Üns beriň, bäsleşik!
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda, halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň el işlerine degişli görnüşlerini ýüze çykaryp hasaba almak, olara degişli bolan maglumatlary halk arasyndan toplamak, resmileşdirmek boýunça ýerli hünärmenleri, höwesjeňleri, mirasgärleri bu işe çekmek we bu ugurda täze zehinleri ýüze çykarmak, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän el işleriniň gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksady bilen «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşige 18 ýaşdan ýokary bolan dürli kärde zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar, talyplar el işlerine degişli maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň beýany we mazmuny boýunça maglumatlar toplumyny taýýarlap, gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar el işlerine degişli maglumatlary toplap, 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligine tabşyrmaly.
Salgysymyz: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-01-16 / 44-01-99/