logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Maral GULMÄMMEDOWA (1926-2020)
23.04.2025

Maral Gulmämmedowa 1926-njy ýylyň ýanwar aýynyň 2-sinde Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Ol opera artisti, (soprano). Türkmenistanyň at gazanan artisti (1964), Türkmenistanyň halk artisti (1976).

Nurmyrat SARYHANOW (1906 - 1944)
23.04.2025

Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Aşgabadyň etegindäki Gökdepe obasynda dünýä inýär. Ol ilki Aşgabadyň politehnikumyny, soňra Daşkent uniwersitetini tamamlaýar. Şol mahallarda ol gazet-žurnallaryň redaksiýalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

Goçmyrat BEKIÝEW (1965–2010)
23.04.2025

Goçmyrat Bekiýew 1965-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde eneden dogulýar. Ol drama we kino aktýory, režissýor.

Gurbangözel KERIMOWA (1940–2020)
23.04.2025

Gurbangözel Kerimowa 1940-njy ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde eneden dogulýar. Ol drama we kino artisti.

Maşdy GULMÄMMEDOW (1921–1963)
23.04.2025

Maşdy Gulmämmedow 1921–nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda eneden dogulýar. M.Gulmämmedow – teatr režissýory.

Allanazar GURBANOW (1905–1980)
23.04.2025

Allanazar Gurbanow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 1905-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde eneden dogulýar.Ol teatr režissýory. Türkmenistanyň at gazanan artisti.

Çary MYRADOW (1920–1995)
23.04.2025

Çary Myradow 1920-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Ol drama teatrynyň režissýory. 1967-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri bolýar.

Çary MOMMADOW (1932-1997)
23.04.2025

Çary Mommadow 1932-nji ýylyň maý aýynyň 4-inde Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň M.Amaşa obasynda eneden dogulýar. Ol drama aktýory, režissýor. Çary Mommadowa 1993-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at berilýär.

Geldi SEÝDIÝEW (1940–1995)
23.04.2025

Geldi Seýdiýew 1940-njy ýylyň noýabr aýynyň 9-ynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde eneden dogulýar.

Şamuhammet AKMUHAMMEDOW (1937–2010)
23.04.2025

Şamuhammet Akmuhammedow 1937–nji ýylyň awgust aýynyň 8-inde Mary welaýatynyň Mary şäherinde eneden dogulýar. Ol teatr we kino suratkeşi, nakgaş. Şamuhammet Akmuhammedowa 1987-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly atlar dakylýar.