň gatnaşmagynda şu ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertini geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertiniň repertuarynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň meşhur eserleri ýaş ýerine ýetirijiler tarapyndan tomaşaçylara ýetiriler. Konserdiň dowamynda simfoniki orkestriň sazandarlyk etmeginde aýdymçy-sazandalaryň, tansçylaryň ýekelikdäki hem-de çagalar hor toparlaryň çykyşlary meýilleşdirilýär.